Yhlasyn, söýgüsin berýändir, Ýeñil elli lukmanlar. Hyzmatyñda durýandyr, Ýeñil elli lukmanlar. Halyñy duýup öñden, Bolýandyr mydam hemdem, Bejär, hiç çykmaz çenden, Ýeñil elli lukmanlar. Mähirden doly ýüzi, $ypa bor aýdan sözi, Gül eder sähra-düzi, Ýeñil elli lukmanlar. Dashyñda gije-gündiz, Hiç wagt goýmazlar ýalñyz, Waspa söz ýetmez shindiz, Ýeñil elli lukmanlar
Ertir näme alnyñda? $amu-säher ýanyñda. Gör, dünýäniñ añynda, Ýyl ýazgyly depderi. Señ yzyñy yzlap ýör, Ýalñyshyñ düzläp ýör. Etmishiñi gizläp ýör, Ýyl ýazgyly depderi. Gör, dünýäniñ mertdigin, Baky synmaz erkdigin. Hasabyna berkdigin, Ýyl ýazgyly depderi. Gör, sen dünýä geleñde, Ýagshy, ýaman günüñde. Baha berer kimdigñe, Ýyl ýazgyly depderi. Bak, sen dünýä gülende, Kä hataly elinde... ...Kä
Maña kineli bakma, Dogry sözlänim üçin. Satashsañ, ýüzüñ sowma, Dogry gözlänim üçin. Basharsañ meni ýazgar, Yshkda köýmänim üçin. Men özümi örtemen, Ah, sen söýmäniñ üçin. Günler maña josh berer, Yshkdan - armanym üçin. Aýasynda göterer, Ýerde durmanym üçin. $ygryma ganat çykar, Pende uýýanym üçin. ... Asman Zemine çöker, Yshkym duýmanyñ üçin.
Ýykylsañ ýerden galmaga, Dyzlaryñda güýç gerekdir. Owkat tagamyn bilmäge, Hünji ýaly dish gerekdir. Pähim-pende uýmak üçin, Yshk oduna köýmek üçin, Elwan ýazy söýmek üçin, Sowuk aýaz, gysh gerekdir. Uzak menzil ashyp gelseñ, Öý jennetdir duýup bilseñ. Owadan ýylgyrsañ, gülseñ, Göz üstünde gash gerekdir. Kalpda ynam, äht diliñde, Shükürli bol her günüñde. Toýda däl-de, ýas ýerinde, Gözleriñde ýash
Halk hakydasynda orun alan Hatam Taý 605-nji ýylda aradan çykýar. Rowaýata görä, sahylygyñ, jomartlygyñ nusgasyna öwrülen Hatam Taý aradan çykanda, Ýemenli halk örän hapa bolupdyr. ,Indi biziñ günümiz nähili bolarka? Hatam bize sahawatly goluny uzadyp, ýetmezimizi ýetirip durardy" diýipdirler. Halkyñ bu sözlerini Hatamyñ özünden kiçi dogany eshidip: ,Näme, men Hatamça bolmaz
Öñem bir baý öz bolýan ak öýüne giräýen ýerinde özüniñ ýygnan altynlaryny gömüpdir. Bir günem ol öýünde otyrka, goñshy baýlaryñ biri öz talabanyny ýañky baýyñ ýanyna mala dilegi bilen ugradypdyr. Bagtygara talaban salam berip girishine shol baýyñ altynyny gömen ýeriniñ üstünde oturypdyr. Özüniñ mala dilemäge iberileni ýadyna düshmän: __ Baý aga, men siziñ gyzyñyzy diläp geldim - diýäýmezmi.
Öñem bir adam ölmeziniñ öñ ýanynda özüniñ mirasdar iki ogluny ýanyna çagyrypdyr. __ Ynha, bir küýze altyn. Ynha-da, bäsh tanap ýer. Ylalashyp özüñiz bölüshiñ! Menden size galjak bar baýlyk shular. Kiçi ogly edep saklap: __ Agam halanyny alsyn, maña shondan galany bor - diýýär. Agasam: __ Ýok, ýeke inimdir, ol ilki halanyny alaýsyn - diýýär. Shol wagt körpe gelni ýashmagyñ astyndan: __ Atasy,
Hamyr üçin gerekli önümler: 2 bulgur un. 100 gram mesge. 150 ml, süýt. 20 gram hamyr tozy. 1 sany ýumurtganyñ sarysy. Isledigiñçe duz. Hurshy üçin gerekli önümler: 400 gram üwelen et. 100 gram shöhlat. 1 düýp sogan. 3 dish sarymsak. 2 sany alma. 2 nahar çemçesi kishmish. 1 nahar çemçesi pomidor goýaltmasy. 1 nahar çemçesi ösümlik ýagy. Isledigiñçe duz, burç. Ýokarda agzalan önümlerden hamyr
GYZ: Ýola çyksam aýyrmasyn ykbalym, Sen hemishe bolgun meniñ ýanymda. Bir ten, bir jan bolaly biz ylahym, Sen hemishe bolgun meniñ ýanymda. OGLAN: Durmushdyr uzaga gidäýseñ seýle, Gaýnap-joshup, pyragyñda bolaryn. Ýöne maña dünýäm "Gabanjañ" diýme, Seni küýsäp, soragyñda bolaryn. GYZ: Gyshyñ gary, gülleri bar ýazyñ-da, Goshgusy bar, aýdym bolan sazyñ-da, Aýyñ suraty bar deñziñ ýüzünde,
Eziz käbäm birje pursat dolansadyñ, gelsediñ, Ýatlap çagalyk döwrümi gujagyña dolsadym, Shirin jana em bolýan wesýetleriñi alsadym, Eziz käbäm henizem ýürek seni küýseýär. Çaga wagtym düshünmän küýedenmi bagyshla, Aýdan sözleriñ melhem - gül ömrüme nagyshla, Seniñ ýeke garaýshyñ altyn-zere çalyshman, Eziz käbäm henizem ýürek seni küýseýär. Hüwdüleriñ ylhamdyr, bat goshulýar badyma, Eneden