SÜLÇI SOLTANOWYŇ IKINJI ÖÝLENIŞI (Ogulsenem Taňňyýewa)1

SÜLÇI SOLTANOWYŇ IKINJI ÖÝLENIŞI
(Başdan geçirmeler powesti)

Ine, indi bir hepdäniň içidir, onuň kelle döwüp oturyşy. Hernäçe pikir öwürse-de, kelebiň ujy tapylyberenokdy. «Näme etmeli? Nämeden başlamaly?» diýen sowallar onuň beýnisini edil gurçuk kimin iýýärdi.
Içeri işler bölüminde oňa uly ynam edildi. Uly başlygyň hut özi onuň arkasyna kakyp, haýyş etdi. Başlygyňam bu iş baradaky aladasy çökder bolmaly. Zol-zol uludan demini alýardy, gaýga gidýärdi.
—Gaýrat et, Soltanow! Sen biziň ýalňyz umydymyz!
«Iň uly başlygyň şeý diýip durka, nädip buýrulan işden ýüz öwürjek! Özüňi gereksireden bolup, arkan gaýyşmak uslyp dälmidir?!» diýip, sülçi Garaş Soltanow alyn saçlaryny penjeläp, hyrçyny dişläp durşuna, äpişgeden gök öwsüp ugran baglara nazaryny dikip, oýlanmagyny dowam etdirýärdi. Ýöne her näçe oýlansa-da, nämeden başlajagyny bilenokdy.
Ol baglara seredip ýadansoň, yzyna öwrülip, özüni oturgyja goýberdi. Haşlap, uludan dem aldy. Öňünde ýatan «Delonyň» ýüzüne nazaryny dikip, eýýäm telim sapar okan ýazgylaryny gözden geçirdi. «Jenaýat iş nomeri» diýip, ýazgylary hetjikläp okady. «Jemile Dawudowanyň jenaýat işi...»
Daşyndaky ýazgylary bölüp-biçip, okap bolansoň, jenaýat işi baradaky «Delonyň» gatlaryny agdaryşdyrmaga durdy. Ilkinji sahypalarda ýerleşdirilen suratlary synlady. Öň näçe synlanam bolsa, gyzyň «Delodaky» suratyndan misli jadylanan dek, gözlerini aýryp bilmedi. Gyzyň ýüz keşbi hut elde çekilen ýalydy. Onuň ýaly owadan gyzy sülçi Garaş Soltanow şu ömrüne heniz görmändi. Ýogsa ýaşy-da kyrka golaýlap ýördi. Bu ýaşa çenli geçilen menzil, göterilen ýük, sataşylan adamlar az däldi. Owadan-owadan zenanlara-da sataşylypdy. Ýöne bu jenaýat işine sebäpkär gyz ýaly näzenini sülçi Garaş Soltanow hiç bir ýerde görmändi. Henizem gyz surata hut özi ýaly owadan düşmändi. Onuň özüni ilkinji sapar görende, sülçi Garaş Soltanow misli demi tutulan dek, gepläbem bilmändi. Dili doňana döndi. Diňe gyza seredip-seredip, soňam kameradan çykyp gaýdyberipdi. Häzir ol gyzyň ýanyna ýene gitmelidi. Ýa-da onuň özüni şu ýere getirtmelidi. Bu zatlar ýadyna düşende, sülçi Garaş Soltanowyň ýüregi misli ýarasyndan basylýan dek, jigläp-jigläp gidýärdi. Ýok, sülçi gyza aşyk bolmandy. Nädip aşyk bolsun! Birinjiden-ä, gyz ýaňyja on dokuz ýaşynyň içinde, sülçi Soltanow bolsa eýýäm kyrkyň ökjesini basjak bolup ýör. Ol öz gyzy ýaly ýaş maşgalany söýüp bolar öýdüp, ýatsa-tursa, pikir öwürýän adam däl. Ikinjidenem, Garaş Soltanow-a sülçi. Onda-da şöhraty eýýäm etrabyň çägine dolan, ençeme sylag-hormata eýe bolan sülçi. Eýýäm ençe gün bäri etrabyň içeri işler bölüminiň iş gozgamagy boýunça gözenegiň aňyrsynda saklanýan Jemile Dawudowa bolsa, jenaýatkär. Onsoň, heý Garaş Soltanow özi hakda: «Sülçi Soltanow jenaýatkäre aşyk bolupdyr» diýen habaryň döremegini islärmi?! «Hudaý saklasyn!» diýip, bu zatlar ýadyna düşende, sülçi Garaş Soltanow ör-gökden gelip, pikir öwürdi. «Bir kemim şoldy!».
