Ynsan bolmak barada
1. Siz bu dünýä gelýärsiňiz. Siz öz keşbiňizi söýüp ýa-da söýmän bilersiňiz, ýöne ýaşan döwrüňizde hemişe onuň bilen bile galarsyňyz.
2. Siz sapak alarsyňyz. Siz durmuş diýlip atlandyrylan resmi bolmadyk gije-gündiz okadylýan mekdebe kabul edildiňiz. Her gün bu mekdepde size sapak almaga mümkinçilik bolar.
3. Ýalňyşlyk ýok, diňe sapaklar bar. Kämilleşiş: synaglaryň hem-de ýalňyşlyklaryň akymy. Şowsuz synaglar hem üstünlikli geçirilen synaglaryň bir bölegidir.
4. Sapaklar tä öwrenýänçäňiz gaýtalanýar. Sapaklary özleşdirýänçäňiz ol size dürli görnüşlerde okadylar. Siz ony öwreneniňizden soň indiki sapaklara geçersiňiz.
5. Sapaklar hiç haçan gutarmaz. Durmuşyň öz içinde sapak saklamaýan taraplary ýok. Siz ýaşap ýörseňiz öwrenmeli sapaklaryňyz bolar durar.
6. «Ol ýer» hem «bu ýerden» üýtgeşik däl. Haçan-da, siziň «ol ýeriňiz» «bu ýer» bolanda, ýene-de «bu ýerden» has gowy ýaly görünýän «başga ýer» barada pikir edersiňiz.
7. Beýlekiler diňe siziň aýnaňyzdyr. Beýleki bir adamyň bir häsiýeti siziň özüňiziň halaýan ýa-da ýigrenýän häsiýetiňizi şöhlelendirmeýän bolsa, ony halamagyňyz ýa-da ýigrenmegiňiz mümkin däl.
8. Durmuşda amal edýän zatlaryňyzyň bary, diňe siziň özüňize bagly. Size zerur bolan ähli gurallar we gorlar bar. Olary nähili ulanjakdygyňyz siziň özüňize bagly. Şunlukda, saýlaw siziň bilen.
9. Durmuş meseleleriniň jogaby içiňizdedir. Siziň ähli etmeli işleriňiz – seretmeli, diňlemeli we ynanmaga çalyşmaly.
10. Siz bulary unutmarsyňyz diýip umyt edýäris.
Terjime eden Şemşat GOŞNYÝAZOWA,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.