Terbiýe

Salam,hormatly agzalar!Şu saýtda köplenç terbiýe meselesi hakynda kän agzalýar.Menem talyp wagtym B.Basarowyñ pedagogika kitaplaryny okan,pedagogika dersini geçen,öwünmek ýaly bolsa-da pedagogikadan döwlet derejesinde birinji bolan talyplaryñ biri hökmünde çaga terbiýesi barada durup geçmekçi.Çünki pedagogikadan başy çykmaýan ene-atalarymyzam bar.Belki,şolara goldaw bolar.
Alymlaryñ aýtmagyna görä şahsyýetiñ ösmegine 3 sany faktor täsir edýär:
1.Nesle geçijilik
2.Daşky gurşaw
3.Terbiýe.
Ýagny,çagadaky haýsy hem bolsa bir aýratynlyk oña ene-atadan geçip biler,daşky gurşawdan alyp biler ýa-da terbiýäniñ netijesinde emele gelip biler.Çaganyñ ösmeginde terbiýäniñ roly has ulymyka ýa nesle geçijiligiñ diýen sowal barada alymlar kän jedelleşipdirler.Barybir her kim öz pikrinde galypdyr.
Indi esasy üns bermeli ýerimiz şu:Terbiýäniñ görnüşleri kän.Çaga terbiýe berenimizde şu ugurlar boýunça terbiýe bermeli.

Akyl terbiýesi - munda çaganyñ akyl ösüşine täsir etmeli.Ýagny çaga kiçijikliginden aklyny pikirlenişini ösdürer ýaly işleri amala aşyrmaly.Köpräk sorag-jogap alşyp durmaly.Çaganyñ berýän soraglaryna jogap bermeli.Mekdebe gitmäkä ruçka depder,suratly kitap alyp bermegem muña degişlidir

Ahlak terbiýesi - çagada dogruçyllyk,ak göwünlilik,özgelere kömek bermek...ýaly oñat gylyk häsiýetleriniñ döremegine ýardam etmek.Munuñ üçin çaga bilen köpräk gürrüñ geçirmeli."Balam ýalan sözlemeli däldir.Kişiñ zadyna göz gyzdyrmaly däldir"ýaly.Munda ene-atañ göreldesem möhüm.Sebäbi özi ýalan sözläp ýören ene-atanyñ "Dogruçyl bol"maslahatyny çaga almaz.Çünki,onuñ diýenini däl-de edenini eder.

Zähmet terbiýesi - munda çagada zähmetkeşlik,ýaltalygy ýigrenmek ýaly gylyklar terbiýelenýär.Çaga ilki bilen oýnawaçlaryny ýygnamak,ýatan ýerini düzetmek,otagyny ýygnaşdyrmak ýaly işleri etdirmek bilen zähmet terbiýesi berilýär.3-4 ýaşa ýeteninden soñ oýnawaç piljagaz,bedrejik alyp berip bu terbiýäni bermek bolar.

Beden terbiýesi - çagada
bedenterbiýä,fiziki maşklara söýgi döretmek.Çaganyñ bedenini kiçijikliginden başlap maşklara endik etdirmeli.

Watançylyk terbiýesi - Türkmenistan Watanymyza söýgi döretmek.Bu terbiýäni bermek üçin ilki bilen çagada ýaşaýan öýüne,soñ obasyna (şäherine) söýgi döretmeli.

Gözellik terbiýesi - sungat eserlerine,tebigatyñ gözelligine aýdym sazlara söýgi döretmek.Çaga kiçijikliginden owadan suratlary synlatmaly.Gulaga ýakymly aýdym-sazlary diñletmeli.Tebigata çykarmaly.Olaryñ neneñsi owadandygyny,gulaga ýakymlydygyny belläp geçmeli.

Bular heniz mekdebe gitmedik çagalara berilýän terbiýäniñ görnüşleri.Çaga mekdebe gideninden soñra munuñ üstüne hukuk terbiýesi,syýasy terbiýe,ekologiki terbiýe,ykdysady terbiýe ýaly görnüşleri goşulýar.Bulam başga bir gürrüñdeşligiñ temasy.Gyzyklansañyz,ýene mowzuk açaýaryn.
Elbetde,bulary biz - bilim işgärleri bilýäris.Emma çaganyñ durmuşynyñ diñe mekdepden ýa-da çagalar bagyndan ybarat däldigini bilmelidiris.Diýmek,bu işde ene-atalar pedagoglar bilen bile hereket etmeli!
6 лайков 502 просмотров
43комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
arsi
16 апр 2022, 22:42
sumkadan gundeligin ozi cykyp galan manyny berya.
dil edebiyat bolsanyz bilmela dogan
Mümkin
Автор 16 апр 2022, 22:45
arsi,
Berekella! Nähili ajaýyp logikañ bar.
arsi
16 апр 2022, 22:50
sagbol hormatyna sps

siz biryerde okayanyzmy dogan
Mümkin
Автор 16 апр 2022, 22:54
Arsi, ýok,işleýän.
arsi
16 апр 2022, 22:59
mlds, satyjy
Mümkin
Автор 16 апр 2022, 23:03
arsi,
Satyjy?!
arsi
16 апр 2022, 23:05
Mumkin
Satyjymy
Mümkin
Автор 16 апр 2022, 23:08
arsi,
Satyja meñzeýänmi?
arsi
16 апр 2022, 23:16
bilemok
Mümkin
Автор 16 апр 2022, 23:20
Sen entegem mowzuklarymy kemräk dörüpsiñ...
Hany onda gijäñ rahat!
arsi
16 апр 2022, 23:23
ok paka
Biohimik
17 апр 2022, 06:13
Sahsy hat islanok eken
Hayys ugradayyn (kitap bolsa yok diyemok?)))))
Mümkin
Автор 17 апр 2022, 08:35
biohimik.,
Soragyma-da jogap bermänsiñ sen.
Ýeri bolýa,poçtañy aýt.