Günälenýän Jemile Dawudowa hakda ýatlanda, sülçi Soltanow iki eli bilen kellesini tutup, başyny ýaýkaberýärdi. Ol owadan, melek ýaly gyzjagaz iki adamynyň janyna kast edipdir. Şol jebir çekenleriň birem sülçi Soltanowyň şägirdi. Merkezde bilim alyp gelen oglan. «Ýaňyja işe başlapdy, bende» diýip sülçi Soltanow ýene hyrçyny dişläp, başyny ýaýkady. Soň nazaryny Jemile Dawudowanyň gapdalynda goýlan suratda egledi. «Şirmyrat!» diýip pyşyrdady. «Adyňa görä bolmadyň-a sen. Sen nähili daýawjadyň! Göreşmeli bolaňda hiç kesden pes oturmazdyň-a. Şol batyrlygyň bilen mitrik ýaly, çepiksije gyzdan asgyn gelipsiň. Oňa janyňy aldyrypsyň».
Soňra sülçi Soltanow ýene «Delonyň» sahypasyny agdaryp, onuň beýleki tarapynda ýerleşdirilen surata seretdi. Bu synlaýan suratdaky ýigit hem kiçi-girim pyýada däldi. «Bu ýigidem-ä ejiz zat däl» diýip, öňem ençe sapar beýnisinde aýlan pikirine sülçi Soltanow ýene dolandy. «Nädip çöp ýaly gyza özüni öldürtdikä?»
Sülçi Soltanowy öň hiç bir waka haýran galdyrmaýardy. Ähli zady durmuşyň bir hadysasy diýip kabul edýärdi. Ýöne bu gezek özüne ynanylan jenaýat işi ony aldym-berdime salýardy. «Eý, Hudaý-eý!» diýip, ol her gezek «Delony» gözden geçiren halaty gaýtalaýardy.
Geň galmaz ýalam däldi. Sülçi Soltanowyň öňünde ýatan jenaýat işiniň döremeginiň sebäpkäri Jemile Dawudowa bar bolan maglumatlara görä, iki gezek durmuşa çykypdyr. Ýöne oňa öýlenen ýigitleriň ikisem toý gijesi öldürilipdir.
Şaýadam ýok, fakt-da. Iki sany garry-ha eýýäm nije gündür, içeri işler bölüminiň öňünde: «Gyzymyzda ýazyk ýok, ony goýberiň» diýip, uwlap otyr. Gyz bolsa, dymýar. «Men günäkär däl» diýen sözden başga sözem aýdanok.
«Bu bolan zatlar üçin seniň-ä özüň günäkär, jigi!» diýip, sülçi Garaş Soltanow «Delonyň» sahypasyny ýene yzyna açyp, öz şägirdi Şirmyrat Myradowyň suratynda nazarlaryny egledi-de, pikir öwürdi. «Gitdiň-de, jenaýatkäri söen bolduň. Ile aýtman, oňa öýlenjek bolduň. Ine-de, söýgiň üçin alan almytyň! Juwan ýaşyňda gitdiň bakyýete».
Hawa, şeýle boldy. Bir gün içeri işler bölümine dat-perýat edip, bir naçar ene bilen garry ata başy açyk, aýagy ýalaňaç ylgap geldi. Agşam toý tutandyklaryny, ýöne ol gijeden ogullarynyň öli çykandygyny olar zordan düşündirdiler.
Garrylar aglaşyp duransoň, şol wagt başga hiç zady anyklap bolmandy. Işe milisiýa goşulmaly boldy. Sülçi Garaş Soltanow şol wagt uly jenaýat işi bilen meşguldy. Şol sebäpli, peýda bolan waka bilen meşgullanmak sülçi Soltanowyň şägirdi Şirmyrat Myradowa tabşyryldy.
