Magtymguly öz obalaryndan bir ýigit bile dag içine tarap awa çykypdyr. Olar günüň gyrasy çykyberende bir çeşmäniň ba şynda düşýärler. Şol wagt olaryň ýanyna bir atly gelýär. Olar atly bile salam-helik edişip duran wagtlary, Magtymgulynyň gulagyna bir çaga sesi eşidilýär. Atly suw-söl alyp gidiberende, çaganyň sesi has-da batly çykyp başlaýar. Magtymguly ýaňky adamyň bolup barşyny halaman:
Magtymguly Hywadaky «Şirgazy» medresesinde okap ýörkä, şäher köçeleriniň birinden bir ýana barýan eken. Şonda hanyň ýasawullarynyň bir topar ýesiri gamçylap, sürüp barýanlary ny görýär. Magtymguly olara garap, barmagyny dişläp durýar, ýesirlere rehmi inýär, emma näme etjegini bilmeýär-de: Gyýmazlykdan bir söz diýdim baýakda, Garaw bardyr ýersiz urlan taýakda, Zalymlar har bolar, galar aýakda,
Döwletmämmet Azadynyň maslahaty bile 25 ýaşly Magtymgu la 33 ýaşly Akgyz adynda bolan bir dul aýaly iltäpdirler. Şonda Magtymguly: «Ýigrim bäş ýaş ötdi menden, Hezil etmedim, dünýe senden, Şirin sözli, lebi handan Bir goýna salan islärin.» — diýen goşgusyny aýdanmyş.
Magtymgulynyň bir gatyr ýüki kitaby bar eken. Bir gün gyzyl başlar oba biwagt dökülip, öýleri talap, adamlary ýesir edipdir ler. Şonda Magtymgulynyň kitaplary-da gidipdir. Şolaryň arasynda Magtymgulynyň «Toty guş dilli» diýen dessany hem gyzylbaşlara olja bolupdyr. Adamlar ol kitaba «Hünärler kitaby» diýer ekenler. Magtymguly aýratyn hem şu kitaba gynanypdyr. Ol «Şol kitap galan bolsa,
Bendesen obaly Amandurdy jüýk diýen şyh «Magtymgulyny göreni gördüm» — diýip aýdardy. Amandurdy gyzyleňek jahyl wagtynda ol adam togsandan aşan eken. Ol Amandurdy jüýge şeýle gürrüň beripdir: «Bahar aýlary Öwezberdi şyh ýazlaga diýip, Hasar dagy ta rapa göçmekçi boldy. Men onuň göçüni göçürişdim. Baryp Me zitli diýen çeşmäniň golaýynda ýurt tutduk. Öwezberdi şyh, şol wagtlar, tapdan
Magtymguly ýaşlygynda bir gyzy söýüpdir, emma ara başga bir adam düşýär. Ol adamyň adyna Şyhym diýer ekenler. Şyhym ol gyzy alypdyr, emma ondan hiç perzent önmändir. Magtymguly Şyhyma bagyşlap, «Ýary ýardan aýranyň» adynda, 7-8 bentden ybarat teýeli goşgy düzenmiş.
Hywadaky «Şirgazy» medresesinde okaýan talyplar üçin sal nan darajyk hüjreleriň birinde Gündogaryň parasatly alym şa hyrlaryndan biri — halkyň wepaly ogly Magtymguly ýaşapdyr. XIX asyr türkmen şahyrlary Seýdidir Zelili hem şol medresede okapdyrlar. Emma bularyň elleri ýuka bolany üçin, her haý- sy bir hüjräni kireýine alyp bilmän, ikisi bir hüjrede ýaşamaly bolupdyrlar. Halk rowaýatlaryna
Magtymguly näsaglap, ölüm ýassygynda ýatyrka, töwereginde üýşüp oturan adamlara garap: — Meni bir usullyk bilen, daşaryk çykarsaňyz — diýýär. Şa hyryň dostlary, hossarlary onuň goltugyna girip, emaý bile da şarky işige çykarýarlar. Şonda Magtymguly daş işikde, öýe ar kasyny berip oturýar, onuň oturan ýerinden seri dumanlap du ran gojaman daglar, ulgam-ulgam jülgeler, beýikli-pesli baýyr
Bir sapar ähli gökleň ilatynyň üstüne ýagy dökülýär. Obanyň köp adamlary bile barabar, Magtymguly, onuň enesi, daýysy hem giýewleri ýesir düşüpdirler. Bir gün han ýesirleriň arasy na aýlanýar, ol Magtymgulynyň enesine ýüzlenip: — Seniň menden näme dilegiň bar? — diýip soranda, ol Magtymguly öz dilewarlygy bile hem boşap biler diýen netijä gelip: — Han aga, Ogul bolsa bildedir, Giýew bolsa
Büjnürt, Astrabat hanlarynyň talaňçylygyndan gaçyp giden bosgunlar düýe-tegeli bolanlary üçin, hanyň atlylary olaryň yzyndan ýetip, ogul-olja, gyz ýesir edip, alyp gaýdýarlar. Şonda gökleňleriň aýderwüş tiresinden bolan bir dul aýa lyň hem ýekeje ogly ýesir düşýär. Ol aýal Buzlypolat bile Mag tymgula ýalbarýar: — Eger ogluma agramna-agram pul diýseler hem alyň! — diýýär. Magtymguly edermen