Köýtendag

Köýtendag ýurdumyzyň çet günorta-gündogarynda Amyderýanyň sag kenarynda ýerleşip, ol dürli görnüşli tebigy baýlyklara örän baýdyr. Bulara mysal edip Köýten obasynyň ýanyndaky uly çynary, 500 ýaşly arça agajyny, köp sanly karst gowaklary, Hojapil obasynyň golaýynda 1300-1600 metr belentlikde ýerleşen “Dinozawrlaryň yzyny”, 27 metr belentlikden gaýdýan Umbar dere şaglawugy, gowakdaky köl suwunda ýaşaýan kör balyklary, Gaýnar baba mineral çeşmesini, “Kyrk gyz” gowagyny we beýlekileri almak bolar.

Köýtendagyň umumy fiziki-geografiki häsiýetnamasy

Köýtendag ýurduň çet günorta-gündogarynda Amyderýanyň sag kenarynda ýerleşip, ol Gissar gerşiniň günorta-günbatar dowamydyr. Onuň dag gerişleri günorta-günbatara 85-100 km-e çenli uzalýar, ini 25-30 km. Bu ýerde Türkmenistanyň iň beýik nokady Aýrybaba (3139 metr) ýerleşýär. Gowurdak dagy Köýten gerşiniň günbatarynda ýerleşip, onuň uzynlygy 14 km., ini 12 km-e ýetýär. Bu çägiň çylşyrymly gadymy geologik gurluşy bolup, paleozoý, mezozoý (mel, ýura), kaýnazoý (paleogen, neogen) döwürleriniň hek daşlary we gipsleşen çökündi jynslar duş gelýär. Bu daglyk etrap kaliý duzlaryna, kükürde, gurşuna, daş kömre baýdyr. Ýakynda bu ýerlerde altynyň, kümüşiň we dürli bezeg daşlarynyň barlygy belli edildi.

Bu etrabyň az suwlulygy çöl landşaftynyň emele gelmegine getiripdir. Ortaça ýyllyk temperatura +160 – +170 S, ýanwaryň ortaça temperaturasy +20 – +70 S, iýulyňky +300 S. Ygalyň ýyllyk mukdary 150-200 mm, dagyň ýokarsynda 400-600 mm-e çenlidir.

Bu çägiň ýeke-täk derýasy Köýten derýasydyr. Onuň uzynlygy 74 km. Ol Amyderýa ýetmeýar, ähli suwy ekererançylykda ulanylýar. Ýer asty suwlar ajymtyk-şor bolup, dürli-dürli çuňlukda ýerleşýär. Topragy – açyk mele, adaty mele, goňur mele. Dag eteklerinde ýarym çöllere mahsus bolan efemerler (gara çaýyr, ak çaýyr, ýowşan, garak, düýedaban), ýokarda bolsa, arça we pisse agaçlary bilen garyşyp ösýän dag subtropiki sähra ösümlikleri duş gelýar.

Köýtendag dürli görnüşli tebigy ýadygärliklere örän baýdyr. Bulara mysal edip Köýten obasynyň ýanyndaky uly çynary, 500 ýaşly arça agajyny, köp sanly gowaklary, Hojapil obasynyň golaýynda 1300-1600 metr belentlikde ýerleşen “Dinozawrlaň yzyny”, 27 metr belentlikden gaýdýan Umbardere şaglawugy, gowakdaky köl suwunda ýaşaýan kör balyklary, Gaýnar baba mineral çeşmesini, “Kyrk gyz” gowagyny we beýlekileri almak bolar.

Köýtendagyň geologik ýadygärlikleri

Köýtendagyň ajaýyp täsinlikleriniň biri-bu karst gowaklarydyr. Karst gowaklary ýerasty suwlarynyň hereketi netijesinde, ýagny suwda tiz ereýän jynslaryň (gips, duz, angdrid, hek daşy) ýaýran ýerlerinde duş gelýär. Karst – sözi öňki Ýugoslawiýadaky Karst ýa-da Kras platosynyň adyndan gelip çykypdyr.

Ýer şarynda karst gowaklary örän köpdür. Olar alymlar tarapyndan öwrenilip, syýahatçylygy ösdürmekde uly ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda dünýade 100000-e golaý gowak belli edilendir. Şolaryň 8400-i Italiýa-da, 7500-i ABŞ-da, Çehiýa we Slowakiýa-da – 7200, öňki Ýugoslawiýa-da – 5300, öňki SSSR-de 5000-den gowakdyr. Käbir gowaklaryň uzynlygy 100 km-n hem geçýär. Meselem: ABŞ-daky Flint-Rij, Alp daglaryndaky Helloh (Şweýsariýa) gowagy muňa degişlidir.

