Sähra ýyldyzlary

Sähra ýyldyzlary öçdi bireýýäm,
Gyzaryp başlady baglaryň başy.
Guşlar göçdi meýlisinde bu dünýäň,
Jürküldä öwürip töwerek-daşy.

Bolmajysy boldy garagol serçe,
Torgoýam joş bilen asmana galdy.
Zeminiň söýgüsi sygmansoň içe,
Tebigat gürläýjek, gürläýjek boldy.

Köpden bäri ýüreginde gizlenen
Syryn giň jahana jar edýän kimin,
Öz guşlary, oty, şemaly bilen,
Öz ene dilinde gepledi zemin.

Ne bir hile bardy onuň sesinde,
Ne birne ýaranmak hyýaly bardy.
Geçmän kalbyndaky çyn höwesinden,
Ol diňe öz diýjek sözün diýýärdi.

Ol diňe esasy, uly zat hakda,
Bakylyk barada aýdýardy aýdym.
Şäherem tüsseläp örän uzakda,
Bärik — sähra tarap ädýärdi ädim.

Diýdim: «Men bir seniň bagyňda ýaprak
Aç, köpi görmedik batyl gözlerim.
Öwret maňa öz diliňi, eý toprak,
Aç syryňy ol elýetmez sözleriň!?»

Toprak jogap berýär: «Gögele oglan,
Kim sen? Neçün beýle hyýal gurýarsyň?
Sen öz büdür-südür mukamyň bilen,
Meniň owazymy bulaşdyrýarsyň».

Ahyry dolanýan öz tünegime,
Ýürek saz çalanok. Ýürekde joş ýok.
...Meňzäsim gelenok öňküligime,
Bu topraga bolsa, meňzäp bilemok.
1 лайков 108 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ýury
27 сен 2021, 17:40
Like
cilimkesh