Omar Haýýamdan bentler.
Gökde bir sygyr bar, adydyr Perwin,
Ýene biri ýeriň astynda gizlin,
Bu iki sygyryň aralygynda
Bir topar eşek bar, eger etseň syn.
Akmaklyk ýüzünden bu üç-dört baýar Hemmeden özüni bilimli saýar,
Şat bol, eşeklikden bular özi dek
Eşek bolmadyga dinsiz at goýar.
Diýýärler;Magşarda bolar, çeke-çek,
Ol mähriban taňry gazaba münjek».
Hiç ýamanlyk çykmaz asly ýagşydan, Şerap iç, iş soňy haýyrdyr, bişek.
Diýýärler «Sözleriň gözeli Gurhan»,
Şonda-da üns berlip okalmaýar kän, Emma meý jamdaky nurly aýaty
Okarlar her ýerde, ony ýadaman.
Kimler din pikirinde, eger etseň syn, Kimlere dogryny saýgarmaklyk kyn,
«Eý, gapyllar! » diýip, gygyrýar jarçy:
Ne iman hakykat, ne mezhep, ne din.
Kim jahanda eden däldir gününi, Günäsizler neneň geçir jahany,
Men günä gazansam, sen jeza berseň, Onda ikimiziň parhymyz hany?
Käbe hem buthana bir aldawhana,
Azan bilen zaň hem girýär şu sana,
Metjit, mährap, tesbi, haçlaryň bary,
Halky gul etmekden galan nyşana.
Jenneti gören ýok, dowzahy bilen,
Kimdir ol jahandan dolanyp gelen? Birinden howp edip, birin söýeniň
Ikisem hyýaldyr – boş atdyr, ýalan.
Jahana goýanda taňry esasy
Nämüçin goýupdyr onda kem-käsi? Kemçilik ýok bolsa, nämüçin ýykýar?
Eger kemi bolsa – kimiň günäsi?
Hiç haçan şeraby gözden salmaryn,
Ýar yşkyndan özge zady bilmerin,
«Alla saňa ynsap bersin» diýýärler,
Berse beribersin, hergiz almaryn.
Her näçe bolsam-da, pasyk-günäkär,
Ýaş döküp, sopy dek çekmerin azar, Dowzahyň, jennetiň bary biderek,
Säherler meslikde, meý gerek hem ýar.
Günäkär bende men, keremiň hany
Ýaraly göwnüme bir emiň hany?
Tagatyň ýerine behişdi berseň,
Bu biziň hakymyz – berimiň hany?
Gurýaň-da her ýanda ýüz dürli duzak, Diýýärsiň;Kim düşse, ol menden uzak», Özüň tor gurubam, tora düşene
«Pasyk» diýip at goýýaň hem «dini bozuk».
Geldim men dolanyp metjide ine, Dogrusy, namaz diýp gelmedim ýöne, Ogurlapdym ozal bir namazlygy,
Ol indi köneldi, geldim men ýene.
Geldigmiz-geçdigmiz, bu döwrüň öňi
Kim biler haçandyr hem ýokdur soňy,
Bu gelmek nireden – bu gitmek nirä? Aslyna ýetmedi hiç kimiň aňy.
Eý taňry, sen eşret gapym baglaýaň,
Meý gabym syndyryp, bagrym daglaýaň, Günäkär hem bolsam, ýüzüňe diýjek: Içýän-ä men, sen keýpiňi çaglaýaň.
Eý, meni ýaradan seniň gudratyň,
Ekledi bigüman näzi – nygmatyň,
Synag üçin ýüz ýyl garşyňa gitjek,
Meniň günäm köpmi – ýa seň rehnetiň.
Eý sopy, bizi hem göwnümiz alyň,
Allanyň haky üçin, uzatma diliň,
Biz dogry gitsek-de, sen egri görýäň,
Git, görejiň düzet, çek bizden eliň!
Eý şäher kazysy, biz senden işli,
Şeýle meslikde hem sizlerden huşly,
Siz adam ganyny, biz üzüm suwun, Dogryňy aýt, içmekde haýsymyz güýçli?
Eý Omar, salsalar seni mazara,
Müňkür-Neňkir goýar dürli azara,
Agam Aly deňzislige dözermi:
Iki bolup, bir adama dyzara?
Eşekdir namazlyk söýýän toparlar,
Ýükleri hiledir, her ýan çaparlar,
Dinsizden beterdir, görnüşi yslam, Sopulyk perdesin ýüze ýaparlar.
Durmuşyň syrlarna düşünsek eger,
Ölüm syrlarny-da adamzat biler,
Bu gün dirilikde bir zat bilmeseň,
Erte ölenden soň – ne bilmek bolar?

12комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.