Degişme goşgy
(Degişme goşgy)
Sen sen diyip ahurup, gezsem jahany dilber,
. Seň ugruňda maýyrdym mamaş-pahany dilber,
Birje köpük pulum ýok, aýtja bahaňy dilber,
Galyň diýip terk etdim, dini-suwhany dilber,
Öz bahaňy özüň kesdiň, ýakdyň bu jany dilber.
Ejem pahyr seň ugruňda çigit satyp yglap ýör,
Kakam pahyr ýarmarkada alyp-satyp ýygnap ýör,
Öýlenmedik bäş inim bar, olar murtun ýaglap ýör,
Günde-günde unaş içip içegesin daglap ýör,
Çyra ýakman tygşyt kylýas, oturýas tümde dilber.
Spisogňy gören bada ejem pahyr çaşypdyr,
Öýdäki aç siňeklerem oň daşyna üýşüpdir,
Bolupdyr bir başagaýlyk, goňşy-golam süýşüpdir,
Ýakalarna tüýkürşip, “Toba-toba!” diýşipdir,
Näme kastyň barmydy señ ejem pahyrda dilber.
10-ja sany pombarhyt, 10 krimplin symlanan,
10-y “gyraw”, “gurultaý”, “samolýotdan sallanan”,
10 “trikotin”, balak ýüp, 10-ja tahýa güllenen,
“Äbermeseň barjak däl”, 10 “sandykda sygyran”,
Hersem 100-den aňyrda, kak že ýa kuplýu dilber?
Karz pul diýip çarh urýas, gezýäris oba-oba,
“Pombarhyt barmyş!” diýip turist gitda Lwowa,
Podmoskowýä, Odessa, Truskawese, Tambowa,
Leningrada, Riga, Krasnodara, Pskowa,
“Kulhuwallany” lenç edýäs, tutulman gelsin dilber!
Ýat boldy manty, palaw, iýýänmiz şurruk çorba,
Bir agzyma gara nan, ýene birine ýarma,
Indi halys ýetdirdik biz, herimizde bir torba,
Çakyr süňke öwrüldik biz, görenler kylýar toba,
Äpet göwräm kiçelip, boldum sklet dilber.
Kakam pahyr ölüp galdy, garry bili epildi,
Ejem eşitmesini goýdy, sag gulagy gapyldy,
Damakgandan ätlän ýaly kakyn-silkin tapyndy,
Menem özümi asjak, tapsam ýogyn ýüp indi,
“Galyň üçin öldi” diýip gazetde çykar dilber!
Galyň diýme, ýataýyn gurruk guýy-ýamada,
Zarpa ylgap çykaýyn dokuz etaž tamada,
Plawkaly gideýin 40 gradus BAM-ada,
Maýmyn ýaly gezeýin, päki urman tüýmede,
Rehim delaý, çýort wozmi, skolko možno, dilber?!
Dagdan daşy daşa diýseň, dişläp-dişläp daşaýyn,
Aşagyma düşek edip kesgir çüýşe düşäýin,
Zynjyr bilen baglasalar, şonam kertip boşaýyn,
Nan ýerne plastmas ber, hakyt şonam iýeýin,
Oda gaçan gyl ýaly mürşerip galdym dilber.
Hoçeş, poýdu broşus, demir poýezd öňüne,
Diýseň peşkom podnimus, Gemalaýyñ dagyna,
Parly banýadan çykyp, bökjek suwuň doňuna,
Gaplaň hüññürdap durar, oklasalar öňüme,
Sama budeş winowata, men ony iýsem dilber!
Sen towar däl, men – alyjy, zaçem menýa muçaýeş,
Nany agzymdan iýýän, senem şondan kuşaýeş,
Söýgi satyn alnanok, ty çto-to putaýeş,
Çeker ýaly bolan däldir, men garyba ýaşaýyş,
Luçşe budet tak öýlensek, k çýortu halym, dilber!
Eger indem ýok diýäýseň, alaryn men Maşany,
Türkmen çorba hökmanmy, budu kuşat kaşany,
Ors mollasy nika gyýar, nämedeýin işany,
Bir goltukda Maşany, beýlekide Mişany,
Gysyp ýatjak gujagymda, takim obrazom dilber.
Soň dul galsaň menden görme, ýeke köpük barym ýok,
91-nji ýyldan bäri, zarym bar-da, zorum ýok,
Sen bolmasaň göwnüm aglar, özge bilen ugrum ýok,
Asman-zemin arasynda senden başga ýarym ýok,
Rehim eýle, tükgertme, AMAN Saryny dilber!
AMAN SARY
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.