Dinler bar Hudaý ýok!

DINLER BAR, HUDAÝ ÝOK!

"- Hojaýyn, Hudaýyñ ýeke-täk habary bolsa we olam diýseñ möhüm ýekeje setire sygsa, siziñ pikiriñizçe näme bolardy?
- Muny dört söze sygdyryp biljek: "Hemmäñiz maña ýalñyş düşündiñiz!"

Ýokardaky replika "Hudaý bilen söhbet" ("Conversations With God") çeper filminden… Heniz tomaşa etmediklere görmegi maslahat berýärin. Diñe çeper filme tomaşa edip däl, ýurdumyzda bolup geçýän zatlara we dünýäniñ şu gidişine seredibem aýdýaryn: sygnalgamyz, kyn meseleleriñ öñünde tutunmak islänimiz, adam bolup galmagymyza mümkinçilik berýän magnawy ugur hut dini, pelsepewi, syýasy düşünje işläp düzenler tarapyndan zaýalandy. Tejribe diýlen kesgitlemäniñ indi ne ahlaky, ne-de ruhy zeminde gürrüñini edip bilýäris. Magnawy baglanşygy dindar düşünje birnäçe ritualy ýerine ýetirmek, ýa-da syýasy lidere ses bermek, ýa bolmasa haýsydyr bir jemagatyñ içinde ýer almakdyr öýdýär. Muny ähli dinleriñ eýerijileri babatda-da aýdýaryn. Tejribe näme, Hudaý tejribe edilýärmi (synalýarmy), edilýän bolsa dogry ýerde bolmagymyzy nädip üpjün etmelidiginiñ soragy häzirki döwrüñ adamlarynyñ añynda ýok. Minaly meýdandan ýöreýändigimi bilmän duramok. Kant ýaly filosoflar akyl öz çäklerini aşyp bilmez, aşan ýagdaýynda bulaşyp başlar diýipdir. Ruh, ahyret, Hudaý ýaly meselelerde akylyñ aýdýanlaryny ýalñyşma hasap eden Kant beýleki bir tarapdan ahlak pelsepesini şekillendirende Hudaýy, azatlygy, ölümsüzligi nazarda tutýar. Şeýle-de çagalygyndaky ata hojaýynlygynyñ kämillik ýaşda Hudaýyñ hojaýynlygyna geçýändigini öñe sürýän Freýd hem ýalñyşmakdan söz açýar. Başga bir tarapdan XI-XII asyrlarda ýaşan yslam akyldarlarynyñ ýalñyşmakdan söz açmaklary, tejribeden dem urmaklary we Hudaýyñ ýer üýtgetmejekdigi hakdaky pikirleri öz üstünde oýlanmagy talap edýän başga bir gürrüñ.

• TEJRIBESIZ IMAN BOLMAZ

Bu çekişmeleri bir tarapa goýup, şu kesgitlemäni bereýin:
Döwürdeş dindar düşünje diniñ içinden durmuşa seredýän ýaly bolup görünse-de, Hudaýy durmuşyñ daşyna çykaran ýagdaýda. Siz dünýäde her on adamdan sekiziniñ haýsam bolsa bir dini toparyñ agzasydygyna seretmäñ, biz aslynda gup-gury tejribesiz dindarlykdan söz açýarys. Näme diýýärdi, Ýunus Emre: "Meniñ ýüzüm ýerde gerek, maña rahmet ýerden ýagar”. Hany, nirede o rahmet? Eller asmana açylýar, kilisede, hawrada doga-dilegler edilýär, hemme ýerde uly-uly ybadathanalar gurulýar, ähli dinleriñ ketdeleri “meniñ dinim iñ hak din” diýe-diýe kürsülerden ahkam kesýär. Dogrudyr welin, näçämiz Hudaý bilen duşuşdy? Jöhidi, hristiany, musulmany dillerinden düşürmeýän "Hudaýy" bilen bitinleşdiren dinlerinden ýola çykyp “meniñ ýüzüm ýerde gerek” diýip, hereketlerini rahmete öwürdi?
Din bar, dine giriş bar, emma tejribe ýok!
Diniñ dilde ritorikasy bar, sözde rituallary bar, ýöne Hudaýy ýok.
Hudaý sanylyp ýapyşylan zatlar Hudaý diýip çokunylýan kimdir birileriniñ fantaziýalary. Hudaý diýlip göz öñüne getirilýän şekil-şemaýyl we başgalary saýrylaşdyrma.
A iman bolsa tejribe-synagdyr. Hudaý synagy kişini salyhatlylyga (ahsenül takwim) alyp barýar. Bu synagdsn geçen adamlara gabat gelseñiz, hökman olary tanarsyñyz: ýüz-gözünden, gep-sözünden, sesinden, özüni alyp barşyndan, durmuşa bolan garaýşyndan, pula bolan gatnaşygyndan, wezipedir derejeleriñ garşysynda özüni saklaýşyndsn bilersiñiz. Saldamly hereketlerine, agraslygyna seredip, dogry ýolda barýan adamdygyny añlarsyñyz. Akyla, ýaradylyşa, tebigatyñ kanunlaryna, barlykdaky her bir adama, her bir jandara “Allanyñ ahlagy bilen ahlaklanyñ” sözüniñ üstünden nazar aýlar.
Diýjek bolýanym, din - Hudaý bilen akyl we ruhy synagda ýüze çykýar, Hudaýyñ ýok ýerinde iman dinedir, ýagny jesede!

Aýşe SUJU.

http://site/news/dinler_bar_huday_yok/2022-01-04-18860
0 лайков 151 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Kakow
05 янв 2022, 20:08
mun kinosyny gorupdim