Köýtendagda karst gowaklary aýratynam Garlyk-Köýtendag sebitinde giň ýaýrandyr. Sebäbi bu ýerde ýura we mel döwrüniň dag jynslary agdaklyk edýär. Olara hek, mel, slanes, çägesöw jynslar degişlidir. Bu jynslar ýuwulma we ereme hadysalarynyň täsirine düşüp, karst gowaklarynyň döremegine getirýär. Bu etrabyň esasy gowaklaryna Haşym-oýuk, Gapgotan, Gülşirin, Daşýürek degişlidir. Şu gowaklaryň iň esasylarynyň biri – bu Haşym-oýuk gowagydyr. Ol Köýtendag etrabynyň Garlyk obasynyň demirgazyk-gündogarynda Köýtendag gerşiniň günorta ýapgydynda ýerleşýär. Uzynlygy 3 km, gowagyň içinde täsin görnüşli dürli göwrümli zallar bar. Zallaryň bevikligi 0,5-40 m, giňligi 1-50 metre, onuň iň pes nokady girelgeden 100 m aşakda ýerleşýär. Gowagyň içinde beýikligi 5 metre çenli bolan stalagmitlerden (gowagyň düýbünde emele gelýän täsin görnüşli minerallar ýygyndysy) emele gelen ajaýyp daş “tokaýlyklary” bar. Olaryň keşbi dürli haýwanlary ýada salýar.

GowakGapgotan gowagy Köýtendagyň iň uly gowaklaryň biri bolan, uzynlygy 56 km deň. Ol dünýäde uzyn gowaklaryň biri hasaplanýär. Gowak Garlyk obasyndan 7-8 km demirgazyk-günbatarynda ýerleşýär. Gowagyň girelgesi jülgäniň başlaýan ýerinde ýerleşýär. Gowak örän owadan bolup, mermer oniksleri (açyk we goýy reňkde), stalagmit we stalaktit (gowagyň ýokarsyndan başaşak salnanýan minerallar) “gülleri”, “daş perdeleri”, gips “lýustralary” giňden ýaýrandyr. Ýerasty köllerinde bolsa GDA ýurtlarynyň haýwanat dünýäsinde duş gelmeýän ýalaňaç kör balyk ýaşaýar. Bu täsin balyklaryň esasy bölegi süri-süri bolup, 4-5 metr çuňlukda saklanýarlar. Balyklaryň sany bolsa 150-ä golaýdyr. Gözsüz, endamlary tegmilsiz, ýüzgüç haltasyz, ýüzgüçleri süňksüz, garrynasty ýüzgüçleri az sanly buynyzly we beýleki alamatlary bilen olar adaty garaňky gowaklarda ýaşaýan balyklar toplumyny düzýarler. Köýteniň kör balygy Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi.

Daşýürek gowagy – Gapgotan gowagyndan 1,5 km demirgazykda ýerleşýär. Gowagyň dar girelgesi dag jülgesiniň sag uçut eňňidinde bolup, beýikligi we ini 1 m-e ýetmeýän gädijik 60 m-e çenli uzalýar. Soňra ol giňligi 4-5 m, uzynlygy 20 m bolan giň we köp sanly stalaktitlerden “bezelen” owadan köwege eltýär. Köwek soňra birnäçe örtüklere (zallara) bölünýär. 60 metrden olar ýene-de uly gowaga birikýär. Ol ýerdäki stalaktitleriň käbiri adam ýüregine meňzeýär.

Gülşirin gowagy – Köýtendagyň iň owadan gowaklarynyň biri bolup, onuň ajaýyplygy üçin “Daş güli” hem diýilýär. Gowagyň uzynlygy birnäçe km bolup, bu ýerde beýikligi 50 metre ýetýän birnäçe zallar bar. Olar gipsden bolan stalagmitleriň we stalaktitleriň jeňňellikleri we mermer oniksinden düzülen ajaýyp “perdeleri” we “baýdaklary” emele getirýärler. Gowagyň ajaýyp, haýran ediji bezegleri ony hakyky tebigat muzeýine öwürýär. Bu ýerler tebigatyň döreden gudratydyr.

Köýtendagda bu gowaklardan başga-da öwrenilýän we täze açylýan gowaklar köp. Meselem: ýaňy-ýakynda “Gurşyn käni” şäherçesiniň golaýynda ýene-de bir gowagyň bardygy anyklanyldy. Onuň uzynlygy 100 metre golaý bolup, oňa “Täze çarwa” diýip at berdiler. Bu gowakda hem mermer oniksden düzülen ajaýyp şekiller bar. Gowak gorizontal uzalyp, jahankeşdeler üçin amatlydyr.

