Şahyrlar !

@Pegas, @Belki, @Hiayress, @Nirvana, @Massimus, @ResulT, @Aksary, @Hemedany, @Ahmedik_97, @Ötegçi we beýleki agzalar ! Size soraglarym bar, bir teswirde doly jogaplañ . 1.Goşgy näme ? 2.Poeziýa näme ? 3.Kapiýa näme ? 4."Hakyky goşgy" nähili bolmaly ? 5.Goşgy näme üçin ýazylmaly ?

Indi söýseñde giç , söýmeseñde hiç....

Göwnine degeñsoñ bagtly günleriñ Aglanyñda näme ? Güleñde näme? Sergezdan duýgular dökdi güllerin Bilmäniñde näme ? Bileñde näme? Birmahal azaşan umydy dolap Gelmäniñde näme? Geleñde näme? Garyp galan yşky gözlerñe çolap, Gepläniñde näme? Dymañda näme? Gör kimi ýoklapdyr yşkymyñ dady, Örteneñde näme ? Köýeñde näme? Ah, indi dag ýaly Tirkişmyrady Söýmäniñde näme ? Söýeñde näme? awtor : Tirkişmyrat

Adamzadyñ ýüregi

Köpi gaýgy azy şat Adamzadyñ ýüregi. Ol tüssesiz ýanýan zat Adamzadyñ ýüregi. Duýgyñ bar ýeri içgin, Gamhanadyr içi giñ. Güýçli hem ejiz jigim, Adamzadyñ ýüregi. Garradyp bilmez zaman, Söýenine ol rowan Gutarylmaz bir roman, Adamzadyñ ýüregi. Şeý diýeýin ýa- da dur: Biri yssy adadyr, Kimde Antarktidadyr, Adamzadyñ ýüregi. Ähli zada ýeter ol Garynjadan beter ol Köp ýükleri göterer, Adamzadyñ

Köýen söýgi hakda şygry okap...

Galamdan çekilen gyzgyn perdäni Syryp, göwne ýazdym setirdir bendi. Bu niçiksi şygyr? Aýtsana,şahyr. Maña agyr geldi çekerden derdi. Ýyllaryñ böwründen geçipdir parran, Gülle deýin çümüp, galdyryp yzyn. Bir gyzyñ ýüregne ýetmedik duýgyñ Kalbyn paralady özge bir gyzyñ. Ýer bagyrtlap galanyña gyýylma, Howlukma,pursat ber dañyñ atarna. Wysal alawyna çoýmadyk yşkyñ Goşdy adyñ beýikleriñ hatarna.

Gurban bayramynyz mubarek bolsun!

Gurbanlykda gezelin, Taze koynek geyelin, Sacaga nygmat goyup, Gurbanlyk shorny iyelin! Gurban bayramy, namazy kabul bolsun! Allajan hemma saglyk, yrsgal-dowlet ecilsin! Gurban bayramynyz mubarek bolsun, berjek sadakalarynyz Allajanyn dergahinde kabul bolsun! Yeneki yyllara sagluk bilen huday yetirsin!

Adamçylyga bolan garaýyş

Ýalňyşlyk Näme diýse şony diýsin özgeler, Meniň bu meselä öz garaýşym bar. Adam ýalňyşýarmy, diýmek özgerer, Diýmek, oňa soňra ösüş garaşýar. Durmuş Kiselýowyň “algebrasy däl”, Durmuş algebradan çylşyrymly has, Onda ýalňyşmagam asyl günä däl, Çünki ýalňyşmazlyk üçin ýalňyşýas. G.Ezizow Bir adamyň eden ýaramaz işiniň netijesinde, ol adama geljekde-de ýaramazçylyk eder diýip bilmeýäris. Her bir

Gutlag!

Salam hormatly agzalar.Ertiriniz hayyrly gununiz sowly bolsun.Gurban bayramynyz gutly mubarek bolsun.Eden doga dileglerin alla dergahinde kabul bolsun.

Türkmenistanda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine resminamalar 11-nji iýuldan alnyp başlanar

2022-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasy, 2022-nji ýylda Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasy tassyklanyldy. Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine: okuwa kabul etmegi 2022-nji ýylyň 11-njy iýuly — 26-njy awgusty aralygynda guramak, okuwa kabul etmek boýunça

Tölegli esasda bilim alan talyplara iki ýyllyk zähmet tejribesini geçmezden diplom berler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerini tölegli esasda tamamlan talyplara iki ýyllyk hökmany zähmet tejribesi bolmazdan diplom bermek baradaky teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda aýdyldy. Şeýle hem Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýokary okuw