Budda dinine ynanýan halklar hytaýlar, ýaponlar, koreýler adamyň tenini berkitmeklige uly üns beren. Olaryň ynamyna görä adam teniň berk, çydamly we güýçli bolmagy adamyň aňynyň boýun egmezekligine getirýär. Bu halklar çagalaryny, ulalanda tutanýerli bolup jemgyýetde abraýly we mertebeli bolup ýetişmegi üçin häzirki harby sungat diýilýan ugur bolan karate, kunfu, aýkido, dzudo ýaly ten we aň
Çagalyk söýgüm Kalbymda kerepläp galdymy gaýgym? Çagalykda galdy çagalyk söýgüm. Durmuşymdaky iň süýji, iň duýgyly, iň ýakymly ýatlamalaryň biri hem Şeker bilen geçiren günlerim . Ilki-ilkiler üns bermesemem soňabaka meniň oňa bolan muhapberim artypdy, söýgüm oýanypdy. Men hakykatdan hem ony hiç kinesi bolmadyk çaga ýüregimden päk söýgi bilen söýýärdim. Olam maňa kem baha garamaýardy. Olam meni
Iň köp okuw okalýan ýurt Amerika hasaplanýar we şunyň bilen birlikde bilim arkaly durmuşda öz ornyňy tapmak Amerikada ýörgünli hasaplanýar. Ine, şu wagt biziň daýhanlarymyzyň aglabasy daýhançylyk etmek üçin okuw hökman däl diýilýän düşünjä eýe emma bu düşünjäniň düýpgöter ýalňyşdygyny men aýytmanymdada bilýansiňiz. Jüýjäni soýdursaň gassaba soýdyr diýilýän nakyla eýerip biz bir däl eýsem birnäçe
Saýtda okyjy ýoklugy sebäpli wagtlaýynça başga saýta gidýän. Ýaman görmäň.
Bu ýylky okuwa girmek ýyly gyzykly bolar.Men hem Aşgabada okuwa girýänlere repetitor bolmagy ýüregime düwdim. Häzir repetitor jaýymy belläp aldym. Eger okuwa taýynlap başlasam ýer bolsa goşmaça nirededigimi aýdaryn.
Adam hemişede söze mätäç. Elbetde, gowy söze, dogry söze we ýenede magtawly söze. Adam sähelçe eden gowy işi üçin şoňa laýyk magtawly söz isleýär. Mysal üçin, okuwçy. Berilen sapagy ýerine ýetiren okuwçy ýokary baha bilen birlikde magtawly söz bolan berekella, tüweleme, otliçnik ýaly sözleri eşidesi gelýär. Emma adamlaryň bir bölegi umuman başga sözi isleýär. Bu topara dogry sözi we dogry
Biziň bu saýtymyzyň agzalarynyň boluş ýagdaýy jemgyýetimizde bar ýagdaý. Agzalar asmandan düşen adamlar däl. Şu jemgyýetde ösüp kemala gelen adamlar bolany üçin olar ju jemgyýetde bar bolan nogsanlyklary özünde jemlän agzalar. Ýallaklamak, ýalan dost bolmak, işiň düşüp ondan bitjek adama maşgalaň bilen hyzmat etmek bu aýydanlaryma we onuň görnüşlerine hemişede duşyp durys. Mysal üçin, bir edara
Dünýädäki iň belent şaglawuk Anhel şaglawugydyr. Ol Wenesuelada ýerleşýär. Şaglawugy Anhel atly uçarman açypdyr. Şonuň üçin şaglawuk Anheliň adyny göterýär. Anhel şaglawugynyň umumy beýikligi 979 metr, suwuň ine-gana şaglap gaýdýan beýikligi bolsa 807 metr.
Gimalaý dagy Aziýa yklymynda ýerleşýär. Ol dünýäniň iň beýik dagy hasaplanýar. Gimalaý dagynyň iň beýik depesi Ewerest diýlip atlandyrylýar. Onuň beýikligi 8848 metr. Gimalaý sözi türkmen dilinde "Garyň öýi " diýen manyny berýär. Daglaryň ösýäni we peselýäni bolýar .Gimalaý dagy ösýän daglara degişli. Daglar näçe ösdügiçe, depesi şonça-da sowuk bolýar.
Bagşynyň aýdymyny diňlemek üçin diňleýji gerek ýazyjynyň ýazanyny okamak üçin okyjy gerek. Gynansakda bu saýtda indi okyjy galmady. Üç-dört okyjynyň birnäçe günüň dowamynda saýta girmegi bu hiç zat däl. Saýtda gatnaşyk ýok. Saýtyň şu ýagdaýa gelmegine belli adamlar günäkär. Ilki bilen bu adamlar özara ýasama dostluk toparlanmany döretdiler. Bu ýasama dostluk toparyna girenler belli bir adama