Sümer Plita ýazgylary (3-nji plita/6)we oňa syn
HER GÜN TÄZE GÖZLEGLER (Sümer ýazgylaryna syn)
Soňra Ea gamyşlyk hakynda oýlandy; ýagyş suwunyň bollugyny hasaplady. Enbiluluny gamyşlyk Gamyşlygyň çäklerini bilip gelmek üçin ýollady. Enkimduny hendek we suw ýoly üçin meşgullanmagy buýurdy. Gamyşlygyň çäklerini belli edip görkezmek üçin, hemem ýagyş suwunyň bir ýere üýşüp ýagmagy üçin amatly bolar ýaly ýap gerekdi. Aşakdaky suwlar şeýdip aýryldy ýokardaky suwlar bilen; gamyşlygyň suwy bilen süýji suwlaryň arasyna çäk çekilen ýaly bolup ikä bölündi. Agşam boldy, daň atdy we Ýerde ikinji gün boldy. Gün atanda gahrymanlar wezipeleriniň başyna geçdiler.
Alalu bilen Ea çaýyrlyga we tokaýlara tarap gitdiler. Miwe bakjalarynda her hili miwe ösýärdi, derman ösümlikler we miwelerini dürli görnüşleri barlanyldy. Ea weziri Isimutdan soraýardy: ''Bu derman ösümlik näme? O derman ösümlik nähili?'' diýip gezekli gezegine soraşdyrdy.
Bilimli Isimud ýetişen derman otlaryny seljerip bilýärdi. Isimud Ea bir miwe goparyp berdi. Birini özi iýdi, birini Ea iýdi.
Ýetişen miweleriň gowularyny aýyrmak üçin Ea gahryman Guruny belledi. Gahrymanlara suw we iýmit şeýdip üpjün edildi, ýöne doýmaýardylar.
Agşam düşdi, daň atdy we Ýerdäki üçünji gün boldy. Dördünji gün şemalyň bady gowşady, ulag tolkunlarda üwrelmedi. Ulagdan gerek-ýarak zatlar getirildi. ''Depede çatmalar gurulsyn diýip buýurdy Ea.
Ea Kalıp ve tuğlanın başynda durmagy Kulla berdi. kilden tuğlalar biçimlendirecekti. Mesgeniň üstüne gurulmaly zatlary Muşdammu bellendi.
Gün, günuzyn asmanda ýagty saçdy. Agşam boluberende Kingu, Ýeriň Aýy tep-tegelekdi, Ýeriň üstüne kümüşsow ýagtylygyny saçdy. Gijä höküm eden, aşaky derejeden bir yşyk hökmünde gök Taňrylar arasynda belli bolmalydy. Agşam düşdi we daň atdy, Ýerde dördünji gün boldy.
Bäşinji gün Ea Ningirsige gamyşdan bir oturgyç ýasamagy emr etdi. Gamyşlygyň çägi hasaplanyp, batgalygyň nirelere çenli baryp ýetýändigi hasaplanmalydy.
Suwlarda we howada uçýan jandarlary bilýän Ulmaşty bilen gowyny erbetden aýyrmaga gitdiler. Suwlarda ýüzýän, ganatly howada uçýan dürli görnüşleriň köpüsi Ulmaşa ýat bolup göründi.
Sanlary sanardan köpdi, sazanlar gowy welin erbetler arasynda ýüzýärdiler. Gamyşlygyň ussasy Enbiluluny çagyrdy Ea; hendek we suw ýoly bilen wezipelendirilen Enkimduny çagyrdy. Olar bilen maslahat etdi; gamyşlyklar we ýaşyl sazlar bilen sazlyklarda bir böwet bolmaly, balygy balykdan aýyrmak üçin bir ýapyk mekan, sazanlaryň gaçmazlygy üçin çekim duzagy, guşlaryň duzagy hem şeýle edildi.
Şeýdip balyk we guşlaryň gowulary gahrymanlar üçin saýlandy. Agşam düşdi, daň atdy we Ýerdäki bäşinji gün boldy. Altynjy gün Ea miwe bakjasyndaky jandarlar pikirini etdi.
Enursaga süýrenýän we ýöreýän jandarlary iki aýry edip bellemek işini berdi. Bularyň köpdürliligi Enursagy haýran galdyrdy; wagşylyklarynyň hetden aşgyndygyny Ea aýdyp berdi. Kullany çagyrdy Ea; Muşdammuwa buýruk berdi gyssagly. Agşam wagtyna çenli mesgenler tamamlansyn, goranmak üçin töwereklere berkitme aýla...
Gahrymanlar berilen wezipeleriň hötdesinden geldiler. Gamyşlardan öýler, kesilen agaçlardan berkitme edildi.
