Perzent
Hekaýa
Soňky wagtlarda Gadam aga bilen Tuwak eje ikisi bir azajyk ynjalyksyzlanyp ugradylar. Çünki ogullary Geldiniň oba gara salmaýanyna indi seredip otursaň, tegelek dört ýyl bolupdyr. Onuň şo-ol gelinlik getirip, garrylara toý etdirip, gelni bilen gidişi-gidiş boldy. Goja bilen kempiriň bolsa indi öňküligi ýok. Golaýynda gelniň, alnyňda ogluň gerekdigini olar indi öňkülerindenem has içgin duýdular. Biri-birini misli bir gala saýdylar. Ertir-agşam şäherden gelýän ýola seredip oturmany çykardylar. «Janlary bir sagmyka?» diýip gaýgy eder ýalam däl. Çünki häli-şindi oba adamlary şähere gidip-gelip durlar. Ýolda-yzda Geldini görenler: «Gördük, ogluňyz sag, gurgun» diýşip, garrylary köşeşdiribem gidýärler. Ýöne, näme, adam pahyr öz gözi bilen görmese ynjalmaýa-da. Ine, ahyram güýzüň soňky günleriniň birinde, Gadam aga kempiriniň ýeňinden tutdy-da: «Ýör» diýdi. Mündi otlyň biline. Özem:
— Dogry-da, kempir, ol bir edaraň ýolbaşçysy, bir topar zada jogapkär adam. Biz ýaly işsiz oturan adamlar däl-ä, ol adamlar. Ine, özümizem jahylkak... — diýip, ýolboýy kempirine göwünlik berdi. Bularyň bagtyna otly Aşgabada gündiziň güni geldi. Bir taksa münüp, ellerindäki adresi görkezdiler.
Gadam aganyň şu wagta çenli eňegine jaň dakylan ýalydy welin, ine, ol indi birden agraslandy duruberdi. Her neneň syr bildirmediksirese-de, bu bigadyr gelniş gojanyň göwnüni bozupdy. Jaýyň işiginde ýaýdanyp durkalar, sime eşik serip ýören bir gelin olardan kimi gözleýändiklerini sorady. Takyk salgy alan iki garry hyk-da-çok bolşup, üçünji gata çykdylar. Gadam aga işigi şunça itse-de, açyp bilmedi. Sag çignindäki gapydan çykan oglanjyk:
— Däde, ho-oý kiopkany bas! — diýip, söýä berkidilen nokady görkezdi:
— Şunumy? Вeh — Gadam aga nokady basdy, birdenem yzyna öwrüldi. — Beh, däde diýip, edil biri-biriň ýaly-aýt! Ýogsa-da, şol oglanjyk Geldi janyň ogly bolaýmasyn! Tohum-tohumy görende süňňi syzmaly-da. Syzandyr şo çaga meni!
Şol wagt işik «şykyrt» etdi-de, bir sere ýaly açyldy. Ýaşuly işigiň içinden ildirilgi zülpäni saýgarman gapyny itdi. Içerden aýal adamynyň nägile sesi çykdy:
— Näme, beýle ölüp-öçüp barýaňyz? Habaryňyzy aýtsaňyzam bor.
Gadam aganyň ýüzi gara-ört boldy, dodagy kemiş-kemiş etdi.
— Weý, Geldi janyň öýi dälmidir bi?
Gelin resmi gürledi:
— Geldi Gadamowiç öýde ýok. Häzir iş wagty. Gerek bolsa, edarasyna baryň!
Tuwak eje äriniň goltugynyň aşagyndan sümüp geçdi-de, burnuny çyny bilen söýäniň aralygyna sowdy.
— Gelnimiz bizi tanamadyk bolaýmasyn? Şol göreni ahyryn. Bu biz gelnim, Gadam bilen Tuwak, seniň gaýynlaryň!
— Tanalmaz ýaly üýtgän ýeriňiz ýok. Men häzir işli. — Ol gitdi-de, iki barmak ýaly kagyzy alyp geldi. — Ine, Geldi Gadamowiçiň iş adresi. Şol ýerde görseňizem bolar.