Garry ene-atanyň arzasy bilen jenaýat işi gozgaldy. Jenaýat işiniň «Delosy» döredildi. Şirmyrat toý ýerine gidip, jebir çekeniň suratyny aldyrdy. Şirmyradyň «Deloda» galdyran ýazgylaryna görä, durmuşa çykan gyz bolan Jemile Dawudowany öýlenýän ýigidiň hossarlary toý gününiň daňdany urup-urup, öýüne kowupdyrlar.
Jebir çekeni ekspertiza barlagyndan geçirenlerinden soň, Şirmyrat halypasy Soltanowa: «Işi ýapaly, bu ýerde hiç hili jenaýatkärçilik ýok» diýip, ýalbaryp ugrady. Sebäbi ekspertizanyň görkezmegine görä, ýigidiň ýüregi ýarylyp ölüpdir.
—Bu ýerde gyzyň näme günäsi bar!—diýip, Şirmyrat özelenipler ýalbarypdy. Şeýle bir ýalbarypdy welin, Garaş Soltanow henize çenli özüne beýle ýalbaran adamy görmändi. Şirmyrat Myradow ellerini owkalap, ýöne onuň yzyna düşüp ýördi. Oturmaga-da goýanokdy, turmaga-da.
«Indi, görüp otursam, sen şol wagt ol gyza aşyk bolan ekeniň, Şirmyrat!» diýip, sülçi Soltanow suratdan özüne ýylgyryp bakyp oturan şägirdi bilen hyýalynda gepleşdi. «Iň bolman, oňa öýlenjegiňi bize bir duýdurmaly ekeniň. Biz saňa beýtmäge ýol bermezdig-ä!».
Sülçi Soltanow gynansa-da, şägirdiniň ykbaly şeýle bolupdy. Şirmyrat eýtdi-beýtdi, «Toý tutan ýigidiň ýüregi ýarylyp ölüpdir» diýip, jenaýat işini önümçilikden ýatyrtdy. Soň onuň edip ýören işini kim bilsin! Daşyndan syn edeniňde, ol öz işi-aladasy bilen bolup ýördi. Buýrulan işi edýärdi. Hiç kime hiç zat aýtmaýardy. Diňe ýekeje gezek halypasynyň ýanynda öýlenýän ýigidiň ölmeginde günäkärlenýän Jemile Dawudowanyň juda görmegeý gyzdygyny agzapdy. Jemile Dawudowa öýlenýänini bolsa halypasyndan-da, öz ene-atasyndan-da gizläpdi. Şirmyradyň şeýtmesi hem sülçi Soltanowy geň galdyrdy. «Näme üçin beýtdikä?» diýip, hernäçe oýlansa-da, sülçi Soltanow pikir ýumagynyň uşlybyny tapyp bilmedi. Bu ýerde bir sebäbiň bardygy welin, düşnüklidi. «Eger sebäp bolmasa, öýlenersiň-de, eneň-ataňa duýdurmazmyň!» diýip, sülçi Soltanow içinden öz pikirlerini makullady. Bar gaharyny suratdan çykarjak bolýan dek, günäkärlenýän Jemile Dawudowanyň suratynyň üstünden ýumrugyny inderip goýberdi. Soňam dişleriniň arasyndan syzdyryp, gahar bilen pyşyrdady: «Men entek ähli zadyň sebäbini sen gyzjagaza aýtdyraryn! Јhli zadyň!».
Şirmyradyň ölümi boýunça-da ekspertiza şol bir görkezmäni berdi: «Ýüregi ýarylypdyr!»
«Beh» edip, sülçi Soltanow ekspertiza ynam etmän, gaharly seslendi. Göwnüne çiglik gidip, ekspertiza til kakdy. Şirmyrat Myradowyň ölümi bilen bagly berlen netijä ynam etmeýändigini duýdurdy.
—Nije ýylyň içi ahyry ikimiziň bile işleşip gelýänimize. Biz ýat adamlar däl-ä!—diýip, ekspert gelin trubkada gaty görýändigini mese-mälim duýduryp gepledi.—Şu çaka çenli-hä meniň seni aldan ýerim ýokdy. Ala-böle, bu gezek men näme üçin ýalan sözläýin!
18 лайков 220 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Maksat
14 авг 2021, 10:43
Gyzykly
Şamuhammet
15 авг 2021, 08:27
Haladym.....