Ony siz öldürdiñiz!
"Öldürmek" sözüni şunça tagaşyksyz saýsamam, kimdir biriniñ ruhyny wagşylarça ýok etmegiñ özge jaýdar añladylyşyny tapmadym. Bu sözüñ doly manysynda öldürmekdi ýa-da öldürilmek.
Bir wagtlar bir gyz bardy. Gözleri gülüp duran, ýylgyryşynda päklik gizlenen, sada, özgeleri-de özi kimin ýagşy niýetli saýan. Alagarañkylygyñ dañdana gezek berýän pursadyna, säherlerde otlaryñ ýüzünde döreýän çyga, Güneşiñ kä görünip, kä ýitmesine, ýagyşyñ pessaýdan ýagyşyna, salkyn gijelerde daşary çykyp, aýly asmany synlamaga, golaý hemem aralyk menzillere pyýada gitmäge, ýoldan geçip barýan ulaglaryñ daşyna däl-de içindäki ynsanlaryñ ruhy ahwalyna gyzyklanma bilen garamaga, mahlasy, tutuş barlyga aşykdy ol. Goşgular ýa-da goşgudyr öýdýän närselerini ýazardy yhlas bilen. Öz içki dünýäsi bilen gümrady. Ol gyza näme boldy diýýäñizmi? Ýok-la diýýän dälsiñiz. Ony sözbaşyda bir eýýäm okadyñyz ahyry.
Ol gyzy siz öldürdiñiz! Ýuwaş-ýuwaşdan...Ýüzüne myssa ýylgyryp, ýanyñyzdan daşlaşanynda haýsydyr bir kemçiligi hakda öz arañyzda jedelleşmek bilen, çyn ýürekden aýdan sözlerini ýañsa almak bilen, şahsyny dürli sözler we hereketler arkaly kemsitmek bilen...Öz ýaman niýetiñizi görkezip, özgeleriñem şeýledigine ynandyrmak bilen...
Bilýäñizmi näme, siz juda bagtly. Çünki, munuñ üçin hiç kim jenaýata çekmedi sizi. Ruhy öldürmegiñ hiç bir kanunda jezasy ýok sebäbi. Ajaýyp gerek. Ajaýyp! Hiç bir kanunyñ sizi jogapkärçilige çekmäge hukugy ýok. Wyždanyñyzdan başga. Dogryñyzdan geliñ, sizi güldürdim gerek. Sizde asla bolmadyk närsäniñ öñünde jogapkär bolmajagyñyz aý-aýdyñ ahyry. Ýok-la o diýenem zalym däl ekeniñiz. Öldüren ruhuñyzyñ ornuna özge ruh goýup beripsiñiz. Köp minnetdar!
Häzir aýna seredenimde (ýa-da ruhumyñ aýnasyna seredinimde) başga bir gyzy görýän. Gözlerinde kowsa-da gitmedik gussasy bar. Hatda nämedir bir zatlara begenen pursadynda hem ol gussa ruhyny terk ediberenok.
Ýaman ýeri, size meniñ täze ruhymam ýaranok. Ýöne täze ruhym üçin siziñ kiçijik beýniñizdäki ownujak pikirlerem gyzykly däl. Ol indi diñe öz islegine görä, öz isleýän durmuşynda ýaşaýar.

5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.