Köýtendagyň paleontalogik ýadygärlikleri

Dinozawryň aýak yzlary
Dinozawryň aýak yzlary

Köýtendagyň ýene-de bir ajaýyp ýadygärlikleriniň biri – bu dinozawrlarynyň yzlarydyr. Bu yzlar Köýtendagyň demirgazyk-günbatar eňňiginde, Hojapil obasynyň golaýyndan 1980-nji ýylda tapyldy. Ýerli ilata bu yzlar irden bäri belli bolup, olar yzlara Isgender Zülkarneýniň pilleriniň yzlarydyr öýdüpdirler. Şonuň üçin obanyň adyny Hojapil diýip atlandyrypdyrlar. Dinozawrlaryň aýak yzlary uzynlygy 500 metr, ini 260 metr bolan tekiz belentlikde bolup, bu ýerde jemi 400 gowrak aýak yzlarynyň bardygy anyklanyldy. Professor W. I. Sedleskiniň çaklamalaryna görä bu sudurlarda takmyndan 150 million ýyl ozal ýaşap geçen ösümlik iýiji ignanodontlaryň we ýyrtyjy dinozawrlaryň aýak yzlarynyň alamatlary bar. Yzlaryň daş keşbi üç barmagyň anyk bildirýän oýuk sudurydyr. Yzlaryň ululygy 70-80 sm, aradaşlygy (ýa-da ädimiň uzynlygy) 1,5 metr töweregi. Diýmek, çaklamalara görä iri dinozawrlaryň boýy 8-12 metre, göwresiniň uzynlygy 5 metre, agramy 5-10 tonnadyr. Dinozawrlaryň belent tekizliginde iri yzlaryň ýanynda oýtymy 45 santimetr töweregindäki kiçi yzlaryň sudurlary hem bar.

Umuman, Köýtendagda ýokarky ýura dinozawrlarynyň 2500 sany aýak yzlary tapyldy. Olaryň şeýle köp mukdary diňe biziň ýurdumyzda tapyldy we başga ýerde şular ýaly ýokdur (ilkinji gezek dinozawrlaryň galyndylary ABŞ-dan, soňra Mongoliýadan we Hytaýdan tapyldy). Dinozawrlaryň we Köýtendagyň beýleki tebigy ýadygärlikleri Türkmenistanyň Hökümetiniň 1986-njy ýylyň 11-nji iýulyndaky karary esasynda Köýtendag döwlet goraghanasynyň çägine girizildi 1990-njy ýylyň 3-nji awgustyndaky karary esasynda bolsa “Dinozawrlaryň tekiz belentligi” paleontologik tebigy ýadygärlik diýip yglan edildi we häzirki wagtda gorag astynda saklanylýär.

Köýtendagyň landşaft ýadygärlikleri

Köýtendagyň täsinlikleriniň ýene-de biri – bu onuň landşaft ýadygärlikleridir. Olara Gaýnar-baba, Umbar dere şaglawugy, “Kyrk gyz” gowagy degişlidir.

Gaýnar baba – Garlyk obasynyň golaýynda ýerleşip, keramatly ýerleriň biri hasaplanýar. Bu ýere ýerli ilatdan we jahankeşdelerden köp adamlar dynç almaga hem-de saglygyny dikeltmäge gelýärler. Sebäbi bu ýerde biri-birinden daş bolmadyk Gaýnar-baba köli we çeşme bar. Gaýnar baba kölüniň ululygy 25×35 metr, çuňlugy 3 metre golaý bolup, dury süýji suwy bar we onda köp balyklar ýaşaýarlar. Gelýän adamlar köle suwa düşýärler. Çeşme Gaýnar baba kölünden birnäçe metr demirgazykda ýerleşip, suwy kükürtliwodorodly. Çeşmäniň kenarlary gamyş, dürli suw otlary bilen örtülen. Onuň düýbünde bolsa, Mollagaranyňkydan we Arçmanyňkydan tapawut etmeýän bejeriji palçyk bar. Çeşme suwy aşgazan – içege keselleri üçin peýdaly bolsa, palçyk deri, bogun, sowuklama kesellerini bejermek üçin ulanylýar. Şonuň üçin bu ýere gelýän adamlaryň sany ýyl-ýyldan artýar.

