Oduň sönüp külüň galmyş, aýt külüň nädip ýansyn...?!
Käbir ýatlamalar öň seniň üçin şeýlebir kiçidi. Şeýlebir kiçijekdi, ýadyňa hem düşer öýdeňokduň, ola ýadyňa düşeninde gama batyp gynanmak ekeni... Emma göz ýetirdiň, şol kiçijik ýatlama, seni gaýta-gaýtadan öldürýär. Hatda ýadyňdan hem çykaýyn diýenok. Ölüp direlip, gaýtadan ölýäň. Ýatlama diýeniň, ýylgyryş döretmeli ahyryn. Ýok, ýylgyryş nire? Soňy bolmadyk göz ýaş çeşmesi. Köp zadyň gutarmagyna ýada, käbir ynsanlaryň daşlaşmagyna göz ýumsaňda, ýoklugyna göz ýummak, hiç aňsat däl ekenmi? Ýa, öte öwrenşmekden, ýada ýanyňda wagty rahat bolmakdan. Käbir bilmeli zatlaryň biri hem, nämä ýada kime öwrenşseň, şol zadyň, şol kişiň ýoklugyna hem öwrenşmeli bolýaň. Bir ynsana bir aýyň içinde öwrenşip ysnyşyp bilersiň, emma ýoklugyna bir aý içinde öwrenşmegiň hiç mümkin däldigini bilýän. Köp gynanýaň dertdeş, köp. Gynanmamagyňy saňa gaýta-gaýtadan aýdypdym, şeýle dälmi? Bilýän, gynanman gezmegiň mümkin däl. Bir topar zatdan soň, hiç zat bolmadyk ýaly ýylgyrmagyň, seniň üçin hiç mümkin däl. Emma, bir gezek bolsada "bolmaz" dälde, "boldursam bolar" diý. Ýylgyrmakdan, şatlanmakdan el çekme. Sen güýçli ahyryn? Köp zatlara çydadyň, köp gezekler agladyň. Emma, ýenede şumat dem alýaň, şeýlemi? Sen öte gynanmakdan, dünýe bilen hoşlaşyp bilerdiň, we men dertdeşsiz galardym. Ýada köp aglamakdan gözleriň kör bolup bilerdi, we sen meni görmezdiň. Sen şeýlebir güýçli, bilýärmiň? Sen güýçsiz bolsadyň, bu wagt meniň bilen dertleşip bilmezdiň ahyryn? Bilýänle, köp zatlara gynanýaň. Gynansaň hem aglaýaň. Edil çagajyk ýaly. Kölüň gaýtadan ýanmajagyny bilýän. Sen hem ýanyp-ýanyp küle öwrülýäň. Gynanç seni ýakýar. Sen hem ýanýaň...
Oduň sönüp külüň galmyş, aýt külüň nädip ýansyn...?!
©Ogulşirin Bayramowa
17.02.2022ý.
Oduň sönüp külüň galmyş, aýt külüň nädip ýansyn...?!
©Ogulşirin Bayramowa
17.02.2022ý.
11комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.