Bagana telpekli adam (@McM) :D

Erkek adamyñ durmu$ynda, tragiki ýagdaýlar bolup geçýâr. Hãzir maña
" Seniñ ilkinji ba$yña gelen tragediýa nãme?" diýip sorasalar, sãginmãn
" Sünnet edilen günim" diýip jogap bererdim. Owfff, inim tikenekledi
hâzirem. Mowzugy okap ba$lap, mowzuk erbet tarapa gidýãndir diýip
pikir edãýmãñ. Her kimiñ ba$ynda bolýan zatlar bular, ine nesip bolsa
ogul bãbejigiñizi gujagyñyza alarsyñyz, ene-ata bolarsyñyz, $onda
siziñem ba$yñyza geler. Allajan, herkime $eýle bagt miýesser etsin.
Rim mperiýasynyñ Go$un Generaly, General-polkownik Mark
Antonius bellãp geçipdir-ã, "Nemetmãñ" diýip, sizem nemetmâñ.
Sünnet edilenimde, agyry duýdummy ýa duýmadymmy, hãzir anyk
ýadyma dü$enok. Ýöne, sünnet edilmãnkãm bolan ýagdaýlary, ertesi
günki wakalary hãzir "Surat edip çekip ber" diýseler, çekip bererin. Men
surat çekip bilemok, ýöne biriñiz çekseñiz, menem suratlandyryp biljek.
Özümi bilip ba$lanymdan bâri, ýadyma dü$ýãn iñ irki wakalaryñ biri
$u sünnet. Birem e$ek depipdi, ony ýazypdym. Meni, 5 ýa$ymda sünnet etdiler. 5 ýa$yma çenli hemi$e gorkuzdylar, "Gel, seni sünnet edeli" diýip. Eline gaýçy alyp uzagrakdanam bolsa haýbat atýardylar, $oñ üçin hãzirem gaýçy görsem, $oool pursatlar kellãme gelýâr. Bah, köp
gürledimaý, tema geçeliñ onda. Tomus, ejem bilen kakam, oba
enemlere gideli diýi$diler. Menem, hiç zatdan habarym ýok, hezil
etdim. Bardyk oba, günortadan soñ, kakamyñ agasy bilen kakam,
tapçanda çaý içip otyrdylar. Enem, ejem dagy hem bar, gelnejem dagy.
Soñ, meñ gelenimi görùp, olar öz aralarynda sifrowoý gürlãp
ba$ladylar:
-Nãtdiñ, gürle$diñmi ussa bilen, gelýãmi$mi?
-Hawa, sagat 16:00-da bararyn diýdi. Ýarym sagat soñ gelerle.
-Ökdemi bir özi? Çagany nemedâýmesin?
-Ýok, ökde ökde. Bütin obañ nemesini $ol nemetdi...
Enem py$yrdaýar:
-Gelermikã, kim biler?
Gelnejemem py$yrdaýar:
-Geler-le wah, hökman geler...
Dogrudanam, yarym sagatdan soñ, "Ural" motor gelip enemleñ deñinde
durdy. Hâzirem ýadymda da$ ke$bi, ak köýnek geýipdir, kellesinde-de
yssa garamazdan çal bagana telpek bardy. Uzagrakdan motor sürü$ini
görseñ, köýnegem ak bolmasa, "Atlylar-daky" motorly nemesmikä
diýersiñiz. Gelip tapçana sumkasyny goýup gürle$ip ba$lady biziñkiler
bilen. Aram-aramam öz gurbanlygyna, ýagny maña, gözüniñ gytagy
bilen seredýârdi. Soñam men ýanyma gelip, gassabyñ, soýmanka gölãni
kö$e$dirmek üçin mañlaýyny sypaý$y ýaly, kellãmi sypalady, hal-
ahwal sorady. Men, orsyñ içalysy ýaly, çaga-da bolsam $übhelenip
ugradym indi. Kakamyñ agasynyñ menden 5 ýa$ uly ogly bilen,
goñ$ysy hem bardy. Olaram öz aralarynda maña seredi$ip
gülü$ýárlerdi. Enem bilen gelnejem öz aralarynda gürle$ip
ba$lanlarynda men hemme zady añdym:
-$u taýda nemetmelimi?
