ÝALŇYŞLYK
Ümsümlik.
Başlanýar durmuş.
Daşyndan seretseň, kiçijek sahna.
Şeýle bir talapkär synçy nazarlaň
Öňünde durun.
Ýene-de birnäçe sorag-jogaplar,
Kakuw. Perde. Sazlaşykly ritm...
Duýman galýan sazly dünýä siňýänim.
Diýýänsiň içiňden: “Bu şeýle täsin”
Kakuwlar bildirmez perdäň ýalňyşyn
(Göräýmäge aňsat ýaly ähli zat).
Ýöne sägineniň duýman galarsyň
Ýekeje heňe,
Owaza garylan mähriban söze.
Birden bar sazlaşyk dymýan ekeni.
Bozulýar ritm,
saklanýar perde.
Tolgunmak. Ýalňyşlyk.
“Mugallym” deregine
“Eje! Wiý...”
Başlanýar durmuş.
Daşyndan seretseň, kiçijek sahna.
Şeýle bir talapkär synçy nazarlaň
Öňünde durun.
Ýene-de birnäçe sorag-jogaplar,
Kakuw. Perde. Sazlaşykly ritm...
Duýman galýan sazly dünýä siňýänim.
Diýýänsiň içiňden: “Bu şeýle täsin”
Kakuwlar bildirmez perdäň ýalňyşyn
(Göräýmäge aňsat ýaly ähli zat).
Ýöne sägineniň duýman galarsyň
Ýekeje heňe,
Owaza garylan mähriban söze.
Birden bar sazlaşyk dymýan ekeni.
Bozulýar ritm,
saklanýar perde.
Tolgunmak. Ýalňyşlyk.
“Mugallym” deregine
“Eje! Wiý...”
10комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.