Sumbar - dag goýnundaky derýa jülgesi
Sumbar derýasynyň jülgesine tekiz belentlikden geçýän dag ýollaryna düşüp, Nohur ýa-da Saýwan obalarynyň üstünden geçip, soňam egrem-bugram ýoda bilen baryp bolýar. Emma iň gowusy, iň bolmanda, bir gezek uly ýol bilen ulagly baryp, jülgäniň ajaýyp bosagasyndan – “Aýly dagdan” girmekdir. Bu ýer günorta-günbatar Kopetdagyň ajaýyp künjeklerinden biridir.
Türkmen halkynyň taryhynda Sumbar jülgesi aýrybaşga eziz görülýän ýatdan çykmajak ýerdir: bu ýerde akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ýaşlygy geçen.
Jülgede hatyralanýan ýerleriň arasynda biziň günlerimize çenli zaýalanman saklanyp galan XIV-XV asyra degişli binagärlik ýadygärlikleri: Öwezberdi şyhyň, Magtym azymyň we Şyh Attar Weliniň aramgähleri-de bar. Bu ýadygärlikler bişen kerpiçden gurlan goşa gümmezli gönüburçly mawzoleýlerdir.
Rowaýatlara görä, mongol çozuşyndan iki asyr soň Jürjende doglan Magtym-azym diňe bir aňyrdan gelýän, ata-baba sopy bolman, eýsem “on ýyllap öz welaýatynda adyllyk bilen hökümdarlyk edipdir” – megerem, bu ýerde gürrüň türkmenler ýaşany üçin, Türkmensähra diýlip atlandyrylýan Etrek we Gürgen derýalarynyň aralygy barada barýan bolmaly. Ol 900-nji hijri ýylynda, ýagny 1494-nji ýa-da 1495-nji ýylda aradan çykypdyr. Şonda iň ýakyn şägirtleri we egindeşleri, ähtimal, onuň wesýetine görä, merhumyň jesedini ak maýa ýükläp, ýola düşüpdirler. Keramatly öwlat neslini maýanyň aýak çeken ýerinde – Sumbaryň beýik kenaryndaky ajaýyp jülgede jaýlapdyrlar.
Derýa hanasynyň egremlerini gaýtalaýan ýol jülgäniň düýbi bilen egrem-bugram bolup, barha ýokary galýar. Onuň ugrunda Gerkez, Arap ata, Arapjyk, Tutlugala, Kürüždeý obalary ýerleşýär, ählisini sanap çykar ýalam däl. Bu ýerdäki zatlaryň hemmesi: gadymy galalaryň harabalyklary-da, hut geçen asyrda Sumbaryň kenarynda ösdürilip ýetişdirilen dänäni ýadawsyz üwän degirmenleriň meseneleri-de taryhdan habar berýär.
Mysal üçin, Fahretdin toplumynyň bir bölegi bolan Ýazyrgalany türkmeniň garadaşly taýpasyna hanlyk eden Ýazyr hanyň ady bilen baglanyşdyrýarlar.
Ýene bir taryhy ýer Saýwan obasynyň demirgazyk-günbataryndaky Köpetdag gerşiniň günorta eňňidinde gurlan Garrygala galasydyr. Dag landşaftyny ussatlyk bilen ulanýan kiçeňräk gorag berkitmelerini her obada diýen ýaly görmek bolýar. Kürüždeý we Tutlugala obalarynyň golaýynda ýerleşen Goçdemir şarlawugynyň ýanyndaky berkitmeler iň bir dykgata laýyklary bolup çykdy.
Bendesen obasyndan günortadaky Güjükdagda ýerleşýän tebigy gorag desgasy bolan Margyzgala bizde unudylmajak täsir galdyrdy. Bu ýerde dagyň depesi uçut gaýalarda ýerleşýän 1200 metr beýikligi bolan düzlükdir.
Geçen asyryň 70-nji ýyllarynda arheolog I. N. Hlopin Magtymguly obasynyň günbatar böleginde gadymy gonamçylygy tapypdyr. Ol Sumbar derýasynyň orta akymlarynda 200 töweregi mazary öwrenmegi başarypdyr, bu mazarlar adamlaryň bu ýerde hemişelik ýaşandyklaryna we iň irki oturymly ýerleriň b.e. öňki IV müňýyllyklara degişlidigine şaýatlyk edýär.
Gyzyl ymam obasynyň golaýynda ýerleşen Çendirdäki (goňşy jülgede) gadymy gonamçylyk birnäçe asyr mundan ozal türk taýpalary tarapyndan gurlan dik mazarbaşy sütünleri we ellerini bykynyna urup duran adam şekilli plitalar – balballar bilen giňden tanalýar. Bu daglyk mesgeniň ýene bir ajaýyp zady gowaklardyr. Çendir derýasynyň sag kenarynda, beýikligi 30 metrden köp bolmadyk kert baýyrda ýerleşýän Üç deşik ýa-da bu ýerde atlandyrylyşy ýaly, Şeripe gowagy bu daglyk mesgeniň ýene bir görülmäge mynasyp ýeridir.
Magtymguly etrap merkezinde Botanika institutynyň Ylmy-önümçilik tejribe merkeziniň synag stansiýasy bar, bu ýerde iň gymmatly subtropik miweli we bezeg ösümlikleriniň baý ýygyndysy – ýerli we ýat ösümlikleriň iki müňe golaý görnüşi bar. Arheologlaryň tapan kükürt-wodorodly şypaly çeşmesi we bürünç eýýamynyň mazar ýadygärlikleri bilen meşhur bolan Parhaýa girilýän ýerde Sünt-Hasardag goraghanasynyň mülki bar.
Bu ýerlerde ösýän ösümlikeriň 45, haýwanlaryň 56 seýrek duş gelýän görnüşi Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň täze neşiriniň üçden bir böleginden köprägini düzdi.

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.