Täze ýylda begenmelimi

Eger sen kiçijik bir çaga bolsaň entek emýän bolsaň onda eneň
gelip seni bagryna basmasa onda kim kömek eder. Belki hiç kim.
Bu halatda sen açlykdan ölersiň we seniň üçin ýaşaýyş şu
ýerde gutarar.
Eger sen ýetginjek bir oglan bolsaň saňa terbiýe bermeli
adamlar terbiýe bermese we seniň özüň özbaşdak terbiýe almana
ymtylmasaň ykbalyň näme bilen gutarar. Onda sen türmeden gelmersiň.
Durmuşa seredip bu halatlaryň bolýandygyny siz anyk görýänsiňiz.
Eger sen ýigit ýetip aýal-gyzlaryň gadyryny bilmeseň, olar seniň
durmuşyň üçin wajypdygyny aňmasaň onda seniň günüň näme bilen gutarar.
Mujerret bolarsyň. Sallam-saçak bolup köçede entärsiň. Öýsüz-
-çöreksiz otyrarsyň.Ýekelikde ömrüňi ahyrlarsyň.
Eger sen garnyňa sygmaýan zady iýseň näme bolarsyň. Dykylyp
ölersiň.
Aragy köp içseň kim bolarsyň. Alkaş bolarsyň.
Çem gelen zady gepleseň näme lakam alarsyň. Sam-sam diýerler.
Şeýlelikde görüp otyrsaň her bir hereketiň, her bir boluşyň
öz netijesi bar.
Eger saňa kömek berseler, dogry ýola salsalar adamlaryň kömegi
bilen adam bolarsyň. Emma hiç kim kömek
etmese we özüň hem öz düşen ýaramaz ýagdaýyňdan çykmana ymtylmasaň
seniň üçin bu durmuş waý bilen gutarar.
Şonuň ýaly bolmazlygy üçin ýa sen adamlardan kömek soramaly bolarsyň
ýada öz güýjüňe bil baglap öz durmuşyňy özüň gurnamaly bolarsyň.
Iň ýakyn we arzan kömek bu ata-eneňden geler. Ikinji bir peýdaly
kömek mekdebiňdäki mugallymlardan geler. Üçünji bir esasy
kömek aýalyňdan bolar. We dördünji ullakan kömek bu watanyňdan bolar.
Watanyňdan kömek almak üçin bolsa sen tebiýeli, gaýratly, zähmetsöýer,
halallyga ymtylýan, perzentleri bolan, okuwly bilimli adam bolmaly.
Galanyny özüň bil. Meniň güýjim diňe aýytmana ýetýär. Alsaň bir zatly
bolarsyň almasaň hiç zatly.
Hoş onda ýigitler we gyzlar. Täze ýylda köp otyrmaň. Köp gülmäň.
Köp iýmäň. Özüňizi salykatly tutyň. Täze ýyl geldi diýip bökübermäň.
Täze ýyl siziň ömrüňiziň bir ýyl gysgalýandygyny hem aňladýar.
2 лайков 82 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Uly Hojaýyn
28 дек 2023, 14:47
Dogry aýtýaň, aslynda täze ýyl gelip oturanyna begenmäge görä, gynanmaly...
Гость
28 дек 2023, 17:38
Soňky sözlemiňä nastrenýäni düşürdi. Şü 2013den soňky ýyllar gaty çalt gelip geçýä meň üçinä. Düýn ýalydy oglanlar bilen sazak gözläp ýörşümiz. Uže bir ýyl bolupdyr şoňa-da
Dowsypat
30 дек 2023, 11:13
Omrumden bir yylym gecdi diyip gynanmagam bar.

Olman-yitman su yyla yetdim diyip begenmegem bar.

Niyete gora.
Dowsypat
30 дек 2023, 11:15
2024 yetman olenler nace?!
Balary
31 дек 2023, 16:20
ehhh içim gysdy. şu ömrüme täze ýylda oturyp göremok. patarkada alyp göremok
Balary
31 дек 2023, 16:21
täze ýyl gelýä dp begenibem göremok...
Balary
31 дек 2023, 16:22
ene ataň kömegi arzan dagy däl, şol bolmasa gaty gymmada düşýär, illerden şo kömegi hantama da bolup bolmaýar