Eje daş ýagýar (bolan waka)

"Eje daş ýagýar" (bolan waka)

Näçe ýaşymdadygym anyk ýadyma düşenok.Bolsa ýaňy bir mekdebe gatnap başlan wagtlarymdyr. Men ilkinji gezek gyzdyrma keseline ýolugypdym. Henizem ýadymda. Içki jaýda , kondisioneriň aşagynda , gara der bolup ýatyrdym. Ýanymda ejem bardy. Kelläm şeýle bir güwläp agyrýardy,başym aýlanýardy.Endamym ot ýaly gyzgyn bolsada , gaty üşeýärdim.Üstümdäki ýorganyma bürenip, penjireden daşaryny synlajak bolýardym.Örän elhenç ýagdaýdadym.Hamala penjiräniň içinden geçip, ullakan-ullakan daşlar üstüme gaýdyp duran ýalydy.Elhenç gorkupdym.Kiçijek ellerimi aýna uzadyp:
- Eje daş ýagýar. Eje seret daş ýagýar-diýip gorkujygyma daş ýagýandygyny ejeme görkezjek bolýardym.Gözlerimden buýur-buýur ýaşlar akýardy.Ejem näme diýjegini bilmän yzly-yzyna başymy sapalap,göz ýaşlaryny gizlejek bolýardy.Soňra ýer iki ýana çaýkanyp başlady.Daşam üstümden ýagyp durdy .Ýöne endamym gyzgynlykdan başga zady duýmaýardy. Aglap-aglap ýatyp galypdyryn. Ol günleri ýatlamagam gorkunç. Ejem meniň şolar ýaly günlerimde-de mydama ýanymdady. Garaz şeýdip-şeýdip ine şu güne ýetdim. Ejemjana bergim,borjum ummasyz. Henizem giç däl. Ejemjan aýatda diri ahyryn .Söýgüli pygambermiz (s.a.w) "Jennet enelermiziň dabanynyň aşagyndadyr" buýurýar. Biz ene-atamyza näçe hyzmat etsek,näçe sylasak,näçe söýsek, şonçada az.Olar biziň üçin gör nämeler etmedi,gör nämeler görmedi. Ýöne biz henizem ähmiýetsiz garaýarys. Näme üçin ? ... (soňy)

Gerçeknazar Amannazarow.
5 лайков 210 просмотров
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
S❤
09 апр 2023, 19:07
Olgunki bolan wakan yzyn paylasanzokmy
Gerceknazar
Автор 09 апр 2023, 20:04
Xyivenia_babayeva.
Olgunki bolan wakan yzyn paylasanzokmy

Bäh meniň ýazýanlarymam okap , garaşýan bar ekenä. Nesip bolsa ertir, biri gün ýazaryn .
〣EpifiZ〣
09 апр 2023, 23:57
Gowy yazypsyňyz, okanymda gòz òňüme gelip gitdi yazylanlar... šeyle wakalar yetirip duruň
Gerceknazar
Автор 10 апр 2023, 00:09
epifiz,
beren bahaňyz üçin sag boluň . Nesip bolsa uzynrak wakalaram ýazmakçy.
S❤
10 апр 2023, 01:00
Paylasawerin

Durli yatyranoga duysumde-de so inda
S❤
10 апр 2023, 01:02
Bu wakada gyzyklyja. Oz cagalygym yadyma dusup gitdi
Nazar
10 апр 2023, 08:23
Uzyyndan gyzyklyja bolan waka ya hekaya yazsana okardym cyndanam
Gerceknazar
Автор 10 апр 2023, 08:45
FanB,
Çyndanam okasaňyz hökman ýazaryn . Esasy bolan waka ýazmagy halaýan.