Ömür howuzy

Ömür howuzy
Ömri «çagalyk», «oglanlyk», «ýigitlik», «garrylyk» diýip böleklere bölýäler.
«Dünýä inmek» hem «dünýeden gitmek» diýibem ýene iki sany bölegi bar. Soňky
ikiniň her biri, ýokarky dördüň dördüsinem birden öz içine ýerleşdirip bilýän
giňlige-de, çuňluga-da eýe ýaly…
Men ýaňam kakamy beýle gowy göremokdym – ýanymda otur diýýädi, men
bildirmesemem (heýem kakaň bilmezmi?!) oturmagy kyn görýädim. Käteler
käýýär diýip görünmejek bolardym. Elmydam kakamyň meni, meniň kakamy
gowy görşünden has kän gowy görýändigini duýýardym. Bu maňa gaty agyr
degýärdi. Munuň tersine bolmagy üçin näme etjegimi bilmeýärdim. Näme
etsemem kakamyň meni, meniň kakamy görşümden has gowy görjekdigine
akylym ýetip durdy. Edil ýaryşa çykmankaň garşydaşyň özüňden ýyndamdygyny
boýun alan ýaly. Ýogsa ýaryşmak nire, men nire, kakam nire? Ömri dünýe bilen
ýaryş gurmaga-da deňeýärler. Belki, mende-de bir döwürler dünýe bilen ýaryş
gurjak bolmak bolsa bolandyr. Aslynda dünýe menden bu ýaryşda öň gaçmady.
Gaýta men öň gaçan ýaly. Dogulamda başlygyň ekiz körpeleriniň biri bolup
doguldym. Daşymda ejem, gelnejelerim, aýal doganlarym kebelek bolup
aýlanypdyrlar. Juda ir ýaşdakam hat okamagy öwredipdirler, mümkin,aristokratlaryň çagalaryna berilýän edebi bermäge çalşypdyrlar. Bir klasdaşymyň
kakasynyň özüni guşak bilen ýençýändigini gürrüň berende agzymy açyp
galypdym. Guşak bilen ýenjilmek däl, gaty ses bilen üstüme gygyrylanynam kän
bilemok. Ýekeje gezek etmedik işimi etdiň diýip nähak käýýänlerinde beýleki jaýa
geçip erbet aglanymy ýadyma düşýär. Soň, onam hynçygawygymy aýyrmak üçin,
bilgeşleýin edenlerini bildim. Şonda-da kän wagtlap köşeşip bilmändim. Okan
kitaplarymyň diňe atlaryny ýazyp çykjak bolsamam, eslije wagtym gider.
Köpüsem dünýä edebiýaty, iň meşhur, saýlama ýazyjylaryň, şahyrlarynyň
ýazanlary. Olar hakynda ýazylanlar. Olaryň hatlary, gündelikleri… Soňam din-
iman meselesi. Pygamberleriň ömri. Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi we sellem)
hadyslary, sahabalar baradaky kitaplar… Bulary dünýe bilen ýaryş gurmak diýip
hasaplasaň – men juda ir gaçdym. Emma ýeser ýeri, başda ýaryş ýaly başlanan
ömür, soň başga many alýar eken. «Ýaryş» diýlen düşünje şeýle bir ýöntem, şeýle
bir yzda galýan eken. «Ömür» diýleni ilki birhili, soň başga hili okaýan ekeniň.
Geň ýeri, ömrüňe soňky düşünşiňem ilki düşünşiňden gaty daş bolmaýar. Ýöne
olar başga-başga zatlar. Dar ýerde biri-biriňi ozjak bolup barýarkaň, birden
giňişlige çykyp, ýoluň giňdigine, hemme kişä-de ýeterlikdigine düşünip,
pellehananyňam ýitip gitmese-de, asla başga bir mana eýe bolup galyşyna düşünşiň
ýaly. Hereket, öňe tarap ymtylyş dowam edýär, ýaryşam ýok däl, pellehana-da
görnüp dur, emma düýbünden başga duýgy seni gurşap alýar. Ýöne bu duýgy
birden bolup geçenok. «Şu gün ýatdym, ertir düýbünden başga duýgy bilen
oýandym» diýmek däl. Belki bu, dünýeden öten, ýanyňdan giden kakaňy öňküňden
has gowy görüp başlamagyň bilen başlanýandyr. Ýa-da indi özüň ogullaryňy
ýanyňda oturtmaga çalyşmaga başlamgayňda başlanýandyr…
Ömür – dürli çuňluklary bolan ullakan, bütewi bir howuza meňzeýän, oňa-da
her kim, ýeke-ýeke çümüp çykyp barýana meňzeýär. Kakamyň çümen howuzynda
bu gün men, ertir ogullarym, soň agtyklarym… yzly-yzyna, nobatma-nobat çümüp
çykyp barýarys…
0 лайков 113 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Guljan
12 сен 2021, 02:46
Çeşme: Ekizler2.Сom
Halima_Oraztaganova
Автор 12 сен 2021, 09:27
Guljan,
Yiok mnde onun yorite kitaby bar...mn saytdan alamok