Sen beýiksiñ, beýikleriñ beýigi, Ejizleriñ, ýalñyzlaryñ diregi, Eliñdedir iki dünýäñ şalygy, Munda şeýtan, onda dowzahdan gora!. Gora eziz Allam bela-beterden, Dost sypatda gelen duşmandan gora, Uzakda saklagyn biwepa ýardan, Namyssyz bihaýa hatyndan gora!. Pesse goýma, sakla iliñ deñinde, Ejizletme namartlaryñ öñünde, Durmuşumyñ bu külpetli ýolunda, Başa geljek agyr hallardan gora!. Tilki şagal
Gulagyñy şu aýtjak sözlemden gandyr, Ýat tut şu ýazylan setirlem meniñ, Ykbal şäher içi awtobus däldir, Bir gitsem yzyma getirme, meni. Bil, aýnany gum içine gaçyrsañ, Soñ keşbiñem tutuk görner bakañda, Eger okap düşünmegi başarsañ, Ýañky iki setir göwnüm hakynda. Bu hala özüñi salyp görme sen, Tap getirmez, gowşa:r aklyñ nurbaty, Sataşsak ýüzümi salyk görme sen, Meñzim ynjan duýgylarmyñ suraty.
Zeýrenme sen: , Gören günüm ýok" diýip, Görensiñ, kän gowy günler görensiñ, Ine birje mysal: Nämä degmeýär, Bir bälçigi diñläp-diñläp gönenseñ... Ýa, meselem, çykan günüñ bergiden, Dogryñdan gel! Bir ýaşansyñ ahyry, Ykbala müñ şükür edeniñ bilýän, Aýrylanda kelläñdäki agyry. Bir eýjejik, eteneje çagañy, Göterip gaýdañda bäbekhanadan, Aýt ahyry! Seniñ özüñ jahana, Gelen ýaly bolmanmydyñ
Köňül içre aý dogup, ýalkym salsa göwnüňe, Haýyr donly pikirler görer ýoda-ýoluny. Hoş niýetli oýlaryň, eger, gelse amady, Seniň aýaň içine döker bary-ýogyny. Beleň alyp sen ondan, galkyndyryp ruhyňy, Nazaryňy dikersiň asman giňişligine. Görersiň ak bulutlaň gökde gaýyp ýörşüni, Synlap duran görnüşüň dartarsyňöz demiňe. Ýaradanyň ak niýetden döreden ak niýetin, Ekiz-ekizden dogrup, köpelmegin
Iliñkiden üýtgeşik däl durmuşym, Ýazgydymam sadalykdan ýazylan. Esasy zat şolañ şonlugna şükür, Ikimiz bir ýolda, dogry çyzylan. Bolmasa-bolmasyn, her gün mähremlik, Günleñ gelşin kabul edýäs biz bile. Esasy zat gözlermiz aýry däl, Gözler doýsa söýgi geçermiş dile. Dile geçýän söýgi ýalandanmyşyn. Gulagam ýalana gulak asarmyş. Şonda kalpda ejiz galyp ysnyşyk, Aýralanyp eginlerni gysarmyş.
Gijäň zaryn aýdymy kalbyňy ýaralasa- Ýa-da manysyz boşluk göwnüňe ýaramasa- Çykar baryn kelläňden, hiç zada garama-da – Ylga. Şol öňki ýerde garaşaryn. Tap meni! Güýzleň agras gussasy dilse duýgulaň taryn – Ýatlamalaň derdinden, eger, teň bolsa halyň – Tut-da aňry çetinden bizi duşuran ýoluň Yzla. Şol öňki ýerde garaşaryn. Tap meni! Öçse gündiziň reňki, gyrlyp köňül ganaty – Ten bermegin takdyra
Gadymy basnýaçy Ezop şeýle bir garyp ekeni welin, hatda bergilerini üzlüşmek üçin gul bazarynda özüni satmaga mejbur bolupdyr. Şol wagtlar ol otuz ýaşynda eken. Mark Twen edebi tahallusy bilen eser döreden Semýuel Klemens oňat oýlap tapyjy bolupdyr. Onuň oýlap tapyşlarynyň arasynda galamgärler üçin niýetlenen, sahypalary aňsat goparylyp alynýan ýandepderçe, süýşürilýän tekjeli şkaf bar, ýöne iň
Sen aglasañ ýüzün salýar gözellik, Sen aglasañ ýaşaýyşym togtaýar, Seret! Ýylgyrmaga sebäp kän ahyr, Hemmelerem gülmekligi nygtaýar... Sen aglasañ süllerip dur güllerem, Zeminiñ gyzygy gaçýar şo pursat, Her gözýaşyñ ömriñ kemeltýämişin, Kineli ýaşasa gussaly gursak... Sen aglasañ menem durup bilemok, Bogazymda tegek bolýar sözlerim, Göwnüñe tekgelik bererin ýöne, Seniñ hergiz aglamagña
Soñky döwür ýeñlesleşen beýnini, Agyr zähmet däl-de pul heläk edýär, Suwmeýilli gurbaga deý kalplary, Her ýana uzaýan dil heläk edýär. Kimler gussasyny ýoklajak bolýar, Kimler güzerany aýlaýar zordan, Arzuwyny ýassyk edip, ýassanyp, Kimleri semizlik gözleýär hordan. Ertire umydyn ýitirýär biri, Ýene biri ,söýgi" diýip uwlaýar, Çünki, köplenç ynsan ýalñyş zat üçin, Ak niýetin gara ýere