-Hawa, bar içeriden ýassyk bilen dü$ek getir. Tapçanda ederle...
Ejemem kakama "Meñ ýüregim çydamaýar, men-ä bârde durup biljek
däl" diýensoñ, nãmãñ nãmedigine dü$ündim. Kakam bilen agasynyñ
gürrüñi, bagana telpekli adam, enem bilen gelnejemiñ yassyk-dü$ek
gürrüñi, kakamyñ doganynyñ ogly bilen goñ$ysynyñ maña seredip
gülü$mekleri, iñ soñunda-da ejemiñ kakama "Ýüregim çydamaýar" diý$i...ndi krosswordyñ ãhli harplary tapylypdy. Meni oba sünnet etdirmek üçin getiripdiler. Men çaga göwnüm bilen $u zatlary pikir
edýârdim, hem-de bir alaç gözleýârdim. ñ soñunda tapdym. Derrew
ökjäni götermesem, 5 ýyllyk bedenimden bir bölek gitjekdi. Çaga-da dost, "Kesýárler" diýseler, bizem düýbinden paltalaýarlarmyka diýãris-dã. Ýuwa$lyk bilen tapçandan dü$üp köw$ümi geýip durkam (Köwü$ diýýãnimem rezin $ypbyk) bagana telpekli adam bilen gözümiz
kakly$dy. $ol wagt, $ol adamyñ gözünden uçgun çykýan ýalydy.
"Tutuñ" diýdimi ýa "Gaçýar" diýdimi, bir zada diýip kakamyñ agasynyñ
ogly bilen goñ$y oglana komanda berdi. Menem muny e$idip aglap,
gygyryp gaçyp ba$ladym. Gaçamda-da düýbünden keser diýip
gorkdummy nãmemi, balagymyñ öñüni tutyp, leññeç ýaly gapdallykan
ylgap yzyma seredip gaçýardym. Kowalaýanlar bolsa, Mongollañ
nökeri ýaly bolup ýetip gelýârdiler. Men, leññeç ýaly gapdal ylgasam
tutularyn, "Gaçy$ym bar, kowu$yma meñzemez" diýip elimi
balagymyñ öñünden aýyryp Usain Bolt ýaly ylgap ugradym. Hany,
Ependiñ bir $orta sözi bardyra, e$egine na$atyr çalýar, e$egi tamyñ
da$ynda durman aýlanýar. Menem na$atyr çalynan ýaly gaçýardym.
Beýle diýsem, tokaýda, jeññelde, dagda, çölde gaçýandyr öýdãýmäñ,
enemleñ 25 sotka melleklerinde gaçýardym. Mellegiñ gutarýan ýerinde
kiçirãk ýap bardy, $ol ýap, beýleki goñ$ular bilen serhetdi. Ana dostum,
tutulmanjyk $ol ýapdan geçsem, serhedem geçýãrdim, azatlyga
çykýardym. Ýöne, bolmady... Ýaba ýetdim, seretsem içinde azajyk suw
bardy. Bökdüm içine. Ýabyñ añyrsyna çykmak üçin dyzap ba$ladym.
