PALÇYLAR WE BOLAN WAKA BARADA

Adamlaryñ ylmy taýdan pes derejede bolmaklary sebäpli bu kemçiliklerini herhili ýagdaýda ulanýan şahsyýetleriñ işi barha möwjäp barýar bularyñ uly bir bölegi palçylardan ybarat...
Palçylar bilim taýdan gowşak adamlary öz oýunlaryna sezewar etýäler. Olaryñ etýan işi käbir durmuşdan nägile bolan adamlaryñ pul taýdan kynçylyklara sezewar bolan adamlaryñ maşgala mesele bolan adamlaryñ ýene dürli meseleleri bolan jemgiýetiñ ruhy düşünjelerine we pikirlerine täsir etýär. Olaryñ bu edýän işleriniñ garşylygyny pul bilen ölçeýäler we esasanda kanuny ýoldan dälde eýsem bikanun ýoldan ýagny myş myşlary bilen öz atlaryny tanadýarlar.
Onsoñ hem egerde şular ýaly bir iki sany palçylaryñ çaklamalarynyñ bir iki sanysy dogry bolaýsadagy adamlaryñ dilenden düşmän beýleki adamlaryñ gulaguna çalynyp öz wezipelerinde meşhur bolýarlar.
Ylaýtada Türkmenistanda şular ýaly güýçli bar diýilse hatta ýurduñ beýleki çetinden hem gelýänler ýok däl muña mysal bermek islesek bir waka bolup geçdi. Garrygala etrabynda ady meşhur bolan palçylaryñ biri hem Bäşim molla özüniñ adyny Türkmenistanyñ çar tarapyna adyny eşitdirmegi başarypdyr. Şeyle hem adamlar sähelçe mesele hem bolsa bäşim molla diýip şoña gelmegi göýä özlerine endik edilen ýaly.
Ol diñe bir bilgiçlik etmän adamlaryñ durmuşyny hem baglamagy ýada ýykmagy başaryp bilýär. Ýagny adamlar kimisi gaýnyna kimisi ýan ýoldaşyna ýada dürli kişilere doga tumar etdirmek üçin Bäşim mollañ gapysynda ýatyp turýarlar. Hakykatdanhem barýan adamlar köp bolansoñ gezegi ýetýänça gijä çenli ýada bolmasa ertesi güne çenli gapysynda hem ýatmany hiçzatça görenok.Bäşim mola bu işi özüne kär edinen ýaly etýan işine görä dürli nyrh hem kesýär:D
Bolan wakalaryñ biri hem birgün ýaşajyk bir gyz Bäşim mollanyñ gapysyna doga etdirmek hayyşy bilen ýüz tutýar munyñ haýyşyny kabul edip Bäşim aga hem doga tumar etmek bilen bolýar. Görülüp otyrylsa doga eden adamsy biriniñ ýanýoldaşy ekeni ol ýaş gyz hem ol oglany ýagny başgasynyñ ýanýoldaşyny özüne çekmek üçin doga etdiripdir.
Doganyň täsiri bilen ýanky oglan öz maşgalasyna kynçylyk çekdirip hergün gohlaşyp başlaýar in sonuñda bolsa ýollaryny aýyrmak kararyna gelýär. Gelni munyñ sebäbini sorap idese başga bir gyzyñ durmuşynda barlygyna göz ýetirýär. Baryp gyz bilen gürleşse has dogrysy uruşsalar doga eden gyz “indi är señki bolmaz pylan molla doga etdirdim adamyñy unudaý” diýýär ýagny öz eden haram işini öz agzy bilen aýtýar. Muny eşiden gelni şol Bäşim molla diýilýäni hem ol doga eden gyzy hem polisiýa arz edýär. Soňlyk bilen bularyñ ikisiniñ hem üsti açylyp türmä basylýarlar. Görşüñiz ýaly beýle işler döwlet tarapyndan hem goldalyp barylanok hatta gerekli bolan jezalar hem berilýär. Munýn sebäbi hem beýle adamlaryñ garyp gasarlary öz ýalanlary bilen aldaýandyklarydyr.
Ýokarda hem belleýşimiz ýaly şeýle palçydyr doga tumar etýän mollalara gitýän aglabasy ruhy taýdan ejiz bolmaklary ylym bilim babatynda sowatsyz bolmaklarydyr. Bul netijä nireden gelýänligimiň sebäbi daşary ýurtda okaýan ýada türkmen talyplaryñ arasynda şeýle söhbetdeşlikler bolýar emma olaryn uly bölegi beýle göz boýagçylyk etýän adamlara ynam bildirenoklar. Bu ýerden hem çykarýan netijämiz sowatly ylymly bilimli adamyñ özüne bolan ynamynyñ bar bolmagy sowatsyz durmuşda ynamsyz bolmagy başgalaryñ ýalan ýalñyş sözleri boýunça öz durmuşalaryna ýol çyzmaklarydyr
0 лайков 191 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Edepli Gödek
21 фев 2024, 13:07
Ilk-ä özüňem ynanyp "şol doga bilen maşgalaň bozulandygyny" aýdýaň (gürrüň berýäň) soňam "gözboýagçylyk" diýýäň. Diňle agam, (inim, dogan)! Ola daşary ýurtda okaýan-a däl "marsda" okan bolaýsyn, talyb-a däl "alymlaryň alymy zyr alym, beter bilim uran" bolaýsyn barjagy ýene barýa şol işi edýänleriň ýanyna kömek sorap! Sebäbi palçylygyň, doga-tumar etdirmegiň ýalňyşdygyny ýa-da günä, galplyk, erbet zatdygyny saňa dünýewi ylymlar aýtmaýar! (Al şol aýtdy diýeli ýöne sebäbini düşündirmeýä maňzyna batyryp) Bu zatlaryň nähili netijesi barlygyny, doga etmek, palçylyk etmek we şol işleri edýänleriň nädip, nämäň esasynda edýänini saňa diňe diniň düşündürýär. Etme diýýär. Etdirme diýýär. Garaz ilki dinine berk ýapyşmaly, öwrenmeli diniňden! (gat-gat akademiki kitaplardan däl) Her talyp bolan aňry başy düşünjeli, gözýetimi soňsyzlygy görüp bilýän adam däldir. Her bir ýurtdan daşara çykyp okap, işläp, tejribe edinip gelenem bizden üýtgeşik " başga planetaly" bolup gelenok. Içiňdäki bolýan meseleleri daşardan çözüp bolanok içiňen çözmeli)
Nurmuhammet
21 фев 2024, 16:45

 

Pal atyp doga berýäne molla diýilmeýär. Pal atýan adamlar mollalary isan-hojalary halamaýalar.

Amannazar
23 фев 2024, 08:03

Aslynda doga edilmek name zatka? Nädip adamlara tasir edýär? Gipnoz ýaly bir zatmyka diýýän mena... siziň pikiriniz?