Arhiwdäki goşgyň obnowleniýasy ;)

@Elif gyz bar — edebiýatyň dälisi,
Syrdaşlardan ýok @Ladybug ýalysy,
@Гость dostumyz — ähli gyzlaň daýysy,
Meňem özümçeräk ýazyşym şeýle.

@Soho bar — bar ýaly wäşi Nuryşka...
@Nirvana gyz — gyzlaň güli, bir başga!
@Remezanyň jyny düşüpdir goşga,
Meňem özümçeräk ýazyşym şeýle.

@Bayker agam goja kysmy bir zatdyr :)
@Mahek gyzyň baran ýeri berbatdyr :)
@Kleopatra çaga ýaly bezzatdyr,
Meňem özümçeräk ýazyşym şeýle.

@чистая gyz gözelligiň özüdir,
@Massimus dost saýtyň ala-ýazydyr,
Jedel @Hiayress'iň halaýanydyr,
Meňem özümçeräk ýazyşym şeýle.

@Abaddon, gel, dost göwnüni açaly:
@Ötegçä berilsin nigiň açary.
@Wrestling hem obadaşdyr, gaçaly! :))
Meňem özümçeräk ýazyşym şeýle.

@DonMaxx bir çilim berse, çekişsek,
@Mona Songz akyl berse — bekeşsek :)
@Nairobä tüpeň beriň, atyşjak! :)
Meňem özümçeräk ýazyşym şeýle.

@Anil Kapur современный molladyr :)
@AppEdit hem legzebandyr — ýoldadyr,
@Esma gyzsyz goşgy niçik haldadyr?! :)
Meňem özümçeräk ýazyşym şeýle.

@Gumly gelin seresidir ýeňňeleň,
@Jeksparro däldir bize “çem gelen”.
@Ejegyzjyk jigisidir hemmeleň,
Meňem özümçeräk ýazyşym şeýle.

@Rigel talyp bolup, hüňürdäp barýar,
@Dark_Wolf atam ýaly iňirdäp barýar,
@Margarita kalplaň taryny çalýar,
Meňem özümçeräk ýazyşym şeýle.

@Khanturäniň “tekiz ýerin” tertipläp,
Bizem bir gün ýadasadyk şer toplap...
Goý, ýaşalsyn iki gülüp, bir gepläp!
Meňem özümçeräk ýazyşym şeýle.
26 лайков 655 просмотров
31комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Gerceknazar
30 авг 2022, 17:04
Maňa meňzejek bolduň öýdýän ?