TERSAKAN

«Ýazan kitaplarym syla aldyryp, Gözlerim yzynda girýan eýledi» Soňudagynyň üstüne Büjnürt, Astrabat hanlary hüjüm edenlerinde, Magtymguly bu ýerde oturýan gökleň ilatynyň dagyň ýeňsesindäki Gyzylbaýyr diýen ýere barmagyny masla hat berýär. Duşman atlylarynyň geçjek geçelgelerinde mer genleri ýatyrýar. Bu wagtlar Nowruz günleridi, häli-şindi çabga ýagyp, syl gelýärdi, çaýlar dolup akýardy.

ZAMAN GASSAP

Garrygalanyň Gyzyl (düýp) obasynda Zaman işan diýen biri ýaşaýar eken. Günlerde bir gün mal almaga gelen iki adam onuň öýünde myhman bolupdyr. Bu myhmanlaryň ýanynda bir horjun teňňeleri barmyşdyk. Zaman işan bu adamlaryň teňňelerine göz gyzdyryp, iki sany haramyny tapyp: — Men şu myhmanlary ýola salyp, size habar bereýin, siz hem olar pylan ýere baranlarynda, gapdallaryndan çykyp

GAÝGYLY HABAR

Magtymguly hywadaky, «Şirgazy» medresesinde üç ýyl okap, dördünji ýyla aýak basanda, tätil wagty1 Etrek tarapyndan Magtymgulynyň oglunyň näsaglygy hakyndaky habar gelýär. Magtymguly Etrege gaýtmaly bolýar. Magtymgulynyň gaýtjak habary onuň dost-ýarlaryny, bile okan talyplaryny, ony tana- ýan daýhanlary örän gynandyrar. Gaýgyly günde ýeke goýbermezlik üçin, onuň jangöýer dostlary bolan Nury

MAGTYMGULY WE NURY KAZYM

Buharanyň Gögeltaş we beýleki medreselerinde ders bermek üçin çagyrlan Siriýa türkmenlerinden Nury Kazym ibn Bahr di- ýen alym bile Magtymguly tanşyp, onuň bile dostlaşýar. Günlerde bir gün Buhara medreselerinde okaýan talyplaryň arasynda dörän ahlaky bozuklygy halaman, Nury Kazym ilki Isfihana gaýdar, soň Bagdada gidýär. Birnäçe wagt geçenden soň, Magtymguly hem Buhara medresesini taşlap,

DURDY ŞAHYR

Türkmeniň ata urugyndan Durdy şahyr diýen adam Döwlet mämmediň deň-duşragy bolup, Etrek sebitlerinde ýaşapdyr. Magtymgulyň ýaş wagtlary Durdy şahyryň oňa göwni ýet mez ekeni. Kä wagtlar ikisi jedelleşer ekeni. Ilkinji gezek bular goşgy aýdyşanlarynda, Magtymguly, bir harpyň üstünde ýalňyşýar. Bu ýagdaýy gören Azady: — Haçan onuň bilen aýdyşjak wagtyň meniň bile gepleşgin — diýip,

ORAZMEŇLI ŞAHYR

Magtymgulynyň ýakyn dosty bolan Orazmeňli ýaş wagtynda bir dul aýalyň Hanserwer diýen owadan gyzyny söýýär. Bu ýagdaýy duýan gyzyň hossarlary, günleriň birinde hiç kimeduýdurman, aýryýeregöçüpgidýärler. Emmadaglykýoldan barýarkalar, edil ýoluň ugrundaky bolan çeşmäniň gyrasynda bir uly gaplaň ýatyr eken. Bularyň bilgeşle gyzy alyp gaçandyklaryny eşidip, Orazmeňli atlanyp, olaryň yzyndan at

«SIZ ELE BAKÝARSYŇYZ»

Geçen asyrlarda Buhara şäheri Orta Aziýanyň, Gazagystanyň dini hem söwda merkezi bolupdyr. Ol ýerde bolan köp sanly medreselerde dürli halkdan talyplar gelip okapdyrlar. Türkmenlerden bolan talyplaryň hem köpüsi şol ýerde okapdyrlar. Biziň beýik babamyz Magtymguly hem Idris babadan soň Buharada belli bolan medreselerden Gögeltaşda okamak üçin hem ol ýerdäki kazy-kelanlara öz ýazan eserlerini

GÖZEL TEBIGAT AŞYGY

Magtymguly oňat eserler döretmekden ötri, ýaz hem tomus wagtynda dowat-galamyny hem depder-kagyzlaryny göterip, Etrek çaýlarynyň owadan kenarlarynda, salkyn saýalarda, gyşyna bolsa daglaryň ömür şemal düşmeýän ýyly gowaklarynda oturyp ýazýar eken. Magtymguly öz-özünden ösýän injir, hoz, nar, badam, jenewüt (söwüt), arça, üzüm, zirk, böwürslen we ş. m. miwelimiwesiz agaçlar ýazyna parç bolup,

MAGTYMGULYNYŇ ÝAŞLYGY

Magtymguly ýaş wagtynda obanyň çekenesiniň owlakguzularyny bakar eken. Ol özi ýaly çopan-çoluklar bile dostlaşyp, ýakynlaryndaky öri meýdanlarynda olar bilen duşuşyp, her hili oýunlar oýnaýarlar, kä wagtlar bolsa aýdym aýdyş- ýarlar, tüýdük çalyşýarlar; matal, erteki we şuňa meňzeş halk döredijilik eserlerini aýdyşýarlar. Magtymguly ýedi ýaşda öz atasynda okap başlaýar, on ýaşa

PARASATLY YNSAN

Döwletmämmet oba oglanlaryny okadar eken. Ol mundan baş- ga az-owlak çarwaçylyk hem daýhançylyk bilen-de meşgul bolupdyr. Munuň ekin-tikin hojalyk işlerine uly ogullary Muhammetsapadyr Abdylla kömek eder ekenler. Ol bir çeşmäni bejerip, ekmäge başlaýar, munuň eken gawun-garpyzy, kädisi, jöweni gowy bitipdir. Azady ekin ekmekde ilata görelde görkezipdir. Şondan soň beýleki çarwalar hem