Çagalygymyň sezasy (Ogulsenem Taňňyýewa) 5

Göwnüme, ýüzi meňli betnyşan başlyk birden meniň jyklaýanymy duýagada, atylyp daşaryk çykaýjak ýaly duýuldy. Men ädim ogurlap, yza çekilmäge başladym. Mamur ejäniň gapysyna baryp, badymy sakladym. Şondan soň ýagydan sypan dek, ýüregim birneme ýerine gelip ynjaldym. Mamur eje ýuwaşja pyşyrdap, maňa ýüzlendi: —Bir zatdan gorkduňmy, balam?—Şeý diýibem, ol jogabyma-da garaşman, meni içerik

Adam organizminiň täsinlikleri

Biziň bedenimizde şu täsinlikleri bar: ● Bedeniň gan bilen üpjün etmeýän ýeke-täk bölegi göz perdesidir. Göni howadan kislorod alýar; ● Adam beýnisiniň sygymlylygy 4 terabaýtdan ýokary; ● Ýedi aýa çenli çaga bir wagtyň özünde hem dem alyphem-de ýuwdup bilýär; ● Asgyranymyzda bedeniň ähli funksiýalary, hatda ýürek hem durýar; ●Nerw impulsy beýnimizden sagatda 274 km tizlik bilen hereket edýär; ●

Çagalygymyň sezasy (Ogulsenem Taňňyýewa) 4

Men ýerime geçip ýatjagymam bilmedim, ýene gidip äpişge garawullajagymam. Bosagada sadylla boldup durdum... —Sen indi ýatyber, balam—diýip, Mamur eje keçeden ýüzüni galdyrman, maňa ýüzlendi. Özem aglaýan bolmaga çemeli, aýalaryny gözowalarynda gezdirdi. Meniň diýseň ukym gelýärdi. «Ýat» diýlerine mähetdel, ýerime geçdim. Dessine-de uka gidipdirin... Men ýatamsoň, mamur ejäniň ýatanyny-ýatmanyny

Çagalygymyň sezasy (Ogulsenem Taňňyýewa) 3

Ejem garaçorba bişirdi. Her gün agşam edişi ýaly, gulaklaryna ýüp daňlyp, eltutar edilen alýumin pitijige-de çorba guýup, maňa berdi. Goltugyma-da ýarty çöregi gysdyrdy: —Al, Mamur ejä äkit! Iýip-içip bolanymyzdan soň, bizem aýlanarys! Men çörek bilen pitini alyp, ýolda düşdüm. Garaňky gowy gatlyşan hem bolsa, bu gün nämüçindir, Mamur eje çyrasyny ýakmandyr. Gapysy welin açyk durdy. Ol aýak

Çagalygymyň sezasy (Ogulsenem Taňňyýewa) 2

Kakamyň diýseň gowy görýän Abdylla atly bir dosty bardy. Adamlar ýaşytdaş bolmasalar-da, elbetde, biri-birlerini sulhlary alyp, dostlaşaýýandyrlar-da. Men şol wagtlar kakam bilen onuň Abdylla dostunyň ara tapawudyny saýgaryp durmazdym. Ýöne Abdylla kakamyň kakamdan ep-esli kiçidigini duýýardym. Sebäbi kakamyň eýýäm üç çagasy bardy. Abdylla kakamyň bolsa ýekeje. Özem ol bäbekdi. Ýakyn garyndaşymyz

Çagalygymyň sezasy (Ogulsenem Taňňyýewa) 1

Çagalygymyň sezasy Men öz bolup gaýdyşymyň soňunyň ýöne-möne gutarmajagyny şol wagt hem aňypdym. Ýöne tötänleýin sataşan wakam sebäpli, bialaçdym. Meniň düşen şol tötänleýin ýagdaýyma duçar bolan ynsan çagasynyň hiç birisem beýle pursatdan haýdan-haý derekli netije çykaryp bilmese gerek. Hut garaşyşym ýaly boldy. «Baş redaktora seniň üstüňden arza ýazyp gelipdirler» diýip, sekretar gyz

Gurbannazar Ezizow - Erteki we hakykat

Gyz diýenmiş: «Çyn bolsa seň söýýäniň, Symrug getir — gözelligi dünýäniň.» Ýigit gyzyň buýrugyny bitiren, Uzak ýurtdan symrug guşun getiren. Ýene biri gylyç dakyp biline, Gidenmişin aždarhanyň iline. Kesip olaň kellesiniň baryny Tapanmyşyn anbar ysly bägüli. Bägül alyp ýar ýanyna gelenmiş, Aýşy-aşrat bilen meşgul bolanmyş. Menem öz ýarymy jandan söýýärin, «Buýrsaň, symrug getireýin» diýýärin.

Gurbannazar Ezizow - Ynanjaň gyz

On ýyl geçdi gün ýaly, Oýlanýaryn sen hakda, Ynanjaňdyň gar ýaly, Eräp gitdiň dodakda. Saňa, «Soltanym!» diýip, Umyt baglapdym göge. Ynanjaňdyň ýagyş deý, Siňip gitdiň topraga. Sen ynanjaň gözeldiň, Bakardyň sen uzaga. Sen ynanjaň durnadyň, Düşdüň ýerde duzaga. Düşüberdiň, kän düşdüň, Düşüberdiň ýene-de. Şeýdip, ýerde düşündiň Hile diýen senede. «Men seni söýýän!» diýip, Bir gün çökdüm dyzyma.

BÄŞ BENT GOŞGY (Hekaýa)

Işden aryp gelip, çaý-naharymy iýemsoň, biraz dynç almak üçin telewizoryň öňünde gyşardym. Ýassygy tirsekläp, «mawy ekrandan» goýberilýän gyzykly tomaşalara syn salyp oturyşyma birden körpe gyzyma gözüm düşdi. Göwnüme bolmasa, onuň öňküligi ýokdy. Ýüzüni sortduryp otyrdy. —Aýperi, näme keýpsiz otyrsyň, gyzym? Ýaraňokmy?—diýip, men oňa gep goşdum. —Şeýle öýdýän...—diýip, gyzym başyny aşak salyp,