Eýjejigim (aýdym)

Garaja gözli şokoladym
Enaýyja eýjejigim
Naşyja gowja zadym
Süýjüje kökejigim

Ýöreýärsiň aýnap-aýnap
Diwana men yzyňda
Aýdym aýtsam sen tans oýnap
Sensiň aýdym sazymda

Baý bujagaz lälijegi
Balalaň balajygy
Lowur-lowur luwurdaýar
Başynda ýalyjagy

Baý , baý , baý balajygy
Dillije dälije gyz
Göwnümiň halajagy
Ýok seniň ýalyja gyz

Baý , baý , baý balajygy
Kejirje çagajygy
Näzigim näzijegim
Läligim lälijegim

Buýra -buýra saçlary
Aldy akyl huçlary
Dürdänedir dişleri
Ýaý ýalydyr gaşlary

Owadanja gurjajygym
Eýjejik hem ýaşajyk
Rugsat ber seniň bilen
Ömür baky ýaşajak

Gerçeknazar Amannazarow

(25.10.2023)
2 лайков 253 просмотров
19комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#B.S
06 фев 2023, 15:04
Geljegiň ajaýyp goşgusy! ?. 2023 girenimize häli iki aý bolanak. Bu iki aýdan 2024de geçjek bolýa.
Pegas
06 фев 2023, 15:12
Kellä geýdiňiz-aý walla! Musallat bolduňyz-aý walla! Başa gelen towky, bela-beter bolduňyz-aý walla!
#B.S
06 фев 2023, 15:17
Pegas,
???
Gerceknazar
Автор 06 фев 2023, 15:20
Pegas
Kellä geýdiňiz-aý walla! Musallat bolduňyz-aý walla! Başa gelen towky, bela-beter bolduňyz-aý walla!


Entek nämeler görýäň...
Belki
06 фев 2023, 15:24
Kakamyrat
"Ýeri neýlesem, nämetsem
Essim aýylýar äñetsem"

diýeninde şu we şuña meñzeş goşgulary göz öñünde tutup diýdimikä )
Edepli Gödek
06 фев 2023, 16:17
(25.10.2023)

Agam ýagdaýlaryň gowmy döwürden yza galak diýdirmejek bolup dym beýdibem öňe-de gidiberme how))
Edepli Gödek
06 фев 2023, 16:20
Balajygym, çagajygym, eýjejigim, özüňem ýaşajyk diýýäň. Habaryň ýok bolsa duýduraýyn entek çaga ýaşyndan doly saplanmadyk çagalar bilen ömür baky ýaşap bolanok! Kanun kakaň ýaşatmaz. Ulalýança garaş onsaň ömür baky ýaşarsyň oň))
Edepli Gödek
06 фев 2023, 16:21
Indiki goşgylaryňa (masgaraçylygyňa) sabyrsyzlyk bn garaşýan agam
Gerceknazar
Автор 06 фев 2023, 16:28
_Bayat
Indiki goşgylaryňa (masgaraçylygyňa) sabyrsyzlyk bn garaşýan agam


Seniň bu görüp içigara ýazgylaryň meni masgaralap bilmez . Sen diňe özüňi tanadyp özüňi masgaralaýanyňa düşünýäňmi?
Edepli Gödek
06 фев 2023, 16:32
Gerceknazar,
Senden ýekeje zady sorajak sen şulary görüplik diýip hasaplaýaňmy?
Edepli Gödek
06 фев 2023, 16:33
Aldy akyl huçlary huç näme diýmek agam?
- Dani
06 фев 2023, 17:27
Gerceknazar
_Bayat
Indiki goşgylaryňa (masgaraçylygyňa) sabyrsyzlyk bn garaşýan agam


Seniň bu görüp içigara ýazgylaryň meni masgaralap bilmez . Sen diňe özüňi tanadyp özüňi masgaralaýanyňa düşünýäňmi?

+++
- Dani
06 фев 2023, 17:31
_Bayat
Gerceknazar,
Senden ýekeje zady sorajak sen şulary görüplik diýip hasaplaýaňmy?

Eýse näme bolýar? Näme üçin gele gele şuň goşgusyny teswirleýäň?

Dislaýk baryny basyp bilipsiňiz (basanlara degişli)-( 2 ýyl mundan ozalky saýtymyzyň agzasynyň üsdünden gülüp hapa goşgy ýazylan mahaly " Birgiden laýk çöpläpdi şo goşgy", näme üçin indi bu goşgydan kemçilik gözläp dursyňyz?!

Bu bir ýönekeý goşgy ahyry, giň boluň
Edepli Gödek
06 фев 2023, 18:22
- Dani,
Men köne agza däl gelenime köp wagt bolanok entäk. Edýän zadym görüplik ýa dislaýk basyp muny peseltjegem bolamok. Gereksiz, özüni şahyr hasaplaýanlara meň görkezýän hormatym şundan eý bolup bilenok.
Edepli Gödek
06 фев 2023, 18:23
- Dani, seň pikiriňçe şuň ýazýan zatlary goşgymy müçedeş gyz özüň aýdaý?
Edepli Gödek
06 фев 2023, 18:25
- Dani,şu mamahala çenli adama görüplik edip göremok edip bilsem kömek etmäne çalyşýan gaýtam. Ters düşünme. Gerçeknezar agam goşgy diýen goşgy ýazsa elbetde muňa menem begenerin
kesirkelle
06 фев 2023, 19:14
Pegas  on № 2Şu gün, 15:12

Kellä geýdiňiz-aý walla! Musallat bolduňyz-aý walla! Başa gelen towky, bela-beter bolduňyz-aý walla!

giñ bol ýaşuly! Akyllary goýalyşsa düzelişerler. Düzelmeseler, düzederler. Düzedibem bilmeseler... nämäni näme düzeder diýýä
Gerceknazar
Автор 06 фев 2023, 19:14
_Bayat
Balajygym, çagajygym, eýjejigim, özüňem ýaşajyk diýýäň. Habaryň ýok bolsa duýduraýyn entek çaga ýaşyndan doly saplanmadyk çagalar bilen ömür baky ýaşap bolanok! Kanun kakaň ýaşatmaz. Ulalýança garaş onsaň ömür baky ýaşarsyň oň))


Hemme goşgylarymy diňe özüm üçin ýazamok we diňe özüň üçin goşgy ýazmaly diýlen düşünjeden gaçmagy maslahat berýän. Bu goşgyny men inime aýdym üçin ýazyp berdim.
Perman Izakow
06 фев 2023, 19:34
_Bayat
Balajygym, çagajygym, eýjejigim, özüňem ýaşajyk diýýäň. Habaryň ýok bolsa duýduraýyn entek çaga ýaşyndan doly saplanmadyk çagalar bilen ömür baky ýaşap bolanok! Kanun kakaň ýaşatmaz. Ulalýança garaş onsaň ömür baky ýaşarsyň oň))

+
Edepli Gödek
06 фев 2023, 20:40
Gerceknazar,
Maslahatyňy aldym ýöne özüme gerek bolmansoň howa sowgat edip goýberdim.