ANNAGULYDEPE Iki dost—iki sazanda Hanguly bilen Allanuruň başky durmuşy dessanlardaky wakalara çalym edýär. Olaryň ikisem «Hudaý urup, pygamberem hasasyny dürtenlerden». Atalaryndan galan ujypsyzja ýerjagazlaryndan başga, dört tarapy gamyş bilen ýapylan küme diýäýmeseň, dostlaryň hiç biriniň-de atlaryny tutup sanar ýaly zady ýokdy. Ikisem duldegşir goňşudy. Şonuň üçin olar meller ýerleriniň-de
Yalan sözler: 1. Menem sana jan etjekdimay 2. Yüzüne-de aydaryn, gorkamok 3. Senden başga hiçkimi söymedim 4. Biz vzyatka alamyzok Sizem bilyanlerinizi yazyn..
Men ýüregime täsir eden bu waka hakda öýde ejeme gürrüň berdim. Selbinýaz gelnejemi gözläp, oňa-da ýagdaýy aýdaýmalydygy hakdaky pikirimi ýaňzytdym: —Barybir, öz çagasy, Ogulmeňli daýza ölen bolsa, goý, ýygnasyn ogluny! Meniň diýýänlerime ejem ör-gökden geldi. —Kakaňa bir aýdaýma, gahary geler!—diýip, howsala düşdi.—Selbinýaz gelnejeňdenem gördüm-bildim ýok. Onsoňam ýygnajak aýal öň taşlamazdy
Oňa nähilidir bir kömek edesim gelýärdi. Ýöne ol hiç wagt kömege mätäç bolanokdy. Iýmeli-içmeli wagtam hakyny gidirenokdy. Orun almaly bolanda-da. Gaýtam, beýlekileri urup, bizden bukulyp, özüni gözledip iş berýärdi. Saçyndan çekip, gyzlary agladýardy. Gaharymyzy getirýärdi. «Beýle-de bir nesle häsiýet geçme bor eken» diýip, men gahar bilen içimi gepledýärdim. Bir günem ol gyzlaryň biriniň
Ýokarda biri bar, ol meni gowy tanaýar. Durmuş ýollarynda, ähli ýagdaýlarda aljyran pursatym, kömege mätäç pursatlarym, men ony ýa- dyma salmasam‐da, ol meni unutmaýar. Arkamy tutýar, derrew kömek edýär. Ol meniň ýolumy açýar. Ol maňa garaşmaýan ýerlerimden rysgal eçilýär. Ol meni çagasyna mährini berip, gujagyna gysýan mähriban eneden hem has gowy mähir bilen bakýar
Görüp otursam, şol ýagyşly gije Selbinýaz gelnejemiň ogly bolan eken... Nämüçindir, Ogulmeňli daýza entegem gözlerinden boýur-boýur ýaş dökýärdi. —Goýaweri, Ogulmeňli, töwerekdäkiler näme diýer toýda aglap otursaň!—diýip, ejem oňa ýüzlendi.—Boljak işdir-dä... —Boljak iş däldi ol—diýip, Ogulmeňli daýza agysynyň arasynda hüňürdedi.—Boldurdylar... Doganjygymy siziň obaňyzyň adamlary uklap ýatyrka,
Näme gözleýändigini bilmeýän adam, tapanynda-da, onuň nämedigine düşünmez. Ähli zadyň gözelligi bardyr, ýöne, muny her kim görüp bilýän däldir. Garaňka nägile bolma-da, birje şem ýak! Gapyňyzyň öňüni arassalaman, goňşyňyzyňüçegindäki gara şika ýat etmäň! *Oýlanman öwrenmek peýdasyz dyr, öwrenmän oýlanmak howp ludyr. Alkyşy sessiz-üýnsüz kabul edenadam, alkyşa laýyk adamdyr. Bir adam
Çybşylda üns sowan bolmaga çemeli, Selbinýaz gelnejem gözüni gapa dikip, göz-gülban bolup otyrdy. Ol meni görenden, eline ilen zatlary maňa tarap oklaşdyrmaga durdy. Özem çirkin sesi bilen aldygyna gygyrdy: —Haram içaly ganjyk! Gepçi albassy! Men seni bogup öldirin! Sensiň meni ile peçan eden! Sen bolmadyk bolsaň, bu zatlary hiç kim bilmezdi! Güm bol! Beýle sesi, gykylygy dogup-dörälim bäri
Söýgülim, seni ram'ymyň göterip bilmejegi derejede söýýän! Vipsiz, zatsyz bolşuň ýaly... Seni ilkinji gören badyma formatlandym. Maňa şeýle bir sistema transfer etdiň welin, mundan beýläk hiçhili command meni senden aýra salyp bilmez. Seniň bilen multimedia-da içinde, her hili mediada bagtly bolup biljegimizi bilýän. Seniň megahertz'iň meni oda salýar, bakyşlaryň meni çuňňur scan edýär.
Aý, ýok, balam, bu töwerekde başlyg-a görnenok—diýip, soňra meni hasam ynjaldyrdy. Şondan soňam gapyny ýapyp, süýşenekläp, ornuna geçdi. Şundan soň men has rahatlandym. Gerdenimden agyr ýük aýrylan ýaly boldy. Ýeňil dem aldym. —Başlyk Selbinýaz gelnejeme sögdi—diýip, men bu gezekki berjek habarlaryma mamur ejäniň begenjegine doly ynanyp, eşiden zatlarymy gürrüň berdim.—«Maslygyň gömlen ýerem