AÝRALYK (babama bagyşlap) Hemişe ynsanyñ ýaradylyşy, Dogulýarlar,ösýär,ulalýar olar. Ýazgydyna görä ýaşap durmuşda, Soñ Allañ ýanyna dolanýar olar. Siziñ ömrüñizem şeýle bolupdy, Kyn günlerem,şat günlerem görüpdiñ, Iki ogla hem-de alty gyzyña, Ýüregiñden öçmez mähir beripdiñ. Bu durmuşda zar etmäni hiç zada, Ösdürsiñiz sekiz sany perzendi. Siz perzentler üçin ajaýyp ata, Perzentler siz üçin
EZIZ OBAM WEKILGALA OBASY Töwerege bagtlylygy paýlaýar, Eziz obam-Wekilgala obasy, Munda her bir adam bagtly ýaşaýar, Eziz obam-Wekilgala obasy. Jüneýt hanyñ hökům süren mesgeni, Mydam toý dabara,bolmaz pes güni, Şatlyk bilen geçirýärler her güni, Eziz obam-Wekilgala obasy. Adamlary bardyr juda nurana, Misli Oguz han dek paýhasly dana, Ýigitler Görogly ýaly merdana, Eziz obam-Wekilgala obasy.
Dünni mamanyň ilkibada özüne çekýän zady, onuň hanalaryna çöküşen gözleridi. Gubarlaşyp et inen gözler ýitilik bile şoň ýaly-da açyk müňkürlik, ýigrenç alamatlary bilen bakýardy. Kalbyňa nähilidir gowşaklyk salýan wehim döredýän göreçler uzak wagtlap bir nokada dikilip durýardy. Iň soňunda-da gahar uçganaklary bilen agyp-dönýärdi, alarylýardy. Käwagt bolsa olaryň öňüni hiç-haçan ugruna
Garaldy gögüň ýüzi, Ýyldyzlar göz gypyşdy. Gündiz uklan arzuwlar, Ine, ýene tapyşdy. Ýürek köräp ugrady Ýar jemalyn küýseýip. (Wah, şu meniň söýgimem Öňem agyr güýze ýük.) Sanalgyja minutdan Bellenilen duşuşyk wagty bolar, Ýürekler karar tapar duşuşyp. Häzir men deý serwimem Aýna bakyp durandyr, Aýa bakyp durandyr. Äwmezek diwar sagat Için ýakyp durandyr. ...Kän garaşdym ýoluna, Gije daňa
KITAP - Awtoryň okyjy bilen gürleşmek üçin taýýar proza we şahyrana oýlap tapyşy. Kitaphon üçin kitapdaky özi bilmeýän isle taryhy bolsun, isle häzirki zaman dilindäki täzeligiň üstünden barsa "Tylla tapan tentek-deý" begenjegi şübhesiz. Golaýda, sosial ulgamlarda okyjylar bilen "Näme üçin kitap okaýaňyz" diýen sorag-jogap geçirildi. Alynan jogaplar dürli-dürli: "Köňül
GAÝA WE TIKEN Bir tikenek gaýanyň böwrüni böwsüp çykypdyr — Sen nähili ejiz geldiň tikenden, Ol seniň böwrüňi deşip çykypdyr? Sen şeýle berk, gaty, agramly juda, Ol seniň teýiňden niçik çykypdyr? — Dogrudan hem, bu — hakykat, Hakykat. Käteler berk zat hem döwülýän eken. Ýöne ol göwsümden gül bolup çykdy, Asyl tikene soň öwrülýän eken. Ah, meniň gözüm Bir daş bölejigi tötänden gözüme düşdi. Ah,
Laýyk 4 ýyl mundan öň hoşlaşmana gelipdiň. Uzakly gije gürrüň edip, wideo ýazgylary görüp ýatman daň atyrypdyk. Baý hezil bolupda. Seni ugratmana gelip bilmedigim üçin gaty görüp telefony öçürüpdüň ýüzüme. Näler barasym gelipdi welin... Ýat ýerlerde ýüregiň gysýandyr-da gaýta-gaýta jaň ederdiň, bir agyzam gürlemän gözüňi balkyldadyp dymar durardyň. Gaty gyýylardym şo halyňa. Soňa öwrenşibem
2 yyllap gidyan gulluga garaşarmyñ yarym maña. Ine gecip dur 2 gun 2 yyl .. oye gelmeli wagt yetdi .otludan dusyañ oñimde ejem dostum yanynda gelni . Bu gun soygilimem gelmelidi yone ol gaty eglendi ..nameka sebabi nameka. Adam pahyr gowy dusinen bolya sürpriz edeyin men barayyn yanyna diyip baryañ yone hop ol saña sürpriz edya . Gapyny acyañ sürpriz basga biri bilen yatyr yalaşyp . Soñ yanyña
“Elim ýazgyr bolsun, galamym – ötgür” diýip, ýazan goşgularmy aldym-da, Oda, ýele, suwa zyňyp goýberdim, Garaşýaryn, näme barka alnymda?! Birhaýukdan bir ses gelýär daşardan: “Ah-eý, ýüzi gurmuş, okumyş haýran!” Seretsem, aşakda gybatkeş goňşym, Elinde-de ýele niýetlän goşgym! “Üç çagasy bara meňzänok asyl, “Söýýän, köýýän” diýip, bu ýaşlardan soň...” Äpişgäni ýapdym, sem boldy sesi, Ynha, indi
Ezizim, ot ýakdym ýol ýakasynda, Gel, otur, Geçeli ojak başyna. Isleseň, Ikimiz söhbet açaly, Ýalyn ýalkym salsyn degre-daşyna. Her kimiň öz derdi, Öz hyýaly bar, Kim meýlise barýar, Kimseler işe. Emma ot başynda, Ojak daşynda Göwün posy açylýandyr hemişe. Aýby ýok, Käte sen böwrüňi diňläp, Oýa gidip otursaň-da sedasyz. Göreş tutup, Hüjüm edip, Hiç haçan Ýeňen ýokdur ýer ýüzünde pidasyz. Aýby