Guraýan otlar

Ýaz gelse,menem özüme adatyja pişämi tapynýaryn.Her gün işden gelip mellek ýerimizdäki hapa-haşal otlary ýygmaga oturýaryn.Özümizde ne ownuk,ne iri mal bolmanlygy sebäpli, ýygylan otlary gerekli goñşulara hödürlemek adatymyz bar.
Şeýle günleriñ birinde ejem goñşy köçämizdäki aýalyñ ogluna mallary üçin taýýar ýygylan otuñ bardygyny aýtdy.Oglan "Almaga geleris"diýse-de,ondan habar-hatyr bolmady.
Ine,düýn welin, öýlän töwereklerde gapymyz kakyldy.Seretsem,şol oglan.Arabasyny alypdyr-da, geläýipdir."Ejeñ ot bar diýdi" diýip,boýnuny burup dur.Wah,men oty gysganamok-la,ýöne şol günüñ düýn-öññininde bolanja oty daýymyñ ýeñil ulagyna ýükläp,şolara baka ugradaýmarysmy?!
Men oglanyñ özündenem beter oñaýsyz ýagdaýa düşüp,ahmyr bilen hyrçymy dişledim:"Wah,jigim,otuñ bardygyny aýdanymyzdan soñ 3-4 gün geçdi ahyry.Şol wagt gelmeseñ,başga kişä berýäs-ä."
Diýsem diýdimem welin,onuñ raýyny ýykmazlyk üçin mellek ýerime aýlandym.Iki üýşmejik guran ot çykdy.Ojagaz otlar bilen arabasynyñ dolmajagyna göz ýetiren oglan terje otlardan özi ýygmaga oturdy.
Onuñ hyrçyny dişläp,ot ýygyşyny penjireden synlap oturşyma, içki dünýäme çümüp gidipdirin.
...Bizem ýüregimizde käbir adamlar üçin oñat duýgular üýşürip goýýarys.Emma näme üçindir şol adamlar bu duýgulara wagty bilen üns bermeýärler.Ine-de bir günem,hälki oglanyñ gapymyzy kakyp,ot soraýşy ýaly ýüregimiziñ gapysyny kakýarlar-da "Şo-ol duýgularyñdan ýokmy?"diýip soraýarlar.Emma üstünden geçen ep-esli wagt zerarly duýgularymyzam edil otlar ýaly guraýar.Onsoñ,oglanyñ ter oty ýygyşy ýaly şol adamlaram bu duýgulary azap edip täzeden döretmeli bolýarlar.Käsi,şol oglan ýaly ýalñyşyna düşünip, ýaltanman azap çekýärler,käsi bolsa başga biriniñ ýüreginde üýşürlen duýgulara tarap at salýarlar...
...Bu gün oglanyñ ot ýygan ýerine aýlanyp gördüm.Otlar ýüzleý ýygylypdyr,yzynam dökän-saçan edip gidipdir."Haý,señ ot ýygjak bolşuñ gursun!"diýip hüñürdänimem duýman galypdyryn.Aý,howwa-da bu ýerde geñlär ýaly zadam ýok,men-ä mellegiñ arassaçylygynyñ aladasynda,ol bolsa malynyñ garnyny doýurmagyñ...

@Mümkin
17 лайков 475 просмотров
49комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Nurmuhammet
18 апр 2022, 22:04
hm tuweleme siz gaty ceper yazyanyz.
Гость
18 апр 2022, 22:06
Näçe ýazsaňam Belki agamça bolup bileňok :)
Telwas
18 апр 2022, 22:16
...Bizem ýüregimizde käbir adamlar üçin oñat duýgular üýşürip goýýarys.Emma näme üçindir şol adamlar bu duýgulara wagty bilen üns bermeýärler.Ine-de bir günem,hälki oglanyñ gapymyzy kakyp,ot soraýşy ýaly ýüregimiziñ gapysyny kakýarlar-da "Şo-ol duýgularyñdan ýokmy?"diýip soraýarlar.Emma üstünden geçen ep-esli wagt zerarly duýgularymyzam edil otlar ýaly guraýar.Onsoñ,oglanyñ ter oty ýygyşy ýaly şol adamlaram bu duýgulary azap edip täzeden döretmeli bolýarlar.Käsi,şol oglan ýaly ýalñyşyna düşünip, ýaltanman azap çekýärler,käsi bolsa başga biriniñ ýüreginde üýşürlen duýgulara tarap at salýarlar...