Gelin işigiň yşyndan Geldiniň iş adresi ýazylan kagyzy uzatdy. Gadam aganyň sandyraýan elleri kagyzy göwünli-göwünsiz aldy, dodagyny müňküldedip, gelnine bir zatlar diýjek boldy. Emma agzyny açmanka burnunyň öňünde gapy ýapyldy. «Şark-şurk» içinden gulplandy. Garrylar biri-biriniň ýüzüne seredip bilmän kän durdular. Gadam aga dolan bokurdagyny arçap, münendäkisinden hem haýallyk bilen aşak ugrady. Tuwak eje sesini çykarman gultundy-da, adamsynyň yzyna düşdi. Bu ýagdaý olara şeýle bir agyr degdi welin, hatda olar häzir biri-birindenem utanýardylar. Köçä çykyp, agajyň kölegesinde oturdylar. Ýarym sagatlap aşak bakyp oturansoňlar, Gadam aga ýerinden turdy.
— Ýör, Tuwak!
— Nirä gideris?
— Hany, şol pederňenälediň özünem bir göreli.
Ýene-de bir taksa münüp, ellerindäki adresi görkezdiler. Girim-çykymly uly jaýyň gapysynda düşüp, işikde duranlaryň birinden Geldini soradylar.
— Häzir arakesme başlanýar ýaşuly, başlygyň özem çykar.
Edil şol wagt owadan goňur kostýumly, ýalpyldawuk mele köwüşli, goňur şlýapaly, tämiz ak köýnekli, owadan galstukly, şu edaranyň ketdesidigi daşyndanam bildirip duran daýanykly bir kişi agras ýöräp gapydan çykdy. Hälki ýigit: «Honha, gelýärem» dikmedik bolsa, Gadam aga öz ogluny tanajak hem däl ekeni. Geldi garrylara tarap gözüni hem aýlaman ötüberdi.
Tuwak eje çagasy elinden gidip barýan ýaly durubilmän:
— Geldi jan! — diýip, ogluna bakan ganatlaryny ýaýdy. — Tanamadyňmy, guzym?
Geldi şondan soň gapdalda duranlaryň öz ata-enesidigini tanap galdy. Gadam aga saglyk amanlyk soraşsa-da, öz sesini özi eşitmedi.
— Öýüňize bardyk Geldi jan, hiç kim ýok ekeni!
Geldi sagadyna seretdi.
— O nähili? Gulýa öýde bolmalydyr ahyry. Onda çykandyrda bir ýana. Men häzir jaň edeýin, gelen bolsa siz baryberiň. Menem iş gutaransoň bararyn. Geldi kabinetine girip, öýüne jan etdi.
— Bilýän, bilýän. Ýaňyja gelip gitdiler. Myhmanhanadan öz ataň-eneňe ýer tapyp bilmejek bolsaň, sendenem bir ýolbaşçy bolarmy? Ýok, ýok, aýtdym gutardy.
Trubkany goýansoň, Geldi näme etjegini bilmän ýaýdandy. Bir gapa, bir telefona owsundy. Ер-esli pikir edensoň, trubkany täzeden göterdi.
— Alo, myhmanhanamy? Bu men, Geldi Gadamowiç. Nemele, neme, sizde bir, iki adamlyk ýer bolmazmyka? Hä... aý, iki günden köp bolaslary ýok-la. Boljakmy? Sag boluň, hoş, sag boluň!
Geldi ýüki ýeňlän ýaly bolup trubkany goýdy. Uludan demini alyp, başyny ýaýkady.
— Ýeri, nä körüňiz bar diýsene? Oturyň-da öýüňizde.
Ol urşup aýrylyşan adamyň ýaraşmaga gelşi ýaly, ýüzüni agraslandyryp, garrylaryň ýanyna geldi. Ol öz ata-enesini — göwsünden ak süýt emdiren ejesini, boýnunda göterip, kemala getiren kakasyny häzir şeýle bir ýük bilýärdi welin, hiç aýdyp diýer ýaly däldi. Hatda öz ýanyndan aýalyny mamla edýärdi.
