Turkmenistanda ozal habar berlişi ýaly, Mary welaýatda Hajyýewa Ajapsoltan diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem bütin dünýäde iň uzak ýaşaýan ýaşaýjylaryň biri bolup durýar. 121 ýaşly aýal uzak ýaşamagyň syrlaryny ýerli metbugat korrespondentleri (habarçylar) bilen paýlaşdy. Adamyň hemişe hereketde bolmalydygyna belläp geçdi, Ajapsoltan Hajyýewa ine şeýle diýdi: “Durmuşda sagdyn we akýürekli
—Giren-çykan saňa girip-çykjagyny aýdar durarmy!—diýip, garry daýza ýene gaharyna gaýnap başlady. Goja-da ýeň bermedi: —Goňşularam ylgaşyp geldiler-ä derrew. Şolaram giren-çykany gördük diýenoklar. Garry daýza öz diýenine tutdy: —Girip-çykjak adam seň goňşulaň öňünden ylgap çykasy ýok, çal. Јpişgeden bökenden bukulandyr ol bag-sagyň garaňkysyna! —Entek bu işi gowy öwrenmeli—diýip, sülçi Soltanow
Gaharyna ekspert gelniňem göwnüne degenini sülçi Soltanow diňe gelniň öýkeli sesinden soň aňdy. —Bagyşla! — diýdi-de, trubkany ýerinde goýdy. «Delony» ýapyp, ýene kabinetinde eýläk-beýläk gezmeledi. Soň ilkinji ýogalan ýigidiň hossarlary bilen hut özi gidip, gürleşip görmegi niýet edindi. Ýene «Delony» açyp, olaryň adresini gördi. Çakylyk hatyny ibermekçi boldy. Soň goýbolsun etdi. «Wakanyň bolan
SÜLÇI SOLTANOWYŇ IKINJI ÖÝLENIŞI (Başdan geçirmeler powesti) Ine, indi bir hepdäniň içidir, onuň kelle döwüp oturyşy. Hernäçe pikir öwürse-de, kelebiň ujy tapylyberenokdy. «Näme etmeli? Nämeden başlamaly?» diýen sowallar onuň beýnisini edil gurçuk kimin iýýärdi. Içeri işler bölüminde oňa uly ynam edildi. Uly başlygyň hut özi onuň arkasyna kakyp, haýyş etdi. Başlygyňam bu iş baradaky aladasy
Şu ýyl mekdebi tamamlanmyza 25 ýyl bolýar. Eger nesibämizde bar bolsa klasdaşlar bolup üýşip belläris. Bu zatlaryň işi haýyrla, ýöne meni başga bir zat alada goýýar. Meni klasdaş oglanlaryň biri alada goýýar. Men bir klasdaş oglany köpden bäri göremok. Eger haýsy klasdaşyňy görmeýän bolsaň, bilip goý. Şol klasdaşyň türmededir, —diýip bir dostum aýdypdy. Men şu ýylyň başynda ýatlamalarymy dördüm
Sazak ellerini daldalatdy. Ýene ýalana ýüz urdy: —Yzyma bir topar adam tirkäp barsam, aňyrda-da... olaňňam gaharlary geler... „Hossarlaryny tirkäp ýör-ä“ diýerler, kaka! Bu gezek ok nyşana dogry degdi. Sähet aga uludan dem alyp, baş atdy. —Hawwa...—diýip, sesini süýkdürdi.—Onyňam dogry. „Höküwmetiň buýran işini etmejek bolup, yzyna hossarlaryny tirkäp gelipdir“ diýseler, abraý-a däl... Mesele
Sazak iň soňky ekzamenleriň öň ýanynda ýene oba rowana boldy. Özüniňem galpyldysy az däldi. Syrynyň paş bolaryndan az heder edenokdy. Aladaly pikirler basmarlaýardy. Ýagdaýyny aýdyp, ekzamen bahanasy bilen basymjak yzyna at salasy gelýärdi. Gepi nämeden başlajagyny bilmänem, kän ýaýdandy. Ýöne kakasynyň özi muňa itergi beräýdi. Ol ýeke gulakly pili bilen jaýlarynyň gapdaljygyndaky ep-esli meýdany
Durna bolsa gökdedi... (nowella) Institut bilen hoşlaşylmaly pursat golaýladygysaýy Sazagyň kejebesi barha darygýardy. Sebäbi ol heniz kalbyny heýjana salýan arzuwlary hakda hiç bir hossarynyň ýanynda dil ýarmandy. Ýogsa bu arzuw onuň kalbyna Aşgabada gelen ilkinji pursatlarynda çöküpdi. Uzakdaky gumly obadan gelen oglan uçardan düşenden, ýaşyl baga çümüp oturan paýtagtyň gözel keşbine işdämenlik
Hemme zat adaty ýagdaýda başlady. Ol dükana girenden täze satyjy gyza gözi düşdi. Aslynda ol birje çörek almaga gelipdi. Ýöne kassaň deňine eli boş barmaga çekindi. Ol ýene birki zat alyşdyrdy-da satyjynyň hasaby aýtmagyna garaşdy. Soňra müşderi çak edişinden köpräk aýdylan hasapdaky puly jübüsinden gözlemäge başlady. Onuň "bir manat ýetmeýän eken, bir çöregi yzyna goýaýaýyn" diýerine
Hemme zat adaty ýagdaýda başlady. Ol dükana girenden täze satyjy gyza gözi düşdi. Aslynda ol birje çörek almaga gelipdi. Ýöne kassaň deňine eli boş barmaga çekindi. Ol ýene birki zat alyşdyrdy-da satyjynyň hasaby aýtmagyna garaşdy. Soňra müşderi çak edişinden köpräk aýdylan hasapdaky puly jübüsinden gözlemäge başlady. Onuň "bir manat ýetmeýän eken, bir çöregi yzyna goýaýaýyn" diýerine