"Beýik ýeňiş" Sülgün Bazarowa

Iller aýtdy.
Duýýarmyşlar:
Meniň menden geçenimi…
Hiç-le!
Bilsinler bar zatdan,
Şygry saýlap seçenimi


Käte şemaldyr öýdenlem,
Tupan bolup çyksa-da hiç
Göwne degmedik göwnümem,
Öz-özüni ýyksa-da hiç.


Diýmen asla: “Şowsuzlyklar
Bar umydym tala daňar…”
“Gijäň hökmi Güneşe çen”
Wagtlaýyndyr aladalar…


Synag sapylan günleriň,
Gorkamok men neşderinden.
Bolan, boljak ýeňlişlerim
Poeziýaň leşgerinden…


Okanlaň müňden birine
Ýarasa bor ýazanlarym
Men ömrümde şundan beýik
Ýeňşi asla gazanmaryn…

Sülgün Bazarowa
7 лайков 191 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Biohimik
02 июл 2022, 20:20
Berekella doganjygym Sulgun bagtly bol ? omrun uzak bolsun!
Biohimik
02 июл 2022, 20:21
Bilmeyanler ucin yatladayyn may ayynyñ 28inde bagt durmush toyy boldy Sulgun ekemiñ(ayal doganymyñ)
Belki
02 июл 2022, 20:37
biohimik.,
Bagtly bolsun!
Näçenji ýyl?
Dwaýurnyý doganyñmy?
Biohimik
03 июл 2022, 08:02
Belki
biohimik.,
Bagtly bolsun!
Näçenji ýyl?
Dwaýurnyý doganyñmy?

Hawa doganoglanym;)