Guraýan otlar

Ýaz gelse,menem özüme adatyja pişämi tapynýaryn.Her gün işden gelip mellek ýerimizdäki hapa-haşal otlary ýygmaga oturýaryn.Özümizde ne ownuk,ne iri mal bolmanlygy sebäpli, ýygylan otlary gerekli goñşulara hödürlemek adatymyz bar.
Şeýle günleriñ birinde ejem goñşy köçämizdäki aýalyñ ogluna mallary üçin taýýar ýygylan otuñ bardygyny aýtdy.Oglan "Almaga geleris"diýse-de,ondan habar-hatyr bolmady.
Ine,düýn welin, öýlän töwereklerde gapymyz kakyldy.Seretsem,şol oglan.Arabasyny alypdyr-da, geläýipdir."Ejeñ ot bar diýdi" diýip,boýnuny burup dur.Wah,men oty gysganamok-la,ýöne şol günüñ düýn-öññininde bolanja oty daýymyñ ýeñil ulagyna ýükläp,şolara baka ugradaýmarysmy?!
Men oglanyñ özündenem beter oñaýsyz ýagdaýa düşüp,ahmyr bilen hyrçymy dişledim:"Wah,jigim,otuñ bardygyny aýdanymyzdan soñ 3-4 gün geçdi ahyry.Şol wagt gelmeseñ,başga kişä berýäs-ä."
Diýsem diýdimem welin,onuñ raýyny ýykmazlyk üçin mellek ýerime aýlandym.Iki üýşmejik guran ot çykdy.Ojagaz otlar bilen arabasynyñ dolmajagyna göz ýetiren oglan terje otlardan özi ýygmaga oturdy.
Onuñ hyrçyny dişläp,ot ýygyşyny penjireden synlap oturşyma, içki dünýäme çümüp gidipdirin.
...Bizem ýüregimizde käbir adamlar üçin oñat duýgular üýşürip goýýarys.Emma näme üçindir şol adamlar bu duýgulara wagty bilen üns bermeýärler.Ine-de bir günem,hälki oglanyñ gapymyzy kakyp,ot soraýşy ýaly ýüregimiziñ gapysyny kakýarlar-da "Şo-ol duýgularyñdan ýokmy?"diýip soraýarlar.Emma üstünden geçen ep-esli wagt zerarly duýgularymyzam edil otlar ýaly guraýar.Onsoñ,oglanyñ ter oty ýygyşy ýaly şol adamlaram bu duýgulary azap edip täzeden döretmeli bolýarlar.Käsi,şol oglan ýaly ýalñyşyna düşünip, ýaltanman azap çekýärler,käsi bolsa başga biriniñ ýüreginde üýşürlen duýgulara tarap at salýarlar...
...Bu gün oglanyñ ot ýygan ýerine aýlanyp gördüm.Otlar ýüzleý ýygylypdyr,yzynam dökän-saçan edip gidipdir."Haý,señ ot ýygjak bolşuñ gursun!"diýip hüñürdänimem duýman galypdyryn.Aý,howwa-da bu ýerde geñlär ýaly zadam ýok,men-ä mellegiñ arassaçylygynyñ aladasynda,ol bolsa malynyñ garnyny doýurmagyñ...

@Mümkin
17 лайков 475 просмотров
49комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Chelsea
19 апр 2022, 08:48
Tinkerbell,
Kopculikde bey diymeda ondada
Tinkerbell
19 апр 2022, 08:51
Chelsea, bolýa
Tinkerbell
19 апр 2022, 08:54
Chelsea, sen o sözi başgaça kabul etdiň öýtýän
Chelsea
19 апр 2022, 08:57
Tinkerbell,
Ana kellan islap baslady. Zawtrakda kadili somsa iydin gere
Tinkerbell
19 апр 2022, 08:59
Chelsea, kädili däl, etli iýdim. Kädi bilen aram gowy däl :)
Chelsea
19 апр 2022, 09:00
Tinkerbell,
Name kadi bn aran gowy bolmaz yaly sowusdinmi, kadi ejiz gelyami

Gayrat et. Doyurarlar senem.
Tinkerbell
19 апр 2022, 09:01
Chelsea, bor
Enegul
19 апр 2022, 10:49
????
Garabufer
19 апр 2022, 11:55
Käsi,şol oglan ýaly ýalñyşyna düşünip, ýaltanman azap çekýärler,käsi bolsa başga biriniñ ýüreginde üýşürlen duýgulara tarap at salýarlar...

Yada bizi dayymyzyñ yeñil awtoulagnyñ yzyna basyp alyp gidyäler
Bentner
19 апр 2022, 12:18
Цитата: Mümkin
Bendtner,
"Gelneje" :) Gulaga ýakymly söz welin,men azajyk bimaza boldum.Heniz durmuşa çykmanlygym üçin bolup biler :)
Galyberse-de öwgüli sözleriñ üçin sag bol!

Hää heniz durmuşa çykmadyk gyzdyň-my?) Way bimaza bolmaň. Hool gün "Gelinleriň kraskasy meselesini" gozgapdyňyz welin şonda men saňa "Gelinsiň" öýpdüpdim we öz ýanymdan pikir edipdim berk tutýan (тиран) duşupdyr öýtýän diýip :)) (Wagty geler bolarsyň senem gelneje)
Mümkin
Автор 19 апр 2022, 12:37
Bendtner,
Bolaryn ahyry,howlukdyrma :) Öñem howlukdyrýan ýetik...
Chelsea
19 апр 2022, 12:39
Mümkin,
Ol enesi yalamadyk janawer seni menden gabanya oytyan. Ozine degisli teswir yazmasagam teswirlerimizi pozyala. Bolup yorusine nebsimem agyrya welin
Mümkin
Автор 19 апр 2022, 12:42
Garabufer,
Munuñ üçin biziñ ot bolmagymyz gerek :)
Chelsea
19 апр 2022, 12:45
Mümkin,
Menem jogapla menem jogapla afr
Leyli Amanowa
19 апр 2022, 18:46
15 like dagy alyp iller bet
Margarita
19 апр 2022, 18:49
Çuňluga çümen tesbirler bilen owadan aýdyňlaşdyrylypdyr, bu ýazgynyň beýany. Meniň aýtjagymy Nirwana belläp geçipdir. Eseriň edil şol ýeri hasam ýürege jüňk boldy. Uly manyly, kiçijek eserjikleriňden bar bolsa, ýene ýetirip durarsyňda?! :) ?
Mümkin
Автор 19 апр 2022, 19:11
Margarita,
Öwgüli sözleriñe minnetdar! Nesip bolsa!
Tinkerbell
19 апр 2022, 19:33
Nairobi on № 45 Şu gün, 18:46
15 like dagy alyp iller bet


Ana görýäňmi @Mümkin, gele-gelmän like-laryňa bahyllanyp başlady :D
Mümkin
Автор 19 апр 2022, 20:46
Tinkerbell,
Men şuwat gorkup oturyn.Men hem pikirlide hem halananda.Şu gün göz degmese oñýan.