Umbar dere şaglawugy
Umbar dere şaglawugy

Umbar dere – Köýtendagyň demirgazyk-günbatarynda 100 metre golaý beýikligi bolan jülgede ýerleşýär. Şaglawuk 27 metr beýiklikden gaýdyp, onuň inýän ýeriniň giňligi 5-6 metr, aşaklygyna gaýtdygyça birnäçe metre çenli giňeýär. Jülgäniň uzynlygy bir kilometre golaý bolup, şaglawugyň inýän ýerine barmak aňsat. Şaglawugyň ady rowaýat bilen baglanyşykly. Ir wagtlar Umbar atly bir çopan şu jülgede mal bakypdyr. Ol bir gün şol jülgeden böküpdir. Adamlar onuň güýçlidigine haýran galypdyrlar. Şondan soň olar bu ýere “Umbar dere” diýip başlapdyrlar.

Kyrk gyz gowagy – iň uly gowaklaryň biri bolup, beýikligi 10 metr, ini 30 metr-den gowrak. Gowagyň içinde ýokardan damjalap çeşme akýar. Gowakdaky daş şekilleri gyzlaryň heýkellerine meňzeş. Il arasynda gowagyň ady bilen baglanyşykly birnäçe rowaýatlar bar. Ol rowaýatlaryň birinde şeýle diýilýär.



Şu ýerde ýaşaýan adamlaryň üstüne duşmanlar dökülipdir. Olar erkek adamlary ýesir alyp, aýal-gyzlary özlerine gyrnak edipdirler. Oba adamlary maslahatlaşyp, obanyň uly gyzlaryny daga gaçyrypgyrlar. Olara: “Eger-de duşmandan aman sypsak habar iberers” diýipdirler. Şondan soň oba adamlary duşmandan aman sypypdyrlar. Soňra gyzlaryň yzyndan çapar ugradypdyrlar. Uzakdan gelýän çapary gören gyzlar duşman gelýändir öýdüp, özlerini gowaga taşlap, heläk edipdirler. Şu r owaýata görä adamlar bu gowaga Kyrk gyz gowagy diýýärler we keramatly ýer hasaplaýarlar.

Häzirki wagtda adamlar şol ýere zyýarat etmäge barýarlar. Olar öz arzuwlaryny aýdyp, mata bölekleriniň ujuna palçyk çalyp, gowagyň ýokarsyna oklaýarlar. Eger mata bölegi ýokaryk ýapyşsa, onda şol adamyň arzuwy hasyl bolýar diýýärler.

Köýtendagyň botaniki ýadygärlikleri

Köýtendagyň ösümlik dünýäsi degişli bolup, bu ýerde endemik ösümlikleriň birnäçe görnüşi ösýändir. 1930-njy botanik S. A. Newskiý barlaglarynyň netijesinde Köýtendagda 800-e golaý ösümligiň görnüşi bar diýip belleýär. Emma soňraky barlaglar esasynda bolsa, 900-e golaý ösümlik görnüşini anykladylar. Ösümlik görnüşiniň köplügine seretmezden, olaryň sany ýyl-ýyldan azalýar. Meselem: 1930-1940-njy ýyllarda pisse we arça agaçlary köp bolup, olar 800-1700 metr beýiklige çenli ösýärdi. Häzirki wagtda dag etek sebitlerinde pisse agaçlary düýbünden diýen ýaly ýok edilipdir. Köýtendagyň arçalary pamiro-alaý görnüşe degişli bolup, olary zerewşan arçalary diýip atlandyrýarlar. Bu arçalar türkmen arçasyndan özüniň beýikligi (12-15 m) we ýogynlygy (120 sm-e golaý) boýunça tapawutlanýar. Arça tokaýlyklary hem soňky ýyllarda diňe dagyň ýokarky gatlaklarynda saklanyp galypdyr. Dagda pamiro-alaý görnüşe degişli bolan çigildemleriň 6 görnüşi duş gelýär (Köpetdagda ýok). Köýtendagda keramatly hasaplanýan we adam saglygy üçin örän peýdaly bolan ösümlikleriniň biri hem unabi ýa-da hytaý hurmasy (başgaça arnap hem diýilýär) bolup, ol diňe Köýtendag obasynyň golaýynda ösýär. Şu jeňňelliklerde ýaşy 100-den geçen, ýogynlygy 70 sm-e ýetýän agaç keramatly hasaplanýar. Bu agaçlaryň aşagynda dynç alanyňda kelle agyryňy aýyrýar, gan aýlanyşyňy gowlandyrýar we özüňi gowy duýýarsyň. Köýten obasynyň ýanyndaky uly çynar, 500 ýaşly arça agajy görenleri haýran edýär. Umuman, Köýtendagyň islendik ösümligini botaniki ýadygärliklere goşsaň bolýar. Şu ösümlikleri, şol sanda haýwanlaryny gorap saklamak maksady bilen bu ýerde 1986-njy ýylda Köýtendag goraghanasy döredildi.
1 лайков 142 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Enejan
10 окт 2021, 18:43
Menin koytendaga gidesim gelip baslady likee