MANYSY BIR, TÄSIRI TAPAWUTLY

Orta ýaşa ýeten adamlaryň biri Ymam Nesewiden sorapdyr: «Tagsyr, ýaramaz endigimden hiç saplanyp bilmedim. Ýürekden ökünsemem, şolardan-a el çekip bilemok, gaýta her gezek «gaýdyp şu hereketi etmäýin» diýýän welin elim-aýagym şoňa dartylyp dur. Meniňem abraý bilen il hataryna goşulasym gelýär. Heý, bir alajy barmydyr?» diýipdir. «Ajaldan başga zadyň alajy bardyr, ogul» diýip, Ymam söze başlapdyr.

SÖZÜŇ TÄSIRI

Bir gezek ýaş zenanlaryň biri körpeje ogluny ýanyna alyp, Lukman Sarahsynyň bosagasyndan ätläpdir: «Lukman baba, oglumyň dişi agyrýar, bir em etseňiz ýa-da melhemini salgy berseňiz» diýipdir. Lukman Sarahsy bulary az salym synlanyndan soňra: «Ýene kyrk günden aýlanyň, oňa çenli zerur bolan ähli däri-dermanlary bilip goýaryn» diýipdir. Aýdylan möhlet geçensoň, ýaňky zenan körpejesi bilen ýene-de

TÜRKAN HATYNYŇ GYZYNA NESIHATY

Türkan hatyn durmuşa çykjak gyzyny ýanyna çagyryp, oňa şeýle pent edipdir: «Menden on häsiýeti nusga al, saňa hem hazyna, hem 485 abraý bolar. Ýanýoldaşyňa sabyr we kanagat bilen höwür bol, sözlerini ýagşy diňle we islegini ýerine ýetir. Gözüne we burnuna esewan et: hapa-hapysa zada gözi düşmesin we üstüňden diňe hoşboý ys alsyn. Göwnünden turmak üçin özüňe serenjam bermegi unutma. Suw (tämizlik)

GUDAÇYLYK GEŇEŞI

Merwiň kazysy Nuh ibn Merýemiň ýaşy ýeten uly gyzy bar eken-de, onuň üçin gudaçylyga gelýänleriň haýsy biriniň sözüni kabul etjegini bilmeýän eken. Ol ahyry bu mesele bilen özüniň jöhit goňşusyna sala salypdyr. Goňşusy muňa ör-gökden gelipdir: «Ähli mähelle senden maslahat soraýar, saňa geňeş edýär, sen bolsa bu mesele bilen maňa ýüz tutýarsyň» diýipdir. Nuh kazy hem öz diýenine tutupdyr: «Ýakyn

BIR TÜRKMENIŇ DOGASY

Gadym döwürde türkmenleriň biri haj zyýaratyna ugrapdyr. Ähli däp-dessurlary berjaý edip, egnine yhram atynyp, beýlekiler näme etse, şony gaýtalap geziberipdir. Gara daşyň daşyndan ýedi gezek aýlanypdyr. Ýöne bu türkmen zyýarata gelenleriň, ýerli halkyň biriniň hem diline düşünmeýän eken. Olaryň näme aýdýandyklaryna, Alladan näme dileýändiklerine hiç aň ýetirip bilmändir. Ahyry ol hem bir ýere

ELÝAGLYK SATÝAN GYZJAGAZ

Bir gün telewizorda bir flme tomaşa edip otyrdym. Filmde alty ýaşlaryny ýaňy dolduran gyzjagaz köçede aýlanyp, goltugynda göterip ýören kagyz elýaglyklaryny satýardy. Birdenkä gyzjagaz aglap duran bir zenanyň gabadynda saklandy. Oňa dykgat bilen üns berdi. Zenan maşgala başyny galdyryp, gözýaşa ezilen ýüzi bilen seredende, gyzjagazyň oňa bir elýaglygy uzadyp durandygyny gördi. Gyzjagazyň

SEKIZ ZAT

Akyldarlaryň birinden: «Wajyp we has wajyp, täsin we has täsin, agyr we has agyr, ýakyn we has ýakyn zatlar näme?» diýip sorapdyrlar. Akyldar olara şeýle jogap beripdir: «Ýazygyňa dessine ökünmek we toba etmek wajyp, emma ýaramaz işlerden, oňlanylmaýan hereketlerden gaça durmak, çetleşmek has wajyp. Wagtyň juda çalt geçýändigi täsin, ýöne ynsanyň muňa asla ähmiýet bermeýändigi, gapyl galýandygy

AKYLLY KAZY

Tüçjar baýlaryň biri daýhana özüniň guýusyny satypdyr. Ekin möwsümi gelende daýhan ýaňky guýusynyň suwuny peýdalanmak isläpdir, emma tüçjar baý: «Men saňa guýyny satdym, onuň içindäki suwy satmadym. Eger-de ekiniňi suwarmakçy bolsaň, suwuň bahasyny aýratyn tölemeli bolarsyň» diýipdir. Daýhan bu geleşige razy bolmandyr we kaza ýüz tutupdyr. Kazy hem taraplary diňlemek üçin tüçjary kazyýete

«IL–GÜN NÄME DIÝERKÄ?!

Sen mundan öň 18-40-60 diýen kada hakda heý-de bir zatlar eşidipmidiň? Ýok, bu gözelligiň ölçegi däl, bu ömrüň ölçegindäki kesgitleýji nokatlar. Has dogrusy, ömür menzillerindäki iň täsirli möwsümler. Sen on sekiz ýaşyňda özgeleriň, beýleki adamlaryň sen hakda näme diýýändikleri bilen çuňdan we çyndan gyzyklanýarsyň. Olaryň sen hakda aýdýan-goýýan her bir sözüne berilýärsiň. Näme diýýändiklerine