Anzu ulagdan kesip öldüriji getirdi. Eanyň mesgenine söz ýaýýan (mikrafon) gurdy; agşam wagty gurulyp tamamlandy lager.
Gije hemmesi şol ýerde toplandylar. Agşam düşdi, daň atdy we Ýerdäki altynjy gün boldy. Ýedinji günde lagerdäki gahrymanlar bir ýere toplandylar. Ea şeýle diýdi: ''Öran howply ýollardan soň bu ýere geldik...
ÝEDINJI GÜN DYNÇ ALMAK ÜÇIN BUÝRUK BERILÝÄR
...Nibirudan ýola çykyp ýedinji planeta howply ýollardan geçip geldik. Ýere gonmagy başardyk; köp haýyrly işler etdik, lager gurdyk. Bu gün dynç alyş güni bolsun; mundan beýläk ýedinji gün hemişe dynç alynsyn.
Mundan beýläk bu ýeri ''Uzaklardaky mekan'' manysyny aňladýan Eridu diýlip atlandyrylsyn. Sözümizi ýerine ýetirmek üçin Eriduly Alaluny serkerde yglan edeliň. Ýygnanyşan gahrymanlar bilelikde hemmesi bir agyzdan gygyryp makulladylar.
Alalu Ea öwgüli sözler aýtdy. Ea ikinji at bilen atlandyrylsyn. Mundan beýläk Hünärli manyda gelen Nudimmud diýilsin. Gahrymanlaryň hemmesi bilelikde gygyryp makulladylar.
Agşam düşdi, daň atdy we Ýerdäki ýedinji gün boldy.
_____________
Zakariýa Sijin şeýle diýýär:
Plita ýazgydaky we beýleki Sümer plita ýazgylaryndaky bu alty gün çalyşyp, ýedinji gün dynç almak dini kitaplaryndaky ýaradylyş hökmünde geçipdir. Bu gün gaýta-gaýta gözlegdäkileriň günde diýen ýaly agzaýan Ýaradylyşdaky geçen bir gün müň ýyl diýilýän
(Eger şeýle bolsa ylym bilen gabat gelerdi, Sebäbi Älem 15 milliard ýaşyndadyr. Ýer 4,5 milliard ýaşyndadyr) ýaradylyş hekaýasynyň asly şulardyr.
Bu mysal dini kitaplaryň käbir sözleri Sümer plitalaryndan sözme-söz alnandygyny görkezýän mysallaryň ýeke biridir.
______________
Indi şol bir hekaýany Töwratdan okap göreliň:
Bap 1
1-Başlangyçda Taňry gögi we ýeri ýaratdy.
2-Ýer boşdy, ýer ýüzünde şekiller ýokdy; çuňňur garaňkylyk bilen gaplanandy. Taňrynyň Ruhy suwlaryň üstünde hereket edýärdi.
3-Taňry ''Ýagtylyk bolsun'' diýdi we ýagtylyk boldy.
4-Taňry ýagtylygyň gowulygyny gördi we garaňkylykdan aýyrdy.
5-Yşyga ''Gündiz'', garaňkylyga ''Gije'' adyny berdi. Agşam düşdi, daň atdy we ilkinji gün geçdi.
6- Taňry ''Suwlaryň ortasynda bir gupba bolsun, suwlary biri-birinden aýyrsyn'' diýdi.
7-We şeýle-de boldy. Taňry gök gupbasyny ýaratdy. Gupbanyň astyndaky suwlary üstündäki suwlardan aýyrdy.
8-Gupba ''Gök'' adyny berdi. Agşam düşdi, daň atdy we ikinji gün geçdi.
9-Taňry ''Gögüň astyndaky suwlar bir ýere toplansyn, gury toprak görünsin'' diýdi we şeýle-de boldy.
10-Gury alaňa ''Gara'' toplanan suwlara bolsa ''Deňiz'' adyny berdi. Taňry onuň gowulygyny gördi.
11-Taňry ''Ýer ýüzündäki dermanlyk ösümlikleri, tohum berýän otlar, görnüşine görä tohumy miwesinde bar bolan miweli agaçlary ösdürsin'' diýdi we şeýle-de boldy.
12-Ýerýüzündäki dermanlyk ösümlikler, görnüşine görä tohum beren otlar, tohumy miwesinde bolan miweli baglary ýetişdirdi. Taňry onuň gowulygyny gördi.
13-Agşam düşdi, daň atdy we üçünji gün geçdi.
14-15- Taňry şeýle diýdi ''Gök gupbasynda gündüzi gijeden aýyrar ýaly ýer ýüzüni aýdyňladar ýaly yşyklar bolsun. Belli wagtlary, möwsümleri, günleri, ýyllary görkezsin'' diýdi we şeýle-de boldy.