Ýap, meñ boýumdan uly bolansoñ, we gyralary çyg bolansoñ çykyp
bilmeýãrdim. Multfilmlerde bolýandyra, gahryman, bir ýere dyrma$jak
bolýandyr, ýokaryk ýetip barýarka taýyp ýuwa$lyk bilen yzyna
gaýdýandyr, dyrnaklary bilen tutjak bolsa-da bolýan dãldir, dyrnaklarynyñ yzy çykýandyr dyrma$ýan ýerine. Ana menem $eýle, nâçe synany$samam ýapdan çykyp bilemokdym, çykyp barýarkam öl
bolansoñ, gurbaga ýaly ýabyñ gyrasyna ýapy$yp, usuljak bilen ýene yza
gaýdýardym. Serhedi geçip bilmedim, Mongollañ nökerleri meni tutdy.
indem ýapdan yzyma çykmajak bolup aglap dyzaýardym iñ soñunda,
meni tutyp ýapdan çykardylar, süýrãp diýen ýaly tapçana tarap ãkidip
ba$ladylar. Men bolsa uly ilim bilen gygyryp aglaýardym, olara "
Goýberãýiñ" diýip ýalbarýardym, Leopold ýaly, "Dawaýte, jit drujno"
diýýãrdim. Olar bolsa meni diñlemân tapçana okladylar. Ýatyrdylar
dü$ege, enem bir elimden, kakam beýleki elimden, kakamyñ agasy iki
aýagymdan tutdy, bagana telpekli adam, üstime abandy. Men iñ soñky
gezek, "Hemmesini kesme, azajyk kes, gyralaryny kesme" diýip bagana
telpekli adama aglap naýynjar seretdim. Hamana, saç deñletmãge parikmahera baryp, "Saçymyñ üstinden alma, gyralaryndan çalaja al"
diýýân ýalydym. Kakam "Bolýa, azajyk keser, gorkma, agyrtmaz"
diýdi. Menem kakama, "Agyrtmaýan bolsa, onda sen ba$laý, uly ba$lar,
kiçi i$lãr" diýdim. Hehe, goýsañyzlañow, beýle diýip bormy. Oýun edýãn. Bagana telpekli adam, ussatlyk bilen öz i$ini ýerine ýetirdi. Çyndanam, $ol taýlary anyk ýadyma dù$enok. Gözgyny bolup gaçy$ym
welin, hâzirem ýadymda. Derman berendirler diýsem, ol ýa$daky çaga
agyr dermanam bermezler. Bilmedim. Ýöne ertesi güni ýadyma dü$ýar.
O-da yssydan bolaýmasa.Gözimi açamda enemiñ otagynda ýatyrdym.
Enem, gazet okap otyrdy. Üstime seretsem, ak mata oklapdyrlar üstime.
Otagda elhenç ys bardy,dermanyñ porsy ysy. Bilýãnsiñizle. Stalingrad söwe$inde ok degip ýaralanyp, gospitalda özine gelen esger ýaly
samrap, eneme ýüzlendim:
-Ene, men nirede?
-Eneñ ýanynda oglum, eneñ otagynda...
-Uru$ gutardymy? Bagana telpekli, "Ural" motorly nemes nirede?
-Ýat oglum sen, nãme etjek ony?
-Atjak.
-Ol nemes dâlã, oñ ady Çaryýar. Ol seni sünnet etdi oglum.
-Ýa$asyn 87-nji atly diwiziýa!! Ene derman ýokmy? Medsestraaaa!!!
Analgin...Ssitramon...Aspiriniñ ýokmy ene? Kirpigime wazelin çalsana...
