OBA. ÝAZ GIJESI
Bu gije negözel asman keşdesi, Utanyp baglara siňipdir tümlük. Ýöne bilmen şatlyk pasly geçdimi, Göwnüme gam-gubar giripdir sümlüp. Hut ýaňy bir gyzyň gözüniň ýaşy Aýyň ýagtysyna buldurap gitdi. Ýüregimi gyýyp, owadan naşy Ykbal gijelikde gözümden
5 лайков 108 просмотра 1 комментарий
Aýralyk mukamy
AÝRALYK MUKAMY Tamdyraň agysy, gyjagyň zary — Ine, maňa bar ýeten zat Watandan. Gowy dälmi ýat ülkede erkinlik Öz iliňde gözenekde ýatandan?! Ýa gabyrda ýatandan, Ýa dereksiz ýitenden... Aç ölen ýagşy dälmi Mertebäňi satandan?! Utulan gowy dälmi
6 лайков 143 просмотра 1 комментарий
Ýagyş dynuwsyz ýagýardy...
Sil Sil obany basypdy. Üç günläp dynman ýagan ýagyş obanyň bütin çägini uly köle dönderipdi. Ýagyş dynuwsyz ýagýardy. Göýä, gögüň garnyny kimdir biri ýiti pyçak bilen ýaryp, asmandan şaglap suw dökülýän ýalydy. Mal-garanyň howsalaly sesi, itleriň
10 лайков 190 просмотра 7 комментарий
ELEGIÝA
(Eziz Amannazarowyň ýagty ýadygärligini hatyralap) Ýokdy seniň zyýat dilewarlygyň, Setirleriň bardy diňe ok ýaly. Ýöne indi ýokkaň bilýän barlygyň, Bar wagtlaryň ýaşasaňam ýok ýaly. Ajy habaryňa bozuldy asman, Entek boş “jaýyňy” ýuwdy ýagyşlar.
13 лайков 462 просмотра 14 комментарий
Ýaşa
Baýlygyň bil älem içre barlygyň, Ýakyn-ýadyň bile il bolup ýaşa! Darykdym men bilip dünýäň darlygyn, Dünýede dünýe deý giň bolup ýaşa! Başyn nä gowgaýa salyp pelegiň, Ýaşan mert türkmendir seniň pederiň. Eyer — tagtyň, döwletiňdir bedewiň, Oguz
7 лайков 78 просмотра 0 комментарий
BU GIJE...
Bu gije gussa kän kalby gemirýän, Tebigat dem alýar agyr hem tukat. Ýyldyzlar birsyhly süýnýär asmanda, Şemallar ses edip gidýärler uka. Köpýyllyk hassa deý tutuksy asman, Aýylganç dymyşlyk ýöredýär hökmün. Oýunçylja guşlar näme! Şolaňam bu gün
9 лайков 151 просмотра 1 комментарий
Ykbalymda düşlän ynsan
Bir gün saňa täze ýazan goşgymy okadanym ýadyňdamy henizem? Belki, şol wagt dogrymy aýdyp bilmänimi aňman, bu wakany unudansyňam. Ikimiz üçinem täsindir, asyl şol günki täze ýazan goşgymda gönüden-göni seniň suratyňy çekäýen bolsam näme?! Ýöne sen
4 лайков 77 просмотра 0 комментарий
GÜRLEME
Gürleme! Diliňe alma! Sözde ýalan bar. Gepiň içine salma Garma saman-sepile Sygdyrma dile Gürleme! Gürrüňde kölege, Şelaýynlyk, haýýarlyk. Haramlyk, haýynlyk Näme diýseň bar Sözde. Gürleme. Gögüň gümmürdisi, Asmandan daman damja... Ejemiň gözleri,
9 лайков 130 просмотра 1 комментарий