Gadam aganyň bolsa şöl içini hümledip oturşy. Onuň gulagynda henizem gelniniň sözleri ýaňlanyp dur.
Geldi iki elini jübüsine sokup, ol aýagyndan bu aýagyna böküp durşuna burnuna salyp, hymyr-symyr etdi.
— Häzir men sizi myhmanhana elteýin. Şol ýerde dem-dynjýňyzy alyň. Men işli. Ýygnak bar... Maslahat bar, mm, üh-e, işgärleri kabul etmeli, ýokary bilen gepleşmeli... ühim...
Gadam aga onuň sözüni soňlatmady. Sandyraklap ýerinden turdy, aýaklarynyň üstünde yraň atdy. Içinden «Gelaý, şuňa bir iň soňkymy diýeýin-le!» diýdem welin, ýene-de pähime ýugrulan beden öz däbini bozmady.
Bolýa, köşek, sen ýokary bilen gepleşiber. Biz aşak ötägideris. — Ol aýalynyň elinden tutdy — Ýör, kempir! Ogluň ölüpdir!
Köçede maşyn tutjak bolup durkalar, Geldi olara tarap göwünli-göwünsiz gadam urdy. Tuwak eje görgüli oglunyň gelýänini görüp, pagyş-para eredi. Eýýäm haçan öz ýanyndan onuň günäsinem ötdi. «Häzir bizi öýüne äkider, gelnine käýýär» diýip, öz ýanyndan göwün ýüwürtdi.
Geldi tolgunyp duran ejesiniň deňinden geçdi, kakasynyň ýanyna bardy. Jübüsinden ýigrimi bäş manat çykaryp, Gadam aga uzatdy. Arly-namysly gojanyň bu ýagdaýa süňňi elenip gıtdi. Şu öňünde duranyň öz perzendidigine, öz bilinden önen önelgesidigine ynanmajak boldy. Aşaky eňegini saňňyldadyp, zordan dillendi:
— Seniň maňa bergiň, hak ogul, ýigrimi bäş manat däldir, ol bergiň aşagyndan sen bu dünýede-hä däl, o dünýede-de çykyp bilmersiň. Häýt, şeýle bigaýrat dörejegini bilen bolsam...
Gadam aga saňňyl-saňňyl edip, aňyrrak ýöräberdi. Birdenem yzyna öwrüldi-de, Geldiniň edarasyna tarap barmagymy çommaltdy.
— Bu haýbatly jaýlaram-a bigaýrady uzak penalamaz!
Geldi aşak bakyp, beýlede duran «Wolga» tarap ugrady.
Gadam aga otla münensoň, hasam ejizledi. Soňabaka sesem güňlenç çykyp başlady. Eli-aýagy titräp, endamy gara suw boldy. Tuwak eje ony ýatyryp, üstüne çäkmenini ýapdy. Prowodnikden derman alyp içirdi. Şeýle-de bolsa goja ýolboýy azap çekdi. Oba gelibem iki günläp samrap ýatdy. Üçünji gün diýlende, birneme özüni rastlady. Iki gözüni tegeläp Tuwak ejä seretdi-de, ýüküni agyr gören iner deý uly ili bilen gygyrdy:
— Bizürýat ötüpdiris, Tuwa-a-ak!
Jaýyň depesi aşak inendir öýden kempir lampa aşak oturdy. Şakyrdap açylan penjireden giren güýçli ýel gara gyşyň golaýlandygyndan habar berdi...
