Saddam Hüseýiniñ ady tutulanda ýada düşýän 5 aýratynlyk

Yragyň bäşinji Prezidenti (1979-2003) Saddam Hüseýin Abdülmejid El-Tikriti özünden öňki döwlet ýolbaşçylaryndan düýgöter tapawutlanyp bilen şahsyýet hökmünde taryhda yz galdyrdy. Onuň Yragyň ýakyn taryhynda häkimiýeti dolandyran ähli liderlerden has tutanýerliligi, has gözsüz batyrlygy, has rehim-şepagatsyzlygy bilen tapawutlanyp, adamzada garşy etmişleriň kategoriýasyna girýän köpçülikleýin genosid çärelerini geçirendigi inkär edip bolmajak hakykatdyr. Saddam Hüseýiniň tepbedini okan bu proses hem hut şu genosidler bilen başlapdy, has soňky geçiren işleri bolsa öz çukuryny gazmagy çaltlaşdyrmakdan başga zada ýaramandy. Ýeri, bar ýadyňyza düşýäni şularmy? Elbetde, dowamy bar...

1). 2002-nji ýylyň referendumynda “100% gatnaşyk”

Diktatorlar saýlaw çärelerinde köplenç saýlawçy sanynyň ýokary derejede gatnaşandygy barada ýalan toslamalary öňe sürýändirler. Yragyň bäşinji prezidenti Saddam Hüseýiniň 2002-nji ýylda geçiren referendumynda-da saýlawçylaryñ ýüz göterim gatnaşandygy we ony saýlandygy orta atylypdy.

2). Öz gany bilen Gurhan ýazdyrdy

Saddam Hüseýin belli hatdat Şakir Jewdet Abbas Bagdada ölüm haýbatyny atyp, öz gany bilen Kurany-Kerimi ýazdyrypdy. Razylygy bolmazdan muny ýerine ýetirmeli bolandygyny aýdan hatdat Şakir Jewdet Abbas Bagdady soň-soňlar “Saddamyň kyrk çüýşeden gowrak ganyny ulanyp, hepdede bir juzy ýazyp gutarýardym. Işlänimde iýip-içmeden galdym, saçym düşdi, gözüme zeper ýetdi” diýip ýatlapdy.

3). Saýlaw kampaniýasynyň aýdymy: "I will always love you"

Saddam Hüseýin 2002-nji ýylyň saýlawlarynda saýlaw çäreleriniň aýdymy hökmünde amerikan aýdymçysy Uitni Hýustonyň “Ginnesiň rekordlar kitabyna” giren “I will always love you” aýdymyny ulanypdy.

4). Kasym el-Aly asyldymy ýa-da Saddam Hüseýin?

2003-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Saddam Hüseýiniň ele salnyşynyň toslama operasiýadygyny öňe süren kerkukfeneri.com saýtynyň habar bermegine görä, dardan asylan şahs Saddamyň dublýory Kasym el-Aly eken. Hakyky Saddamyň soňky on bäş ýylyň içinde ýeke gezegem suratynyň çap edilmändigini öňe süren bu türkmen saýty hut şunuň üçinem Saddamyň nähili ýagdaýda garrandygy barada hiç kimiň elinde suwytly maglumatyň ýokdugyny ýazdy. Saýtdaky habarda nemes lukmany Dieter Buhmanyň fotosuratlar boýunça geçiren barlaglaryna-da ýer berlip, “Doktor Buhmanyň Saddama meňzeş azyndan üç adamyň bardygyny anyklandygy, barlagyň dowamynda dürli wagtlarda düşürilen suratlaryñ we otuzdan gowrak wideoşekilleriň üstünde işlenendigi” aýdylýar.

5). Öz agalygyna garşy gidip biläýjek 450 partiýa agzasyny ýok etdi

1979-njy ýylda general Ahmet Hasan Bekiri agdaryp gelen we häkimiýeti eýelän pursatyndan başlap, tä özü-de agdarylýança Yragy dolandyran Saddam Hüseýin häkimiýete gelen badyna öz agalygyna garşy gidip biläýjek 450 sany partiýa agzasyny ölüm bilen jezalandyrypdy.

28.09.2014 ý.

@ Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy
4 лайков 147 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
LIDER
Автор 01 фев 2022, 19:36
Terjime: @Gökböri (kitapcy.)
Copy paste: @LIDER
Hanguly
01 фев 2022, 19:39
Gaty çylşyrymly liderdi. 4-nji menem eşdipdim ýalandygy subudam edildi. Wideosy bara dokumentalny, asýarlar welin, birhilek bolup gidipdim görüp, ýanyndakylaram düşündirýär şeýtseň agyr ölmersiň zat diýip
Leyli Amanowa
01 фев 2022, 20:08
Salam Sapa gowmyň?
LIDER
Автор 02 фев 2022, 16:43
NairobiSalam ozunem ÿagšymy?