_______________
Zakariýa Sijiniň bu getiren meňzeşlikleriniň üstünde durup geçmek gerek. Eger hakykatdanam Musa pygambere iberilen Töwradyň asyl aýatlary Şumer plitasyndan göçürilip, üýtgedilipdir diýilýän bolsa, Musawy dini kitaplary we ynanjy şübheli diýilip garalýan bolsa onda Zakariýa Sijiniňem bu düşündirişleri, asyl-ha şu Sümer ýazgylaryndaky wakalara näme üçin şübhe gözi bilen seretmeli däl!? Belki Sümer ýazgylaryny Dini ynançdan daşlaşdyrmak üçin gurnalan komplimasiýa bolsa nätjek!?
Kuranda şeýle aýatlar bar:
''Ýogsam olar hiç zat ýaratmadyk, öz-özünden ýaradylan barlyklary (Baal = Enlil we Enki) Allaha ortalyk ýerinde goýýarlarmy?'' (7. Araf. 191) Indi Sümer ýazgylarynyň başyndaky Enkiniň ''Öz-özümizi döretdik'' diýen ýazgylaryny getirsek Kurandaky aýat bilen Enkiniň sözleri gabat gelibem dur. Kuran Sümer ýazgylaryndaky Anunnakileri inkär etmeýär:
(Şeýle-de) bu (çokunylýan) barlyklar ne-hä olara, ne-de özlerine kömek etmäge güýçleri ýeter (7/Araf. 192). Hakykatdanam öz aralarynda Anunnaki başga planetalylar ýalňyşýarlar, özlerini bu kyn ýagdaýlardan halas bolup bilmän aralarynda söweşipdirler.
Kurandaky aýatlar ýene şeýle ýaňzytma berýär:
Allahy unudyp, özlerine doga etdirden barlyklar, siziň ýaly (Allaha) guldurlar. Eger dogry aýdýan bolsaňyz, çagyryň-da garşylyk görkezsinler (7. Araf, 194). Sümerologlaryň başga planetaly Anunnaki diýilýän barlyklaryndan Anu, Enlil we Enki ýaly bütin akylly we güýçli barlyklar Allanyň gullarydyr.
Belkäm Anunnakiler Kuranda agzalýan Allanyň Ýere ugradan jynlary ýa perişdeleri bolup bilerler. Bu perişdeler ýa-da jynlar adamlara Allanyň barlygyny düşündirmedik bolmaklary ähtimal. Sebäbi adamlara ilçi hökmünde gelen melekler jynlar däl-de pygamberlerdir.
Allanyň barlygyny, Ýeketäkdigini düşündirmek işi perişdelerde däl-de bellenen adama, ilçilere berilendir. Adamlar hem beýleki adamlara düşündiripdirler.
''Jynlary ýaradan (Allah) bolandygyna garamazdan jynlary Alla bilen deň tutdylar. (Munuň bilenem çäklenmän) hiç bir sebäpsiz ýerden Allanyň ogullary we gyzlary bar diýdiler. Ol (Allah), olaryň bu deňeýän sypatlaryndan päkdir, arassadyr. (6. Engam.100)
Sümer ýazgylarynda bir anunakiliniň ynsany eli bilen ýugrup ýaradandygyna degişli ýazgylary (geljekgi terjimelerde) okap bilersiňiz.
Kuranda Allah ''Biz ynsany ýaratdyk'' diýip düşündirýär. Ýaýradylanlaryň döreden, bar eden zatlaryny-da Allah ''Olary hem men ýaratdym'' ýa-da ''Biz ýaratdyk'' diýip köplük sany goşýar.
Ine Zakariýa Sijiniň we Sümerologlaryň düşündirişlerine, şeýle düşündiriş bilen sözümizi çäklendirýäris.
Eger şeýle düşündiriş bilen orta çykmasak, ertir, biýrgün Nibiru planetasyndaky Anunnakilere ýene çokunmaly bolarys. Olary Hudaý, Allah diýip beýgeltmeli bolarys.
Sözümiň soňunda haçandan bäri kellämi gorjalaýan şeýle pikirleri hem aýtmak isleýärin. Şu Anunnakileri kimler nähili döredip haýsy başga planetaly olary janlandyryp, şinelendirdikä? Haýsydyr bir başga planetaly Nibiruly Anunnakileri döreden bolsa şol başga planetaly Anunnakilerdenem güýçli bolmaly. Hem akyl tarapyndan, hem kuwwat, hem beýleki ösen ylym-bilim berilen bolmaly. Ýene geň galdyrýan soraglaryň ýene birini bereýin, ol başga planetalyny hem başga bir planetaly döretdimikä???
Jeksparro

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.