***
...Goja kyrk çilläniň garyna çenli aýňalyp bilmedi. Ýer doňup, ak garyň üstünde gara gargalar meýlis guraýan mahaly donuny ýelbegeý atynyp, öýüniň güneş tarapyna çykdy. Gary dörjeläp iýmit gözleýän torgaýlaryň başagaý bolup ýörüşlerine, çyp-ýalaňaç agaçlaryň gar basan başlaryna, gyş ýeline tap getirmän zaryn iňleşýän sütünlere içgin-içgin syn etdi. Kän zatlary pähiminde aýlap, bu dünýäniň özüne görä has gojarakdygyny ýatlap ýylgyrdy. Çygşyl-çygşyl edip ýanyna gelen Tuwak ejäniň ýüzüne seretmän, şol öňki durşuna kese bakyp, kineli gürledi:
— Heý, gördüm-bildim diýen ýokmy?
— Kimi?
Goja öýkelän çaga ýaly ýüzüni keserdip, gapa ýöneldi.
— Aý, bolýar ekende-aýt! — Içeri girensoň ýaňadandan daşaryk boýnuny uzatdy. — Таňkaň gaýnapdyr, haw, kempir!
Taňkadaky gaýnag suwy jürledip, çäýnege guýup oturyşyna, Tuwak eje ärine ýüzlendi: –– Kimi soradyň-a ýaňy?
Goja sesini çykarmady. Içinden bolsa: «Ýeri, bilibem dur welin, munuň soran bolşyna seret-le!» diýip, aýalyna gahar etdi. Pejiň diwar gapdalyna geçip, çaýy öňüne alan kempir «şolk» etdirip, çaý owurtlady-da, gulkuldadyp aňyrsyna geçirdi.
— Ýa, neme jana diýýämiň?
— Neme jan, neme jan, häýt neme jan janyňy alsyn seniň. Tutma şoň adyny meň ýanymda!
— Tutamog-a!
— Tutma!
— Heý-weý, tutmasam nä, men-ä ýöne neme jan diýäýdim...
Tuwak eje hamsykdy, gynajy bilen gözüniň ýaşyny syldy. Nahak ýere ýanýoldaşynyň göwnüne degeni üçin goja-da birahat boldy. Derhal kempiriniň göwnüni göterere bahana gözledi.
— Şuň ýaly gar öňem bir ýola bolaýdymy? — Ol gözünin gytagyny kempire aýlady. — Haçandygy ýadyňa düşýämi?
Kempir peje odun atdy. Burnuny çekip, wysyr-wysyr gürläberdi.
— Geldi jan bolan ýyly şo ýyl. Bir gar boldy, bir gar boldy, kyrk gün dagy eremän ýatdy. Sizem oduna gidipdiňiz-de, ýedi gün diýlende, zordan oba özüňizi atdyňyz. Geldiň welin, murtuňdan, gaşyňdan dagy ýöne buz sallanyşyp dur. Şo durşuňa-da Geldi jany eliňe aljak bolýaň. Bermedim.. Üşederdiň çagamy şonda beren bolsam. Durşuň bilen buza sen o pille.
Goja oturan ýerinde gyşardy-da, çäkmenini ýüzüne ýapdy.
...Gyş geçdi, bahar geldi. Şähere gidilýän ýoluň gatnawy köpeldi. Şondan soň mahal-mahal ir ertir, giç agşam Tuwak eje gojadan ogryn-ogryn ýola seretmäni çykardy.
Ol käte Eýran merkezi bilen obanyň arasynda gatnaýan awtobusyň duralgasyna baryp, bir gyrada çommalypjyk oturardy-da, münýäne-düşýäne gözüni gyrpman serederdi. Esasanam, düşýänlere serederdi. Iň soňky awtobus gelip gidenden son, kynlyk bilen ýerinden turardy-da, kölegesiniň yzyna düşüp, yrgyldapjyk öýüne gaýdardy. Kimiňdir biriniň ýanynda özüni aklajak bolýan ýaly öz-özi bilen gürleşerdi:
— Bu gün gelmese, erte ger, birigün ger. Ge-er! Çagam ger. Hemmäňkem gelýä, meňkem ger. Näme gelmän! Saýypjan gyrnagyň ogly gelmedimi, Oguldöndiň ogly gelmedimi? Menkem ger. Şo-ol uly garda bolupdy-da çagajygym. Atasam öýde ýok. Daşaram bir ga-ar, bir ga-ar...

3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.