Aýaga galdym soñ. 1 hepde ýaly ak ýaglyk dañdylar öñüme. Öñüme ak
ýaglyk dañylgydy. Öñüñe ak ýaglyk dañylanda nãme, geçiñki ýaly
syrtym açyk, 1 hepde indeýessleñ çagasy ýaly bolup gezdim. Kakam-
ejem, men adaty ýagdaýyma gelýãnçãm enemlerde boldylar. Geçen
tomus, ejem öýde goñ$ymyzyñ täze gelnini nahara çagyrdy. Jigim, gelin
görsin diýip çemedan-dan ma$galamyzyñ surat albomyny çykardy. Ol
albomda meñ sünnet edilemde dü$en suratlarymam bardy. Awuna
topulýan ýolbars ýaly surat alboma topuldym, arlap sünnet edilen
wagtym çekilen suratlary aldym. Soñam zajigalka bilen ýakyp çöle
gömdüm. Wiiý, mowzugy gutarmankam örãn möhüm bir zady bellãp
geçmekçi. Arada ejemden soradym, "Eje, meñ sünnet toýum edildimi,
meñ ýadyma dü$enok edilenem bolsa" diýdim. Ejem, "Ýok McM,
edilmedi. Bir sebãp bilen etmedik. Soñam, gelin toýunda edãýeris diýip
goýbolsun etdik" diýdi. Bu möhüm wakany bellãp geçmegimiñ sebãbi,
gadyrdan Ertirde$ler, men toý edenimde, size çakylyk ugradan wagtym
çakylykda "Aýyñ pylançasyna, sagat pylançada, McM-iñ durmu$
toýuna we sünnet toýuna gara$ýarys" diýen ýazgyny görseñiz, geñ galaýmañ. Borlaý. Degi$mekden aýyrmasyn. Ýöne çagalygym ýadyma dü$se: Çep tarapym agyrýar...
5 лайков 253 просмотров
11комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
LIDER
Автор 24 фев 2022, 05:40
@McM, yagny Ertir.com-daky Merdan agza :) başyndan geçiren wakalaryny şeylebir ussatlyk bn ýazýardy welin, gülmän ýa kabirlerinde bolsa tolgunman durup bolanokdy.
LIDER
Автор 24 фев 2022, 06:00
"Ependiñ bir $orta sözi bardyra, e$egine na$atyr çalýar, e$egi tamyñ
da$ynda durman aýlanýar. Menem na$atyr çalynan ýaly gaçýardym" ha-hay bla hehehe
Gauzen
24 фев 2022, 06:31
LIDER,
Öz-özüň birzatlar samrap, özüň gülüp otyrsyňmy namee
Belki
24 фев 2022, 08:03
Gülüp hezil etdim.Sag boluñ ýetireniñize.Ýekeje bellik:Ynandyryjy däl ýerleri bar. 5 ýaşyndaky çaga mongollary,nemesleri,87-nji alty dwiziýany,dermanlaryñ atlaryny bilmez.
Maksat
24 фев 2022, 08:26
Gülüp hezil etdim ömrüň uzak bolsun @LIDER. Gaty gyzykly eken????
LIDER
Автор 24 фев 2022, 08:28
Цитата: Belki
Gülüp hezil etdim.Sag boluñ ýetireniñize.Ýekeje bellik:Ynandyryjy däl ýerleri bar. 5 ýaşyndaky çaga mongollary,nemesleri,87-nji alty dwiziýany,dermanlaryñ atlaryny bilmez.

Aha. Hawa özem bir mowzugynda aytyara ony, kabir yerlerini ozum biraz oñaryan diyip.
LIDER
Автор 24 фев 2022, 08:32
Цитата: Bayker
Gülüp hezil etdim ömrüň uzak bolsun @LIDER. Gaty gyzykly eken????

Aha )) bashgadam gyzykly pereklyucheniyalary bar, olaram paýlasharyn nesip bolsa. Islan okar, islan okamazda )
LIDER
Автор 24 фев 2022, 08:32
Цитата: Gauzen
LIDER,
Öz-özüň birzatlar samrap, özüň gülüp otyrsyňmy namee

Hawa
Ogulşirin Bayramowa
24 фев 2022, 08:54
)))
Pegas
24 фев 2022, 09:20
Toýa gidenlerinde dosty bilen eşikerini çalşyp gidişleri, bir gezegem çalşyp durkalar, ýalaňaçkalar dostunyň atasynyň olary tutup urşy, her uranda-da: "Haý, g*tberenler" diýşi, muňam: "Ata, biz g*tberen däl" diýşi... :D Şol wakasy hem gyzykly))
.Resul
24 фев 2022, 11:40
Türkde okoýardy öýdýän şul oglan.
My life
25 фев 2022, 01:39
Gulkuli gowy beyan edipdir.)))