-Berekella, gowy düşündiripsiň.
Mümkin
Автор 18 апр 2022, 22:33
nurmuhammet,
Sag bol jigim,señem oýlanmalaryñy okaýan gyzyklanma bilen.
Mümkin
Автор 18 апр 2022, 22:35
Гость,
Dogry.Belki pahyryñ açan mowzuklaryny okap bogazym hykga dolýar Gost daýy :(
Mümkin
Автор 18 апр 2022, 22:35
Nirvana,
Sag bol,joram!
Maksat
18 апр 2022, 23:04
Berekella gowy ýazypsyňyz.
Tinkerbell
18 апр 2022, 23:30
Berekella!

P.s. Otuň köp bolsa maňa ber. Meniň mallaryma iýmit bolar :)
Nurmuhammet
19 апр 2022, 00:30
Mümkin,
Minnetdar
Гость
19 апр 2022, 00:31
Tinkerbell,
Bar zat saňa gerek
S❤
19 апр 2022, 00:43
Sunnanelip yazylypdyr tuweleme.
Wii inna gijem bolandyr welin su nikden ilkinji yazan wagtynyz yadyma dusmandir. Belki nikin yzyna nokat goyup girip bilersiniz. Men cykysa basypdym nokat goyup girip yon.
Bentner
19 апр 2022, 01:43
Mahym gelneje dil çeperligi paý-a size artykmajy bn berlipdir, şeýle çeper ýazyaňyz welin içine girip gitýän we "eýýäm gutardymaý" diyenimi bilman galyan.
Bentner
19 апр 2022, 01:49
Wii 9njy Like menden bolsun)
Mümkin
Автор 19 апр 2022, 04:41
Chelsea,
Diýmek,her "Ot ýygjak"diýene ýygdyrmaly däl :)
Mümkin
Автор 19 апр 2022, 04:43
Tinkerbell,
Şu gün giçlik ýygjak geläý.Sen bir terligine alyp gideweri. :)
Mümkin
Автор 19 апр 2022, 04:47
Bendtner,
"Gelneje" :) Gulaga ýakymly söz welin,men azajyk bimaza boldum.Heniz durmuşa çykmanlygym üçin bolup biler :)
Galyberse-de öwgüli sözleriñ üçin sag bol!
Mümkin
Автор 19 апр 2022, 04:49
Xyivenia_babayeva.,
Men beýdenim bilen Belkiñ açan mowzuklary yzyna gelmez ahyry.Onsoñam,eýýäm Mümkin bolup girip mowzuk açyp başladym.Iki-üç sany nik açyp,adamlañ kellesini bulaşdyrmaýyn.
Şonda-da sag bol maslahatyña.Bayker,
Sizem öwgüli sözleriñiz üçin sag boluñ.
Tinkerbell
19 апр 2022, 08:05
Гость,
Doýmaz dolmaz men :)))

Mümkin,
Hökman ;)
Hiayress
19 апр 2022, 08:10
"Men-ä mellegiñ arassaçylygynyñ aladasynda,ol bolsa malynyñ garnyny doýurmagyñ..."

Belki (ýa-da Mümkin) maljagaz edinersiňiz?! Hem-ä mellegiňizi haşal ot basmaz, hemem ýygylan otlaryňyz guwrap galmaz.))
Hiayress
19 апр 2022, 08:12
Tinkerbell,
Sen şol Walt Disney-iň fanatymy?!
Tinkerbell
19 апр 2022, 08:18
Hiayress, goý jora. Kim bilen çalyşýaň?!
Hiayress
19 апр 2022, 08:21
Tinkerbell,
Geleňde özüň bilen tanyşdyrýan mowzuk açmasaň şeýle bolýar.))
Chelsea
19 апр 2022, 08:21
Tinkerbell,
Doymaz dolmaz diyaydinmi? Munyna bir hili bolya. Goni bey diymeda :))
Mümkin
Автор 19 апр 2022, 08:26
Hiayress,
Käbir sebäplere görä mal edinemzok.(şu millet bar-a akyl bir özünde bardyr öýdýär :)
Tinkerbell
19 апр 2022, 08:27
Chelsea, gönümeldä men :)


Hiayress, bilmändirinde)
Tinkerbell
19 апр 2022, 08:28
Mümkin, edinen wagtyň aýt, serrtmegi öwrederin jora :)
Chelsea
19 апр 2022, 08:34
Tinkerbell,
Ondadam goni bey diymeda. Doymaz dolmaz bolsan mesele dal. Nomerni goy ;)
Tinkerbell
19 апр 2022, 08:35
Chelsea, 09-dan sora, aýtýa şol
Chelsea
19 апр 2022, 08:44
Tinkerbell,
Doymaz dolmaz bolsan gowsy golaylasmayyn. Menem seyle bolaryn onsan
Tinkerbell
19 апр 2022, 08:45
Chelsea, gaýrat et